Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy

view-icon 73
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň sazlaşygyndan binýat bolan Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurluşygy dowam edýän desgalaryň şekil taslamalary, binalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasy bilen gurlup ulanmaga berlen täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyry batly depginlerde dowam edýär. Bu ýerde medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalaryň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşyklary häzirki zamanyň talaplaryna we binagärligiň ýokary görkezijilerine laýyk derejede dowam etdirilýär.

...Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny özünde jemleýän hem-de «akylly» şäher konsepsiýasynyň talaplarynyň doly ýerine ýetirilmeginde bina edilen Arkadag şäherine geldi.

Täze şäheriň keşbinde türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli binagärlik ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Munuň özi ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynda milli ülňüler bilen döwrebaplygyň utgaşdyrylyp amala aşyrylýandygyny görkezýär. Şunda şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, bagtyýar maşgalalaryň ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelmekleri bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň we beýleki binalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýan gurluşyk işleri we taýýarlanylan şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat berdi.

Bu ýerde görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda 30 müň adama niýetlenen «Arkadagyň ruhy metjidiniň» ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, onuň çäklerinde guruljak desgalaryň görnüşleri, täze şäheriň seýilgähiniň çäginde goýulmagy meýilleşdirilýän dürli şekiller, Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda oturdylmagy göz öňünde tutulýan bedew heýkelleriniň görnüşleri we ýol-ulag düzümine degişli taslamalar bar.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, metjidiň ýanaşyk ýerleriniň çyzgylary bilen tanşyp, onuň çäginde guruljak bassyrmalaryň şekil aýratynlyklaryna birnäçe belliklerini aýtdy. Çünki bu künjegiň, aýratyn-da, täze metjidiň binasynyň özboluşly aýratynlyklary bilen bitewi sazlaşygyň döremegine möhüm ähmiýet berlip, ol Arkadag şäheriniň umumy keşbiniň binagärlik sazlaşygynda öz beýanyny tapmalydyr.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň seýilgähiniň taslamasyny, onuň çäginde ýerleşdiriljek şekilleriň we serişdeleriň görnüşlerini synlap, olara birnäçe düzedişleri girizdi. Seýilgähde adamlaryň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri we amatly dynç alşyň hözirini görmekleri üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Şunda seýilgähiň ekologiýa ýagdaýyny ünsden düşürmeli däldir.

Gahryman Arkadagymyz şekil taslamalary bilen tanyşlygyň dowamynda Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda oturdyljak bedew heýkellerini synlady. Şaýoluň esasy bezegleriniň birine öwrüljek heýkelleriň görnüşlerine, olaryň reňk aýratynlyklaryna zerur üns berilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda örän oýlanyşykly çemeleşilmelidigini we bedew heýkelleri taýýarlanylanda milli atşynaslyk tejribelerinden ugur alynmalydygyny aýtdy hem-de bu babatda öwüt-nesihatlaryny berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklarynyň depginleri, bu işleriň häzirki döwürde ýeten derejesi barada giňişleýin maglumat berdi.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde gurulýan binalaryň we desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny belläp, bu işlere taslamaçylaryň, gurluşykçylaryň we şäher ýolbaşçylarynyň örän jogapkärçilikli çemeleşmekleriniň möhümdigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylmalydyr.

Gahryman Arkadagymyz täze şäherde bina edilýän önümçilik maksatly toplumlaryň gurluşyklarynda bolşy ýaly, ýol-ulag düzümine degişli desgalarda hem häzirki zamanyň täzeçil usullaryndan we ösen tehnologiýalardan netijeli peýdalanylmalydygyny belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk ýagdaýy, hil derejesi hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy möhümdir.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa, ilki bilen, döwlet Baştutanymyzyň çözgüdine laýyklykda, bag nahallaryny we dürli gülleri ekmek boýunça tejribe alyşmak maksady bilen, Niderlandlar Patyşalygyna sapar bilen gitmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem ol güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk işleri, bag nahallarynyň ekiljek ýerleriniň çyzgylary, şol bir wagtyň özünde ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýuna taýýarlyk işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, açylan döwründen bäri Arkadag şäherinde jemi 50 müň düýp bag ekildi. Şu ýylyň ýazky möwsüminde 5 müň düýp bagyň ekilendigini aýdyp, häkim güýzki möwsümde hem 5 müň düýp bag ekmegiň meýilleşdirilendigi barada habar berdi. Ýeri gelende belläp geçsek, geçen ýylyň özünde ýurt boýunça 3 milliondan gowrak agaç nahaly ekildi. Munuň özi ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan waka öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyz dürli görnüşli baglary we gülleri ösdürip ýetişdirmekde Niderlandlar Patyşalygynyň baý tejribe toplan ýurt hökmünde ykrar edilendigini belläp, saparyň dowamynda Arkadag şäherinde toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bag nahallaryny we dürli reňkdäki gülleri ekmek boýunça gepleşikleriň geçirilmelidigini aýtdy. Toplanan tejribäniň Arkadag we Aşgabat şäherlerinde utgaşykly alnyp barylmagynyň zerurdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz özüniň degerli maslahatlaryny berdi.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyz boýunça geçirilýän Hasyl toýunda Arkadag şäheriniň mynasyp wekilçilik etmegi bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini belledi. Munuň özi Arkadag şäheriniň nusgalyk şäher hökmündäki derejesiniň pugtalandyrylmagynda ähmiýetli bolar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belläp, iş maslahatyny jemledi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň binagärlik keşbiniň baş bezegine öwrülýän metjidiň gurluşyk işlerini, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synlady. Häzirki döwürde bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk we bezeg işleri kesgitlenen meýilnama laýyklykda, batly depginlerde dowam edýär.

