Ï Aşgabatda türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bagyşlanan işewürlik maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bagyşlanan işewürlik maslahaty geçirildi

view-icon 109
Aşgabatda türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bagyşlanan işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabatda Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan çäre geçirildi. Duşuşyk Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guraldy.

Gepleşikleriň esasy maksady ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny giňeltmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekden ybarat boldy. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Azat Nazarow, Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu, hindi diasporasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem dag-magdan we derman senagaty, oba hojalygy, ulag, bank işi we gurluşyk ulgamlarynda zähmet çekýän öňdebaryjy hindi kompaniýalarynyň 30-dan gowrak ýolbaşçylarydyr dolandyryjylary gatnaşdylar.

Ilçi Bandaru Wilsonbabu öz çykyşynda türkmen bazarynyň hindi maýadarlary üçin özüne çekijiligini aýratyn nygtady. Diplomat soňky on iki ýylyň dowamynda amala aşyrylan giň gerimli ykdysady özgertmeleriň netijesinde Hindistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň takmynan 7,5 göterime ýetýändigini, ýurduň dünýäde ykdysady taýdan iň çalt ösýän döwletleriň biridigini we ýakyn geljekde dünýäniň iri ykdysadyýetleriniň sanawynda üçünji orna çykmagy maksat edinýändigini belledi.

– Hindistan Türkmenistana dostlukly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar. Ýurtlarymyzy çuňňur taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Hindistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde täze belentliklere ýetjekdigine ynanýaryn –diýip, diplomat belledi.

Öz gezeginde, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Azat Nazarow özara söwdanyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň we täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Işewürlik gatnaşyklaryny utgaşdyrmagyň we işjeňleşdirmegiň esasy gurallarynyň biri hökmünde söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hindi hökümetara toparynyň alyp barýan işiniň ähmiýeti bellenildi.

Geçirilen maslahat iki ýurduň işewür toparlarynyň uzak möhletleýin, durnukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir gezek tassyklady.