Ï Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy

view-icon 99

Hormatly jenap Başlyk!
Hormatly döwlet we Hökümet Baştutanlary!
Hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti, çuňňur hormatlanylýan Ilham Aliýewe şu günki sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi, bildirilen myhmansöýerlik hem-de netijeli işlemäge döredilen amatly şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!

Türkmenistan Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşine yklymda parahatçylygy, howpsuzlygy, özara ynanyşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen möhüm halkara meýdança hökmünde garaýar.

Biz Azerbaýjan Respublikasynyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşinde başlyklyk etmeginiň netijelerine ýokary baha berýäris. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjanyň bu formatyň başlygy hökmünde onuň maksatlaryna hem-de wezipelerine berk ygrarly bolmak bilen, hyzmatdaşlygy we özara ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmekde yzygiderlilik görkezendigini, şol bir wagtda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge işjeň ýardam berendigini aýratyn bellemek isleýärin.

Hormatly sammite gatnaşyjylar!

Şu günki sammit çuňňur geosyýasy we geoykdysady özgerişlikleriň döwründe geçýär. Häzirki zaman halkara ýagdaýlary we täze wehimler döwletlerden parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň, halkara gatnaşyklarda durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ylalaşykly tagallalary talap edýär. Şunda halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Şunuň bilen baglylykda, biz halkara durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary amala aşyrmak üçin zerur bolan halkara hukuk binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” we 2027 — 2037-nji ýyllary BMG-niň “Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy” diýip yglan etmek baradaky başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Halkara hukugyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň biziň dialogymyzyň çäklerinde, ilkinji nobatda, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, ynanyşmagy pugtalandyrmaga we özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Halkara jemgyýetçilik tarapyndan bu başlangyçlaryň goldanyljakdygyna ynam bildirýärin. Şeýle hem ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň mümkinçiliklerini has giň ulanmagy möhüm hasaplaýarys.

Syýasy şertler bilen birlikde, ykdysady baglanyşygy pugtalandyrmak, özara bähbitli söwdany giňeltmek we ygtybarly ulag-logistika zynjyrlaryny döretmek dünýäde howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Dünýä ykdysadyýetiniň üýtgäp durýan döwründe ulag ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, multimodal ýük daşamalaryny ösdürmek hem-de sebit hyzmatdaşlygyna bökdençlik döredýän infrastruktura we amaly päsgelçilikleri aradan aýyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin Durnukly ulagyň onýyllygy hakyndaky Kararnamasyny dowam etmek bilen, ýurdumyz ulag we logistika ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şolaryň hatarynda Merkezi we Günorta Aziýanyň Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykmagyny üpjün edýän yklymara ulag ugurlaryny döretmek hem-de Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny işläp taýýarlamak ýaly başlangyçlar bar.

Umuman, biz Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň has netijeli ulanylmagy, şeýle hem logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi ugrunda çykyş edýäris.

Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň çäklerinde ulag meseleleri boýunça ministrler derejesindäki dialogy ösdürmek maksadalaýyk bolardy diýip hasaplaýarys. Şeýle format milli tejribäni paýlaşmaga, bar bolan päsgelçilikleri ýüze çykarmaga hem-de ähli gyzyklanma bildirýän döwletleriň bähbidine amaly maslahatlary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer.

Sanlylaşdyrmak ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti hem barha artýar. Emeli aň we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalar ykdysadyýeti ösdürmek, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de diplomatik gurallary kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen birlikde, olaryň ulanylmagy halkara hukuga, ynanyşmak we ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan jogapkärçilikli çemeleşmäni talap edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edýär.

Howanyň üýtgemegi hem-de ekologiýa howpsuzlygy häzirki döwrüň çynlakaý wehimleri bolmagynda galýar. Türkmenistan bu ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Biz howanyň ählumumy üýtgeýän şertlerinde suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, tebigaty goraýan döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de milli ykdysadyýetleriň durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, biziň formatymyza gatnaşyjy döwletleriň tagallalaryny birleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýäris.

Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşant goşmak maksady bilen, Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak, çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmek, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak hem-de “ýaşyl” çözgütleri ilerletmek boýunça tejribe alyşmak we çemeleşmeleri ylalaşmak üçin köptaraplaýyn platformany — Aşgabat howa dialogyny döretmek başlangyjyny öňe sürýär.

Gyzyklanma bildirýän döwletleri hem-de halkara hyzmatdaşlary bu başlangyjy goldamaga çagyrýarys. Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň durnukly ekologiýa ösüşiniň bähbidine bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek hem-de netijeli çözgütleri ilerletmek üçin ähli mümkinçilikleriniň bardygyna ynanýarys.

Ynsanperwer ulgam biziň hyzmatdaşlygymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Geňeşe gatnaşyjy döwletleriň taryhy gatnaşyklary, baý medeni mirasy we köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däpleri özara düşünişmegi hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin berk binýat döredýär.

Türkmenistan Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň ýaşlar platformalarynyň çäklerinde akademiki alyşmalaryň giňeldilmegini we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini doly goldaýar.

Şunuň bilen baglylykda, parahatçylykly dialog medeniýetini gaýtadan dikeltmek işine ösüp gelýän nesli çekmegiň guraly hökmünde ýaşlar diplomatiýasyny düýpli ösdürmegiň zerurdygyna ynanýarys.

Ýurtlarymyzyň parahatçylyk, özara hormat goýmak we netijeli medeniýetara dialog taglymlaryny ilerledip biljek işjeň hem-de zehinli ýaşlaryndan ybarat Ynanyşmagyň ýaş ilçileriniň torunyň döredilmegi bu ugurda anyk ädim bolup bilerdi.

Hormatly sammite gatnaşyjylar!

Türkmenistan Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň alyp barýan işine uly ähmiýet berýär hem-de onuň maksatlaryny we ýörelgelerini yzygiderli goldaýar. Synçy döwlet hökmünde ýurdumyz Aziýada köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary hem-de teklipleri ilerletmäge mundan beýläk-de goşant goşmaga taýýardyr.

(Baku şäheri, 2026-njy ýylyň 15-nji oktýabry)