Ï Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna

view-icon 127

Eziz watandaşlar!
Hormatly itşynaslar!

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda milli buýsanjymyz we gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlarynyň hormatyna dabaraly bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmen alabaýy dünýäniň iň gadymy itleriniň biridir, merdana halkymyzyň göz guwanjydyr, genji-hazynasydyr we milli mirasydyr. Akyllylygy, batyrlygy, duýgurlygy bilen tapawutlanýan türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, itşynaslyk sungatyny yzygiderli ösdürmekde we kämilleşdirmekde ýurdumyzda köp işler alnyp barylýar. Şoňa görä-de, eýesine wepadar, örän hüşgär, batyr hem-de gaýduwsyz alabaýlarymyzyň dünýädäki şan-şöhraty barha artýar.

Hormatly itşynaslar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli itşynaslyk sungatymyzy kämilleşdirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda itçilik pudagyny ösdürmek maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Bu bolsa dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyň gerimini has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem uly işler alnyp barylýar. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumy türkmen alabaýlarynyň halkara bäsleşiklerini geçirmek üçin zerur şertler bilen üpjün edildi. Ähli welaýatlarymyzda we Aşgabat şäherinde türkmen alabaýlarynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän merkezleri guruldy. Şol merkezlerde itşynaslarymyza döwrüň talaplaryna laýyklykda iş alyp barmak üçin ähli zerur şertler döredildi.

Diýarymyzda her ýyl Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dürli bäsleşikler guralýar. «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna mynasyp bolmak ugrunda geçirilýän bäsleşige itşynaslarymyzyň ösdürip ýetişdirýän alabaýlary gatnaşdyrylýar we gözden geçirilýär. Bu bolsa ajaýyp gylykly alabaýlarymyzy synlamaga döredilen uly mümkinçilikdir.

Türkmen itşynaslary tarapyndan milli buýsanjymyz bolan alabaýlarymyzyň tohum arassalygyny gorap saklamak, baş sanyny artdyrmak boýunça köp işler alnyp barylýar. Biz geljekde hem itçilik pudagyny ösdürmäge, bu ugurda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, tejribe alyşmaga hem-de itşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns bereris.

2025-nji ýylyň dekabrynda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisinde türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däplerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek barada taryhy çözgüt kabul edildi. Bu waka türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli gymmatlyklarynyň, baý medeni mirasynyň we gadymy itşynaslyk däpleriniň halkara derejede ykrar edilmeginiň aýdyň nyşany boldy. Munuň özi türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamakda hem-de gadymy däplerimizi geljekki nesillere ýetirmekde hem möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly itşynaslar!

Ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, tohum arassalygy saklanyp gelnen, adamzat gymmatlygyna öwrülen alabaýlarymyz Ýer ýüzündäki tohum itleriň iň naýbaşylarynyň biridir. Halk seçgiçiligi esasynda döredilip, uzak ýyllaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen türkmen alabaýlary halkymyzyň köňül guwanjydyr.

Ynsan bilen türkmen alabaýynyň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklary nusgawy eserlerimizde hem aýdyň beýanyny tapýar. Pederlerimiz ajaýyp alabaý itlerimizde gaýratlylygyň, batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň, wepadarlygyň ajaýyp nyşanlaryny görüpdirler. Türkmen alabaýlary gadymy topragymyzyň gudratydyr, mukaddes türkmen ojagynyň ýaraşygydyr we goragçysydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli buýsanjymyzdyr.

Eziz watandaşlar!
Hormatly itşynaslar!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda şan-şöhraty dünýä dolan edermen alabaýlarymyzyň şanyna uly dabara bilen bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, türkmen itşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.