Ï Türkmenistan Şanhaýda geçiriljek «China International Import Expo» sergisinde milli pawilýon bilen çykyş eder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Şanhaýda geçiriljek «China International Import Expo» sergisinde milli pawilýon bilen çykyş eder

view-icon 78
Türkmenistan Şanhaýda geçiriljek «China International Import Expo» sergisinde milli pawilýon bilen çykyş eder

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi we onda döwlet durmuşynyň köp sanly meselelerine garaldy.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N. Atagulyýew şu ýylyň noýabr aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçiriljek «Hytaý halkara import EXPO» sergisine Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Hytaý halkara import EXPO» sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýurdumyzda öndürilip, dünýä bazarlaryna çykarylýan giň görnüşli harytlar, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri, şeýle hem halkymyzyň milli medeni mirasy bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, halkara serginiň çäklerinde türkmen-hytaý işewürlik forumyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümleri halkara sergilere çykarmak we giňden tanyşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek «Hytaý halkara import EXPO» sergisine ýurdumyzyň milli pawilýony bilen ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.