Ï TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 80 müň dollaryndan gowrak boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 80 müň dollaryndan gowrak boldy

view-icon 138

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýüpek pagta süýümi, pagta süýümi, nah ýüplük, tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri, şeýle hem bugdaý uny ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 80 müň dollaryndan gowrak boldy.