Ï Türkmenistan – halkara maýadarlar üçin ygtybarly hyzmatdaş
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – halkara maýadarlar üçin ygtybarly hyzmatdaş

view-icon 104
Türkmenistan – halkara maýadarlar üçin ygtybarly hyzmatdaş

Türkmenistanyň paýtagtynda her ýyl geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT-2026) atly halkara maslahaty we sergisi öz işini dowam etdirýär. Bu forum ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny görkezmek, göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, dünýä tejribesini alyşmak we täze maýa goýum taslamalaryna badalga bermek üçin däp bolan abraýly meýdança bolup çykyş edýär.

Foruma gatnaşyjylaryň öňünde esasy nutuk bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary we öňdengörüjilikli ýörelgeleri esasynda kemala gelen ýurdumyzyň energetika syýasatynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Bu bolsa Türkmenistanyň dünýä energetika ulgamyna yzygiderli goşulyşmagy üçin amatly şertleri döredýär.

– Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan häzirki wagtda dünýä bazarlaryna mawy ýangyjy ibermekde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Munuň üçin çig mal binýadyny ýurdumyzyň gaz gorlary, aýratyn-da, tapgyrlaýyn özleşdirilmegi uzak ýyllaryň dowamynda üznüksiz gaz üpjünçiligini kepillendirýän ägirt uly «Galkynyş» gaz ýatagy düzýär – diýip, wise-premýer belledi.

Ýurdumyzyň amatly geografik ýerleşişiniň eksport üpjünçilik ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berýändigi, munuň bolsa tutuş sebitiň ykdysady durnuklylygyna we durnukly ösüşine gönüden-göni ýardam berýändigi nygtaldy. Dünýä energetika ulgamynyň özgerýän şertlerinde Türkmenistanyň ýataklary özleşdirmek we döwrebap infrastruktura döretmek boýunça halkara hyzmatdaşlaryň tekliplerine garamaga açykdygy bellenildi.

– Ýurdumyzda energetika strategiýasynyň esasy ugurlary durnuklylyk, ygtybarlylyk, ykdysady netijelilik we ekologiýa howpsuzlygy bolup galýar. Şu gezekki forumyň «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» diýen şygary Türkmenistanyň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we iri möçberli taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge taýýardygyny doly şöhlelendirýär – diýip, G. Agajanow belledi.