Ï Türkmenistanda Günorta Afrika Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Günorta Afrika Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

view-icon 121
Türkmenistanda Günorta Afrika Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lungisani Dominik Ntombeladan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, Günorta Afrika Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomata Mejlisiň düzümi, onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem ilçi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunda ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy berkitmek babatda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lungisani Dominik Ntombela okgunly ösýän hem-de parahatçylyk söýüjilikli ýurt hökmünde dünýäde giňden tanalýan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtap, döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Lungisani Dominik Ntombelany Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemegi makul bildim.

Onuň ýokary şahsy häsiýetleri özüne ynanylan wezipäni mynasyp ýerine ýetirip, Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyny hem-de hormatyny gazanjakdygyna ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden onuň meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize bagtyýarlyk, ýurduňyza bolsa gülläp ösüş baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Matamela Siril RAMAFOSA,
Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti.