Ï Döwrebap tehnikalar işleriň netijeliligini artdyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwrebap tehnikalar işleriň netijeliligini artdyrýar

view-icon 103
Döwrebap tehnikalar işleriň netijeliligini artdyrýar

Soňky ýyllarda Daşoguz şäheriniň çägini abadanlaşdyrmaga uly üns berilýär. Ýaşaýyş üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen çäreleriň toplumy yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şäheriň has-da bagy-bossanlyga öwrülmegine, dürli ýerlerde kiçi heýkeltaraşlyk toplumlarynyň döredilmegine, şeýle hem çagalar we sport meýdançalarynyň hem-de awtomobil ýollarynyň abadanlaşdyrylmagyna we beýleki işlere aýratyn üns berilýär.

Jemagat hojalygy tehnikalarynyň parkynyň ep-esli giňeldilmegi meýilleşdirilen çäreleri üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa diňe bir şäheriň daşky görnüşini gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň ekologiýa ýagdaýynyň hem gowulanmagyna ýardam edýär.

Şu ýylyň başynda jemagat hojalygy gulluklarynyň ygtyýaryna gelip gowşan ýöriteleşdirilen tehnikalaryň täze tapgyry hem Daşoguz şäheriniň çägini abadanlaşdyrmaga uly goşant goşýar. Ýol germewlerini we päsgelçiliklerini ýuwmak üçin niýetlenen köpugurly enjamlar, süpüriji-ýuwujy ulaglar, suw daşaýjy ulaglar, zibil daşaýjy awtoulaglar we beýleki ýöriteleşdirilen ulaglar gelip gowşan ilkinji günlerinden başlap, öz maksatlaryna laýyklykda üstünlikli ulanylýar.

Täze tehnikalar welaýatyň dolandyryş merkeziniň çäginiň arassa saklanmagyna, durmuş galyndylarynyň öz wagtynda daşalmagyna we inženerçilik-jemagat desgalarynyň ygtybarly hyzmat edilmegine ýardam berýär. Bu tehnikalaryň ygtybarlylygy olary şäheriň dürli etraplarynda, şeýle hem seýilgäh we bagçylyk hojalygynda netijeli ulanmaga mümkinçilik döredýär.