Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşygy

view-icon 42
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Samarkant şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça taraplaryň tagallalaryna oňyn baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Waşingtonda geçirilen «C5+1» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň Sammitiniň bilelikdäki tagallalary berkitmekde möhüm tapgyr bolandygy bellenildi.

Özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyna täze itergi bermäge gönükdirilen öňde boljak möhüm duşuşyklaryň we syýasy geňeşmeleriň tertibini kesgitlediler.

Gepleşiklere ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Ilçi Serjio Gor hem gatnaşdy.