Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy

view-icon 97

Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna bardy. Şu gün saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşdy.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumyna bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mähirli garşylady we bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Sammite gatnaşýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ählisiniň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammiti geçirildi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sammite gatnaşýan döwlet Baştutanlaryny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Türkiýä gelendikleri üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de şu günki duşuşygyň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigini nygtady.

Şeýle hem Prezident Rejep Taýyp Ärdogan öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň işine goşýan goşandyna ýokary baha berdi.

Türkiýäniň Prezidenti “Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Serdar Berdimuhamedowa söz berýärin” diýip, döwlet Baştutanymyza çykyş etmek üçin söz berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitine gatnaşmaga çakylyk, şeýle hem türkmen wekiliýetine görkezilen mähirli myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutanlaryna iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu günki duşuşygyň Türkiýe Respublikasynyň milli baýramy bolan Respublika güni bilen gabat gelmeginiň aýratyn many-mazmunyny belläp, bu şanly baýram mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany we ähli doganlyk türk halkyny tüýs ýürekden gutlady hem-de Türkiýe Respublikasyna mundan beýläk-de gülläp ösüş, abadançylyk we täze üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistan türki dünýäniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şol sebäpli, biz Türki Döwletleriň Guramasyny doganlyk döwletleriň arasynda özara ynamy berkitmegiň, netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň we amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm guramasy hökmünde görýäris. Onuň işiniň netijeli bolmagy, ilkinji nobatda, halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen anyk başlangyçlaryň we özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Türki döwletler giň ykdysady mümkinçiliklere eýedir. Olary netijeli peýdalanmak üçin energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, gurluşyk, dokma, çig maly gaýtadan işlemek we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek zerur bolup durýar. Şol bir wagtda, özara maýa goýumlary höweslendirmek, telekeçileriň arasynda gatnaşyklary giňeltmek we bilelikdäki önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de amatly şertleriň döredilmegini maksadalaýyk hasaplaýarys.

Ykdysady ösüşi üpjün etmekde we sebitara gatnaşyklary giňeltmekde ulag-aragatnaşyk ulgamy strategik ähmiýete eýedir. Ýurtlarymyzyň amatly geografik ýerleşişi Merkezi Aziýany, Hazar sebitini, Günorta Kawkazy, Gara deňiz sebitini, Türkiýäni we Ýewropany birleşdirýän ulag geçelgelerini ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bu mümkinçilikleri netijeli ulanmak maksady bilen, Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagy möhüm hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we munuň üçin ýurdumyzyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasyny gönükdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň, halkara ýük daşamalaryň şertlerini has-da kämilleşdirmegiň, gümrük amallaryny yzygiderli ýeňilleşdirmegiň, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, üstaşyr geçelgeleriň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, logistika amallaryny utgaşdyrmak we ýükleriň geçirilmegi üçin amatly şertleri döretmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, ýene-de bir wajyp mesele daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak bolup durýar. Türkmenistan bu wezipä döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Ýurdumyz ekologik abadançylygy üpjün etmäge, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini azaltmaga, ekologik howpsuzlygy pugtalandyrmaga we durnukly ösüşiň ekologik esaslaryny berkitmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Mälim bolşy ýaly, suw serişdelerini tygşytly ulanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak we tebigy ekoulgamlary goramak möhüm meselelerdir. Olaryň netijeli çözgütleriniň tapylmagy biziň ýurtlarymyzyň milli bähbitlerine doly laýyk gelýär.

Şu maksat bilen, Türkmenistan Aşgabatda Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça we Çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezlerini döretmek baradaky başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde öňe sürdi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Bu merkezleriň ekologik meseleleriň çözülmegine, ylmy-amaly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hem-de sebit derejesinde utgaşykly çemeleşmeleriň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz halklarymyzyň arasyndaky gadymy taryhy we ruhy arabaglanyşygyň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň berk binýadyny emele getirýändiginiň, onuň medeni mirasy ösdürmek, ylym-bilime hormat goýmak, maşgala mukaddesligini sarpalamak, ulyny sylamak, myhmansöýerlik we parahatçylykly ýaşaýyş ýaly asylly ýörelgeleri özünde jemleýändigini belläp, bu gymmatlyklary has-da dabaralandyrmak maksady bilen, durmuş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň, döredijilik toparlarynyň we ýaşlar guramalarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny hem-de akademiki alyşmalary ýola goýmak bu ugurda täze mümkinçilikleri döreder.

