Ï Türkmenistanda milli pulumyzyň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygy dabaraly belleniler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda milli pulumyzyň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygy dabaraly belleniler

view-icon 85
Türkmenistanda milli  pulumyzyň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygy dabaraly belleniler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirip, onuň dowamynda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H. Geldimyradow milli pulumyzyň — manadyň dolanyşyga girizilmegi mynasybetli geçiriljek çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygyna gabatlanyp «Milli manat — täze taryhy döwrüň bedew batly ösüşleriniň binýady» atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça başlangyçlaryny we bank ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini giňden beýan etmek, bu ulgamda gazanylýan üstünlikler bilen tanyşdyrmak, şeýle hem halkara maliýe guramalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere milli pulumyzyň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegi we guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.