Ï Türkmen türgenleri Ýaponiýada geçiriljek 2026-njy ýylyň Aziýa Para oýunlarynda çykyş ederler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgenleri Ýaponiýada geçiriljek 2026-njy ýylyň Aziýa Para oýunlarynda çykyş ederler

view-icon 65
Türkmen türgenleri Ýaponiýada geçiriljek 2026-njy ýylyň Aziýa Para oýunlarynda çykyş ederler
Türkmen türgenleri Ýaponiýada geçiriljek 2026-njy ýylyň Aziýa Para oýunlarynda çykyş ederler
Türkmen türgenleri Ýaponiýada geçiriljek 2026-njy ýylyň Aziýa Para oýunlarynda çykyş ederler
Türkmen türgenleri Ýaponiýada geçiriljek 2026-njy ýylyň Aziýa Para oýunlarynda çykyş ederler

2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 18-24-i aralygynda Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň paýtagty Nagoýada V Aziýa Para oýunlary geçiriler. Bu uly möçberli sport çäresiniň açylyş dabarasy ýekşenbe güni «Paloma Mizuho» stadionynda bolar.

Bu köpugurly sport ýaryşlary 2010-njy ýyldan bäri her dört ýyldan bir gezek yklymyň iň gowy mümkinçiligi çäkli türgenlerini bir ýere jemleýär. Resmi taýdan «Aýti-Nagoýa 2026» diýlip atlandyrylýan häzirki toplumlaýyn bäsleşik 2022-nji ýylda bolmaly oýunlar «COVID-19» pandemiýasy zerarly 2023-nji ýyla geçirilenden soň, adaty dört ýyllyk düzgünine gaýdyp gelýär. Aziýa Para oýunlaryny geçirýän ilkinji ýapon şäheri Nagoýa bolar.

Olaryň resmi nyşany Aziýa oýunlarynyň baş harplary bilen sazlaşykly utgaşýar, ýöne oýunlaryň alawynyň reňklerinde we Ýaponiýanyň baýdagynyň elementlerinde beýan edilen özüne mahsus özboluşlylyga eýedir.

«Bir ýüregi göz öňüne getiriň» diýen şygar bäsleşigiň many merkezi boldy. Ol para sportunyň maýyplygyna garamazdan, adamlaryň arasyndaky päsgelçilikleri ýeňip geçmäge bolan ymtylyşyny alamatlandyrýar we biziň hemmämizi birleşdirýän umumylygy ýatladýar.

Aziýa Para oýunlarynyň umytlaryny we duýgularyny «Uzumin» atly tumar özünde jemleýär. Onuň ady ýapon dilindäki «Uzu» (suw girdaby) we «Izumi» (bahar, çeşme) sözlerinden gelip çykýar. Tumaryň simwolikasy türgenleriň hyjuwynyň Aýti-Nagoýada güýçli suw girdabyna öwrüljekdigine we şol ýerde ak ýürekden dörän duýgularyň arassa çeşme ýaly tutuş Aziýa ýaýrajakdygyna bolan ynamy beýan edýär.

Umuman alanymyzda, bu yklym sport çäresi 45 ýurda degişli bolan çäkli mümkinçilikli müňlerçe türgeni bir ýere ýygnar we olar sportuň 18 görnüşi (19 ugur) boýunça 489 medal ugrunda bäsleşerler.

Biziň ýurdumyzda sporty ösdürmek we mümkinçiligi çäkli türgenleri goldamak boýunça döwlet tarapyndan uly alada edilýär. Türkmenistan taryhda indi bäşinji gezek Aziýa Para oýunlaryna wekil iberýär. Bu gezek Ýaponiýada geçiriljek bu ýaryşlarda ýurdumyzyň adyndan üç sany agyr atletikaçy çykyş eder: Sergeý Meladze, Maýagözel Ekäýewa we Işkuwwat Çaryýew.

Türkmen toparynyň özenini halkara derejesinde birnäçe gezek ussatlygyny subut eden tejribeli türgenler düzýär:

• Sergeý Meladze (46 ýaş) – erkekleriň arasynda 72 kg çenli agram toparynda çykyş eder. Sergeý Aziýa Para oýunlarynyň bir kümüş we iki gezek bürünç medalçysy. Ol 2010-njy ýylda Hytaýyň Guançžou şäherinde 67,5 kg çenli agram toparynda bürünç medal, 2014-nji ýylda Günorta Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde 72 kg çenli agram toparynda kümüş medal, 2018-nji ýylda bolsa Indoneziýanyň Jakarta şäherinde 72 kg çenli agram toparynda ýene-de bürünç medal gazandy. 2012-nji ýylda Londonda geçen Para oýnunda S. Meladze 180 kg netije görkezmek bilen, 67,5 kg çenli agram toparynda altynjy orny eýeledi.

• Maýagözel Ekäýewa (40 ýaş) zenanlaryň arasynda 86 kg çenli agram toparynda çykyş edýän halkara sport ussady. Ol 2010 we 2014-nji ýyllarda geçirilen Aziýa Para oýunlarynda bürünç medallary, şeýle hem 2023-nji ýylda Dubaýda geçen dünýä çempionatynda bäşinji orny eýeledi. Maýagozel Para oýnunda köp tejribe gazandy: ol 2008-nji ýylda Pekinde 7-nji orny (56 kg çenli toparda 82,5 kg), 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda 5-nji orny (73 kg çenli toparda 105 kg) we 2024-nji ýylda Parižde 86 kg çenli toparda 112 kg netije görkezmek bilen, dünýäniň iň gowy 10 türgeniniň arasynda 6-njy orny eýeledi.

• Işkuwwat Çaryýew (32 ýaş) sekiz türgeniň gatnaşjak 107 kg çenli agram toparynda medallar ugrunda bäsleşer.

Häzirki güne çenli türkmen türgenleri Aziýa Para oýunlarynda 6 medal gazandylar – 2 kümüş we 4 bürünç. Bu ýaryşlaryň hormat münberine türkmenistanly türgenler soňky gezek 2018-nji ýylda Jakartada Sergeý Meladze 72 kg çenli agram toparynda bürünç medal gazananda çykdylar.

Ýygyndy toparyň ýolbaşçylarynyň baý tejribesi we toparyň maksada okgunlylygy türkmen janköýerlerine Nagoýada üstünlikli çykyşa we täze sport baýraklaryna umyt etmäge ähli esasy berýär.