Şeýle hem syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bar. Biz özara syýahatçylyk alyşmalaryny giňeltmek we ýurtlarymyzyň gadymy ýadygärliklerini halkara derejede wagyz etmek üçin bilelikdäki başlangyçlary goldaýarys.Ýurtlarymyzyň taryhy ýerleri, tebigy gözellikleri we milli däpleri halkara syýahatçylygy ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

Halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna hormat goýmak hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek biziň döwletlerimiziň öňünde durýan möhüm wezipelerdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türki Döwletleriň Guramasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň aýratyn ähmiýetini belledi. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, halkara derejede ynanyşmagy pugtalandyrmaga, ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge we ynsanperwer hem-de ekologik meseleleriň çözülmegine uly goşant bolar.

Bu ugurlarda ýurdumyzyň halkara başlangyçlary hem möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” diýip yglan etmek barada Kararnamany kabul etdi. Bu çözgüt halkara hukugyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrmaga, onuň kadalarynyň we ýörelgeleriniň halkara gatnaşyklarda berk berjaý edilmegine gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şonuň ýaly-da, şu günki ýokary derejeli duşuşygyň netijeleriniň döwletlerimiziň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge, bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, ähli gatnaşyjy döwletleriň Prezidentlerine Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge yzygiderli üns berýändikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewe guramanyň işini netijeli guramakda we bu sammitiň üstünlikli geçirilmegine goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň täze Baş sekretaryna jogapkärli işinde üstünlikleri, sammite gatnaşyjylaryň ählisine jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür, doganlyk halklara bolsa abadançylyk, rowaçlyk we täze üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Sammitiň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, söwda we gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, ulag-logistika geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrmak, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alşyldy. Şeýle hem gatnaşyjy ýurtlar üçin özara gyzyklanma bildirilýän möhüm sebit we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Ankaradaky Hajettepe uniwersitetine bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesini bermek dabarasy boldy.

Hajettepe uniwersitetinde hormatly Prezidentimizi Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz hem-de bu ýokary okuw mekdebiniň rektory Mehmet Jahit Güran mähirli garşyladylar. Uniwersitetiň talyplary döwlet Baştutanymyza gül dessesini gowşurdylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz we Hajettepe uniwersitetiniň rektory bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi.

Dabara gatnaşanlaryň hatarynda Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary we Türkiýäniň resmi adamlary, uniwersitetiň professor-mugallymlary, şeýle hem Türkiýede bilim alýan türkmen talyplary bar.

Dabarada, ilki bilen, uniwersitetiň prorektoryna söz berildi. Ol öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň gazanan üstünlikleri barada aýdyp, Hajettepe uniwersitetiniň Senatynyň Türkmenistanyň Prezidentine halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesini bermek baradaky kararyny okady.

Kararda bellenilişi ýaly, halkara gatnaşyklar we ählumumy howpsuzlyk ulgamlarynda çuňňur akademiki taýýarlygy möhüm döwlet wezipesi bilen utgaşdyrýan görnükli döwlet işgäri, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa özüniň Prezidentlik döwründe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny BMG derejesinde parahatçylygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň işjeň guralyna öwrendigi, Hereketleriň Awaza Maksatnamasy ýaly ählumumy özara baglanyşyk boýunça giň möçberli başlangyçlara, şeýle hem sebit hyzmatdaşlygyna we ösüş konsepsiýasyna üstünlikli ýolbaşçylyk edendigi, Türkiýe Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda ykdysady we durmuş ulgamlarynda, şeýle hem ýokary bilim ulgamynda, şol sanda emeli aňdan başlap, “akylly” oba hojalygyna we bilelikdäki diplom maksatnamalaryna çenli giň ugurlardaky hyzmatdaşlykda görkezen berk syýasy erki hem-de goldawy üçin uniwersitetiň Senatynyň karary bilen, hormatly doktor derejesi berilýär.

Soňra Hajettepe uniwersitetiniň rektory Mehmet Jahit Güran gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol hemmeleri mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowy uniwersitetde kabul etmegiň özleri üçin uly hormatdygyny belledi we şu günki dabaranyň diňe bir görnükli döwlet işgärine akademiki derejäni bermek çäresi bolman, eýsem, umumy taryhymyzy, medeni gatnaşyklarymyzy we dost-doganlyk taglymlaryny beýan etmek hem bolup durýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, özüniň altmyş ýyllyk taryhynyň dowamynda Hajettepe uniwersiteti tutuş adamzadyň we türki dünýäniň öňünde bitiren hyzmatlary üçin birnäçe döwlet işgärlerine hormatly doktor derejesini berdi. Şunuň bilen baglylykda, Mehmet Jahit Güran bu derejäni kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Nygtalyşy ýaly, Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar taryhyň we medeniýetiň umumylygyna, dost-doganlyga esaslanýar.

