Ï Amerikan bilermeni Aşgabatda muzeý mirasyny sanlylaşdyrmak boýunça okuw maslahatlaryny geçirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Amerikan bilermeni Aşgabatda muzeý mirasyny sanlylaşdyrmak boýunça okuw maslahatlaryny geçirýär

view-icon 117
Amerikan bilermeni Aşgabatda muzeý mirasyny sanlylaşdyrmak boýunça okuw maslahatlaryny geçirýär

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde ABŞ-nyň Wirjiniýa uniwersitetiniň wekili, doktor Daniel Waýs Aşgabat şäherindäki muzeýlere baryp gördi.

Sapary ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň hemaýat bermeginde we «World Learning» guramasy tarapyndan dolandyrylýan, amerikan hünärmenlerini daşary ýurtlardaky edaralara çekmäge gönükdirilen «Fulbright Specialist Program» halkara alyş-çalyş maksatnamasy boýunça guraldy. Saparyň dowamynda amerikan hünärmeni Türkmenistanyň muzeýleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri üçin birnäçe umumy sapaklary we okuw maslahatlary geçirýär. Olaryň maksady tejribe alyşmakdan, medeni mirasy sanlylaşdyrmagyň we sanly resminamalaşdyrmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde amerikan hünärmeni täsin taryhy we arheologik gymmatlyklar bilen tanyşdy. Daniel Waýs gören zatlaryna ýokary baha berip, görkezilýän artefaktlaryň uly ylmy gyzyklanma döredýändigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, muzeý ekspozisiýalarynda kartalaryň, şekillendiriş serişdeleriniň we goşmaça maglumatlaryň ýerlikli hem-de hünär derejesinde ulanylmagy olaryň ylmy ähmiýetini ep-esli ýokarlandyrýar.

Muzeý işgärleri we ýurdumyzyň degişli edaralarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda bilermen «Maglumat we sanlylaşdyrma» atly tema boýunça umumy sapak bilen çykyş edip, nazary maglumatlary öz tejribesinden alnan mysallar bilen baýlaşdyrdy. Çäre işjeň pikir alyşmalar bilen dowam etdi. Oňa gatnaşyjylar alym bilen restawrasiýa işlerinde sanly ulgamlary ulanmagyň häzirki zaman meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle okuw maslahaty Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde hem geçirildi. Duşuşykda muzeý işini döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we muzeý gaznalaryny elektron görnüşe geçirmek meselelerine garaldy.

Ýygnananlaryň öňünde çykyş eden doktor Daniel Waýs häzirki döwürde muzeý gymmatlyklaryny sanlylaşdyrmagyň strategik ähmiýetini nygtady. Bilermen bu işiň diňe bir medeni mirasy geljekki nesiller üçin gorap saklamakda däl, eýsem ygtybarly taryhy maglumat çeşmesi hökmünde hem möhüm orun eýeleýändigini belledi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar ABŞ-da we Türkmenistanda muzeý iş tejribesine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşdylar.