Ï Daşoguz welaýatynda şaly ýygymy başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynda şaly ýygymy başlandy

view-icon 58
Daşoguz welaýatynda şaly ýygymy başlandy

Daşoguz welaýatynda şaly hasylynyň ýygym işiniň depgini barha artýar. S. Türkmenbaşy etrabyndaky S.A. Nyýazow adyndaky we «27-nji oktýabr» daýhan birleşikleri sebitiň esasy şaly öndürijileridir. Hususy düzüme degişli bolan «Ykbal açary» hojalyk jemgyýeti hem şu ýyl 800 gektar ýerde şaly öndürmek işine barha işjeň gatnaşýar.

Guramaçylygyň ýokary derejesi we hasyl ýygymynyň öňýanynda amala aşyrylan yhlasly taýýarlyk netijesinde, bu möhüm möwsümiň eýýäm ilkinji günlerinde 600 gektardan gowrak ýerden hasyl ýygnaldy. Hasyl ýygymynda köp sanly ýokary öndürijilikli döwrebap kombaýnlar we däne daşamak üçin ýeterlik enjamlar netijeli ulanylýar.

Häzirki hasyl ýerli howa we toprak şertlerinde owal özüni görkezen «Nöküs-2» şaly görnüşinden alynýar. Ol ýokary hasyllylygy, kesellere çydamlylygy, şeýle hem, ýatmazlyk we döwülmezlik häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Ajap tagamlylygy sebäpli, ol sarp edijileriň arasynda iň köp isleg bildirilýän görnüşleriň biridir.

Daşoguz welaýaty ýurdumyzda iň iri tüwi öndürijileriň biridir. Döwlet tarapyndan döredilen şertler saýasynda, sebitde tüwi ösdürip ýetişdirmek we gaýtadan işlemek üçin doly önümçilik zynjyry ýola goýlupdyr. S. Türkmenbaşy etrabyndaky däne ammarlarynyň golaýynda ýokary tehnologiýaly tüwi arassalaýjy desga gurlupdyr.

Sebitiň daýhanlary hasyl möwsüminde laýyk möhletde azyndan 35 müň tonna tüwi ýygnamagy maksat edinýärler.