Şeýle hem uniwersitetiň rektory bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň ýurtlarymyzyň abadan geljegi üçin möhüm ähmiýetini belläp, Hajettepe uniwersitetiniň Türkmenistan bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Mehmet Jahit Güran şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabatda üç sany lukmançylyk desgasynyň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylmagy mynasybetli gutlaglaryny beýan edip, bu saglyk desgalarynyň Türkmenistanyň halkynyň abadançylygynyň bähbidine hyzmat etmegini arzuw etdi.

Çykyşynyň ahyrynda Hajettepe uniwersitetiniň rektory hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Soňra çykyş etmek üçin Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaza söz berildi. Ol Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşmak maksady bilen Türkiýä gelen hormatly Prezidentimizi ýene bir gezek mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyza Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory derejesini bermek dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy hem-de bu ýokary alymlyk derejesiniň berilmeginiň Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly doktor derejesi ylmy, jemgyýetçilik we halkara derejede alnyp barylýan işlere gymmatly goşandy bolan şahslara berilýän ýokary bahadyr. Şu dabara hem döwlet Baştutanymyzyň halkara parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky tagallalaryna berlen ýokary baha bolmak bilen bir hatarda, iki ýurduň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň ylmy ähmiýetini hem açyp görkezýär.

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Türkiýäniň Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden bäri ähli ugurlarda özara ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini aýtdy.

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz döwlet Baştutanymyzyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga we umumy medeni mirasymyzy dikeltmäge berýän goldawlaryna ýokary baha berip, Hajettepe uniwersitetiniň Senatynyň hormatly Prezidentimiziň sebit hem-de ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda goşandyny, aýratyn hem Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugy berkitmekdäki möhüm ornuny göz öňünde tutup, halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesini bermek baradaky kararynyň ähmiýetini belledi hem-de bu alymlyk derejesiniň berilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimizi ýene bir gezek gutlady.

Soňra dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimize halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesiniň degişli diplomy gowşuryldy.

Soňra çykyş etmek üçin hormatly Prezidentimize söz berildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasynyň Hajettepe uniwersitetiniň “Halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory” derejesiniň berilmegi mynasybetli uniwersitetiň rektory, professor, doktor Mehmet Jahit Gürana, uniwersitetiň Senatynyň agzalaryna we ähli professor-mugallymlaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu hormatly ady diňe bir özüne berlen sylag hökmünde däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ösdürmek, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak, döwletleriň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy giňeltmek ugrunda alyp barýan işlerine berlen ýokary baha hökmünde kabul edýändigini aýtdy hem-de bu derejäniň berilmeginde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, taryhy we ruhy ýakynlygyň öz beýanyny tapýandygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda döwrebap bilim ulgamyny kemala getirmäge, ylym-bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga, okuw işine öňdebaryjy usullary ornaşdyrmaga uly üns berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Bu pudak döwletleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrýan, tejribe alyşmaga mümkinçilik berýän hem-de umumy ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam edýän möhüm köpri bolup hyzmat edýär.

Biziň halklarymyz uzak asyrlaryň dowamynda özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek we umumy gymmatlyklary gorap saklamak ýörelgelerine eýerýärler. Bu taryhy miras häzirki döwürde hem döwletara gatnaşyklarymyzyň berk binýadyny emele getirýär.

Häzirki wagtda türkmenistanly ýaşlaryň müňlerçesi Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Olar dürli ugurlar boýunça hünär öwrenýärler we tejribe toplaýarlar.

Türkmen we türk alymlarynyň, ýaş ylmy-barlag işgärleriniň bilelikde işlemeginiň täze ylmy netijeleri gazanmaga ýardam berjekdigine ynanýaryn. Şeýle hyzmatdaşlyk diňe bir bilim edaralarynyň ösüşine däl, eýsem, iki ýurduň ykdysady we durmuş taýdan has-da kämilleşmegine hem itergi berer diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalanyp, täze belentliklere çykmagyny, doganlyk türk halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz uniwersitetiň rektory bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Soňra döwlet Baştutanymyza Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan “Strategik dostluk nyşanynyň” gowşurylyş dabarasy boldy.

Bu ýerde belent mertebeli myhmany Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň (DEIK) başlygy Nail Olpak mähirli garşylady.

Soňra Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň başlygy Nail Olpak çykyş edip, hemmeleri mähirli mübärekledi hem-de iki doganlyk ýurduň wekillerini bir ýere jemlän bu dabarada hormatly Prezidentimize DEIK tarapyndan «Strategik dostluk nyşanyny» gowşurmagyň ýolbaşçylyk edýän geňeşi üçin uly hormatdygyny belledi.

Şeýle hem Nail Olpak pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory derejesiniň berilmegi bilen gutlady hem-de Türkiýäniň akademik we işewürlik jemgyýetçiliginiň sylaglarynyň gowşurylmagynyň Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugyň ýene bir aýdyň şöhlelenmesi hökmünde kabul edilýändigini aýtdy.

Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň başlygy türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,//Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýen setirlerini mysal getirip, agzybirlik barada aýdylan bu sözleriň häzirki wagtda iki doganlyk ýurduň garaýyşlaryny özünde jemleýändigini nygtady.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz çykyş edip, hemmeleri mähirli mübärekledi hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitiniň çäklerinde bir ýere jemlenip, iki doganlyk ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýän işewürligiň wekilleri bilen duşuşmagyň özi üçin hormatdygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkiýe doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden bäri Türkiýe üçin diňe bir strategik hyzmatdaş däl, eýsem, dost we dogan ýurt bolmagynda galýar. Baý tebigy serişdeleri, amatly geografik ýerleşişi we türkmen halkynyň zähmetsöýerligi netijesinde, Türkmenistan bu gün sebitiň çalt ösýän ykdysadyýetleriniň birine öwrüldi. Dünýä nusgalyk “akylly” şäheri, ösen infrastrukturasy, senagat kärhanalary, döwrebap hassahanalary ýurduň ýokary ösüş depgininiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti bu ajaýyp üstünliklerde türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýratyn ornunyň bardygyny belläp, häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigini belledi.

Çykyşynyň ahyrynda Jewdet Ýylmaz hormatly Prezidentimizi Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi tarapyndan «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan «Strategik dostluk nyşanyny» gowşurmak barada kararyň kabul edilendigi yglan edildi we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa «Strategik dostluk nyşany» we ýörite şahadatnama gowşuryldy.

Soňra çykyş etmek üçin döwlet Baştutanymyza söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň «Strategik dostluk nyşany» atly ýokary sylagynyň berilmegi mynasybetli, Geňeşiň başlygy Nail Olpaga we wekillerine minnetdarlyk bildirip, bu abraýly sylagy bildirilen belent hormatyň nyşany hökmünde kabul etmek bilen, ony Türkiýäniň Türkmenistan bilen bilelikde durmuşa geçirýän köpugurly hyzmatdaşlygynyň, netijeli işewürlik gatnaşyklarynyň hem-de giň gerimli işleriň möhüm tassyknamasy hasaplaýandygyny aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “Strategik dostluk nyşanynyň” gowşurylmagynyň türkmen-türk ykdysady gatnaşyklarynyň barha pugtalandyrylyp, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň aýdyň beýanydygyny belledi. Şonuň ýaly-da, pursatdan peýdalanyp, dabara gatnaşyjylaryň ählisini tüýs ýürekden mübärekledi we şeýle ähmiýetli çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýändigi üçin Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşine minnetdarlyk bildirdi.

Bu duşuşyk iki döwletiň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny seljermek, täze mümkinçilikleri kesgitlemek we geljek üçin anyk taslamalary ara alyp maslahatlaşmak babatda möhüm ähmiýete eýedir. Dabaramyza Türkiýäniň dürli pudaklaryna wekilçilik edýän işewürler we beýleki wekiller gatnaşýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de olaryň arasynda köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda ykdysady we durmuş taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşan kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň bardygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar taryhy we medeni umumylyga, özara hormata hem-de netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýar. Ykdysady hyzmatdaşlyk bu gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Garaşsyzlygymyzyň geçen 35 ýylynyň dowamynda türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ýüzlerçe iri, orta we uly möçberli taslamalar amala aşyryldy. Bu işler ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň artmagyna, döwrebap infrastrukturasynyň döredilmegine, täze iş orunlarynyň açylmagyna we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna goşant goşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, 2012-nji ýyldan bäri milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, döwrebap önümçilik infrastrukturasyny ösdürmek, hususan-da, ýurdumyzda senagatlaşan jemgyýeti döretmek hem-de çig mal ýurdy bolmakdan taýýar önümleri öndürýän we eksport edýän ýurda öwrülmek boýunça giň gerimli işler yzygiderli dowam edýär.

Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen “Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy” ýurdumyzyň bu ugurda uzak möhletli maksatlaryny kesgitleýär.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda dürli pudaklarda baý tejribe toplan, önümçilik we dolandyryş babatda kämilleşen türkmen telekeçileriniň hem-de senagatçylarynyň täze nesli kemala geldi. Olar senagat kärhanalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş maksatly desgalaryň we beýleki möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar.

Biz türk işewürleri bilen türkmen telekeçileriniň we senagatçylarynyň arasynda göni hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bizde bilelikdäki senagat kooperasiýasyny döretmek, önümçilik kärhanalaryny gurmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýerli çig maly gaýtadan işlemek we taýýar önümleri daşary ýurt bazarlaryna çykarmak üçin giň mümkinçilikler bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz türk kompaniýalaryny energetika infrastrukturasyny gurmak we döwrebaplaşdyrmak, senagat enjamlaryny öndürmek, olara hyzmat etmek boýunça taslamalara gatnaşmaga çagyrdy hem-de tehnologik tejribäni, maliýe mümkinçiliklerini we önümçilik kuwwatyny birleşdirmek arkaly hyzmatdaşlygyň uzak möhletli esasda ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, himiýa senagaty hem türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Gurluşyk we senagat pudaklarynda hem uly mümkinçilikler bar. Häzirki wagtda bu pudak ýokary tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklaryna daýanýar we eksport ugurly ösüşi bilen tapawutlanýar.

Oba hojalygy we azyk senagaty hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarydyr. Türkmenistanda oba hojalyk önümçiligini döwrebaplaşdyrmak, hasyllylygy ýokarlandyrmak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, azyk önümleriniň önümçiligini artdyrmak boýunça maksatnamalar amala aşyrylýar.

Ulag we logistika ulgamy Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, türk ulag we logistika kompaniýalary halkara ýük daşamalaryny ösdürmäge, logistika merkezlerini döretmäge, ammar we konteýner terminallaryny gurmaga, ulag serişdelerine hyzmat etmek hem-de sanly logistika ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyryldy.

Ykdysadyýetimizi ösdürmekde sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti barha artýar. Saglygy goraýyş we derman senagaty hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarydyr. Şypahana-dynç alyş ulgamynda hem Türkiýäniň tejribesinden peýdalanmak arkaly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikler bar.

Hormatly Prezidentimiz bu agzalan ugurlaryň hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarydygyny, Türkmenistanyň ykdysadyýetinde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, eksporty artdyrmak we täze iş orunlaryny döretmek babatda hem giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň daşary ýurtly maýadarlar bilen özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmäge, işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge we uzak möhletli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Şu günki duşuşykda beýan edilen teklipleriň anyk taslamalara öwrülmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Munuň üçin degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň hem-de Türkiýäniň işewür düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmegi zerur hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de her bir ugur boýunça ileri tutulýan taslamalary kesgitlemegiň, olaryň tehniki-ykdysady esaslandyrmalaryny taýýarlamagyň we durmuşa geçirilişini yzygiderli utgaşdyrmagyň hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrjakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz türk işewürleriniň Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmasyna ýokary baha berip, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini tapmagy we geljegi uly taslamalary gazanmagy arzuw etdi.

Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň başlygy bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Ankara şäheriniň Etimesgut howa menziline bardy.

Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerden Watanymyza ugrady.

Birnäçe sagatdan soňra hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar. Olar hormatly Prezidentimizi Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitiniň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Şeýle hem olar hormatly Prezidentimizi halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesiniň berilmegi hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň «Strategik dostluk nyşany» bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary iki doganlyk ýurduň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň we strategik hyzmatdaşlygyň mizemezdigini ýene bir gezek subut etdi. Hormatly Prezidentimiziň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmagy bolsa ýurdumyzyň türki dünýäniň giňişliginde köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, doganlyk halklaryň abadançylygynyň bähbidine umumy döredijilikli kuwwaty pugtalandyrmaga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezdi.