Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili bilen duşuşdy

view-icon 98

2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili Eduards Stiprais bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda türkmen-ýewropa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri, şeýle hem bar bolan mümkinçilikleri we taraplaryň özara bähbitlerini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga, hereket edýän ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki mehanizmleriň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, şeýle hem söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Şeýle hem taraplar ulag, energetika, daşky gurşawy goramak we hünärmenleri taýýarlamak ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine garadylar. Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy konstruktiw dialogyň we özara hormat goýmagyň esasynda yzygiderli ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmäge we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.