Şol bir wagtyň özünde Arkadagyň ruhy metjidiniň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň berkligine, göze gelüwliligine möhüm ähmiýet berilýär. Aýratyn-da, metjidiň yşyklandyryş ulgamynda ulanylýan serişdeler hil taýdan häzirki zamanyň talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýär. Munuň özi sogap işleriň we ýagşy dessurlaryň berjaý edilýän mukaddes ýerinde ýagtylygyň derejesiniň döwrebap bolmagyny üpjün eder.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki döwürde Arkadagyň ruhy metjidiniň yşyklandyryş ulgamy işe girizilýär. Binalar toplumynyň älemgoşar öwüşginli yşyklardan döreýän şekilleri häzirki zamanyň täzeçil ýörelgelerini özünde jemleýän Arkadag şäheriniň agşamky görnüşleriniň gözelligini artdyrýar.

Al-ýaşyl öwüsýän yşyklaryň özboluşly görnüşleri ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen binýat bolan täze şäheriň ähli desgalarynyň gurluşygyna we olaryň bezeg işlerine hem-de yşyklandyryş ulgamyna aýratyn üns berilýändigini görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerden täze şäheriň çäklerinde gurulýan kottejler toplumynyň ýerleşýän ýerine geldi. Toplumyň çäginde lagym ulgamlarynyň, agyz suwuny geçirijileriň we beýleki hyzmatlaryň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň bökdençsiz hereketiniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy we bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz, kottejleriň ýanaşyk ýerlerinde bolşy ýaly, olaryň howlularynda hem bagy-bossanlygyň döredilmelidigini belläp, täze jaýlaryň birine girip gördi.

Kottejleriň enjamlaşdyrylyşy, onuň otaglarynyň üpjünçiligi häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýär. Aýratyn-da, jaýlaryň otaglarynda ýerleşdirilen mebeller we yşyklandyryş ulgamy halkymyzyň islegleri esasynda taýýarlanyldy. Soňra Gahryman Arkadagymyz jaýyň aşhanasy bilen tanyşdy. Bu ýerde ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmek we onuň öňüni almak boýunça degişli gulluga dessin habar berýän sanly ulgamyň aýratynlyklary ornaşdyrylypdyr. Bu bolsa «akylly» öýleriň özboluşly mümkinçilikleri bolup durýar. Munuň özi bu jaýlara göçüp gelýän maşgalalaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň netijesidir.

Gahryman Arkadagymyz kottej jaýyň ikinji gatyna galyp, onuň howlusyny synlady hem-de howlynyň bagy-bossanlyga bürenmeginiň bu künjegiň ekologiýa ýagdaýynyň ýokary bolmagynda we maşgala agzalarynyň oňaýly dynç alşynda ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk boýunça geçirýän iş maslahatlarynda ýaşaýyş jaýlarynyň we edara binalarynyň ýyladyş ulgamynyň kadaly işlemegi, olaryň talabalaýyk gyzdyrylmagy babatda berýän tabşyryklaryna laýyklykda, bu ugra aýratyn üns berilýär. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulýan desgalarda hem ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işleýşi döwrebap enjamlar arkaly berkidilendir. Gahryman Arkadagymyz bu babatda özüniň köpýyllyk tejribesine esaslanyp, birnäçe maslahatlaryny berdi we täze şäheriň çäginde gurulýan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birine bardy.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýaşaýyş jaýynyň bezeginde ulanylýan serişdeleriň we mermerleriň görnüşlerini synlady. Bellenilişi ýaly, bu mermerler ýokary hil derejesine laýyk gelýändigi we berkligi bilen tapawutlanýar. Munuň özi jaýlaryň bezegleriniň uzak möhletleýin häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär.

Köp gatly ýaşaýyş jaýynyň öýlerinde ýaşamak we ýokary derejede dynç almak üçin ähli amatlyklar üpjün edilipdir. «Akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda bina edilen ýaşaýyş jaýynda ähli enjamlar sanly tehnologiýalar arkaly dolandyrylýar. Bu bolsa zähmetsöýer halkymyzyň häzirki zamanyň ýokary derejeli şertlerinden we döwrebap eşretlerden peýdalanmaklary ugrunda edilýän aladanyň aýdyň netijesidir.

Gahryman Arkadagymyz bu işleriň «Döwlet adam üçindir!» hem-de «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen asylly şygarlary baş ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen tagallalaryň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan işleriniň halkymyzyň bähbidine gönükdirilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz eşretli durmuşyň nesillerimiz arkaly dowamat-dowam bolýandygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ýerden ugrap, ýolugra täze şäheriň awtomenziliniň gurluşygynyň dowam edýän ýerinde saklandy. Bu ýerde şäheriň täze seýilgähiniň gurluşygy-da alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyz gurluşyklary synlap, täze şäherde ýokary ekologiýa ýagdaýynyň saklanmalydygyny, seýilgähiň çäklerinde dürli oturgyçlaryň, amatly bassyrmalaryň ýerleşdirilmelidigini, şol bir wagtyň özünde-de dürli bag nahallarynyň we köp öwüşginli gülleriň ekilmelidigini belledi.

Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde wideogözegçiligiň yzygiderli ýola goýulmagynyň zerurdygyny nygtap, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň şäheriň ähli künjeginde tertip-düzgüniň saklanmagynda we bar bolan kemçilikleriň ýüze çykarylmagynda ähmiýetli boljakdygyny aýtdy. Munuň özi şäher ilatynyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrundaky aladanyň aýdyň netijesidir.

Bu ýerde adamlaryň, maşgalalaryň göwnejaý dynç almaklaryny üpjün edýän ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz şeýle işlere örän jogapkärçilikli hem-de häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.