Ï Türkmenistan döwletara hyzmatdaşlygy täze ugurlarda ilerledýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan döwletara hyzmatdaşlygy täze ugurlarda ilerledýär

view-icon 90

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammitine gatnaşmagy geçen hepdäniň möhüm halkara wakasy boldy. Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna eýermek bilen, synçy ýurt hökmünde TDG-niň işine işjeň gatnaşýar hem-de bu gurama medeni dialogy ilerletmek we ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança hökmünde garaýar. Munuň özi döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär.

Çäräniň resmi böleginden ozal, Ankara şäherinde Türki döwletleriň medeni seýilgähiniň açylyş dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde TDG-ä gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlary bilen bilelikde ýurtlaryň arasyndaky özara ynanyşmagyň we doganlyk gatnaşyklarynyň synmazlygynyň nyşany hökmünde bag nahallaryny oturtdylar.

Seýilgähiň çäginde türki halklaryň taryhyna degişli dürli binalaryň nusgalary ýerleşdirildi, medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Türkmen tarapy öý esbaplary, milli lybaslary, saz gurallary we beýlekiler ýerleşdirilen ak öýüni görkezdi. Ak öýüň ýanynda oturdylan, halkymyzyň göz guwanjy bolan ahalteke bedewiniň heýkeli Watanymyzyň ähli ulgamlarda gazanýan ägirt uly üstünlikleriniň we okgunly ösüşiniň nyşanyna öwrüldi.

Döwlet Baştutanlary «Malazgirt» çäreler merkezine hem bardylar. Ol ýerde medeni maksatnamanyň çäklerinde milli we etnosport oýunlary, türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti guraldy.

30-njy oktýabrda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik dialogy işjeňleşdirmek, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz Prezident Rejep Taýyp Ärdogany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Sammitde çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Türki döwletleriň giň ykdysady mümkinçiliklere eýedigini belledi we olary netijeli peýdalanmak üçin energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, gurluşyk, dokma, çig maly gaýtadan işlemek we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň zerurdygyny nygtady. Şol bir wagtda, özara maýa goýumlary höweslendirmek, telekeçileriň arasynda gatnaşyklary giňeltmek we bilelikdäki önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de amatly şertleriň döredilmeginiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, ykdysady ösüşi üpjün etmekde we sebitara gatnaşyklary giňeltmekde ulag-aragatnaşyk ulgamy strategik ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň möhümdigini belledi we munuň üçin ýurdumyzyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasyny gönükdirmäge taýýardygyny tassyklady, şeýle hem gümrük amallaryny yzygiderli ýeňilleşdirmäge, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga çagyrdy.

Daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Bu ugurdaky meseleleri çözmek maksady bilen, Türkmenistan Aşgabatda Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça we Çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezlerini döretmek baradaky başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde öňe sürdi.

Mundan başga-da, türki döwletleriň arasynda medeni-ynsanperwer, bilim we syýahatçylyk gatnaşyklaryny giňeltmegiň möhümdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň, döredijilik toparlarynyň we ýaşlar guramalarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny hem-de akademiki alyşmalary ýola goýmak teklip edildi.

Döwlet Baştutanymyz parahatçylyk diplomatiýasyna aýratyn ünsi çekip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnamany kabul edendigini belledi.

Hajettepe uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesini bermek dabarasynyň geçirilmegi döwlet Baştutanymyzyň halkara gatnaşyklary ösdürmekdäki, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakdaky hem-de giňeltmekdäki tagallalaryna berlen ýokary bahanyň aýdyň subutnamasy boldy. Döwlet Baştutanymyza Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan “Strategik dostluk nyşanynyň” gowşurylmagy hem saparyň syýasy ähmiýetini has-da artdyrdy.

Dabara Türkiýäniň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna wekilçilik edýän telekeçiler, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda ykdysady we durmuş taslamalaryny durmuşa geçirmäge uly ýardam beren kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz bu sylaglar üçin minnetdarlyk bildirip, türk kompaniýalaryny energetika infrastrukturasyny gurmak we döwrebaplaşdyrmak, senagat enjamlaryny öndürmek, olara hyzmat etmek boýunça taslamalara gatnaşmaga çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz işewürlik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň hem-de Türkiýäniň işewür düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmäge ünsi çekdi.

Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Işewür döwlet Baştutanymyzyň Türkiýä saparynyň taryhy ähmiýetini belledi hem-de Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory derejesiniň berilmegi we Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlarda üstünlikli alnyp barylýandygyny belledi. Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklarda öz hyzmatdaş ýurtlary bilen deňhukuklylyk, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinden ugur alýar.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyga alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiziň 31-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitiniň jemleri jemlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mizemezligini nobatdaky gezek tassyklady. Hormatly Prezidentimiziň TDG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň türki dünýäniň giňişliginde köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de doganlyk halklaryň gülläp ösmeginiň bähbidine döredijilikli kuwwatyny berkitmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny aýdyň görkezdi.

Hökümet mejlisinde şeýle hem ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere seredildi. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmek, metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we peýdaly ulanmak babatda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak, elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, raýat awiasiýasynyň hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bar.

Şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada maglumat berildi. Mundan başga-da, ýurdumyz şu ýylyň noýabr aýynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde guraljak sergä milli pawilýony bilen gatnaşar.

«2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem 2026-njy ýyl üçin kabul edilen çäreleriň meýilnamasynyň dowamlylygyny üpjün etmek maksady bilen, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda «2028-nji ýylda Halkara hukuk ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça Türkmenistanyň 2027-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» taslamasy boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň 26-njy oktýabrda geçiren iş maslahatyny geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabatlary diňläp, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmegi hem-de hasyly gysga möhletde, ýitgisiz ýygnamak üçin ähli zerur işleri ýerine ýetirmegi, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlere laýyklykda, ýokary hilli geçirmegi, ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde, netijeli işledilmegini üpjün etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny wagtynda tutup, kadaly gögeriş almak üçin ähli zerur çäreleri görmegi, haşal otlara garşy göreş çärelerini wagtynda geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem içerki bazarlarymyzy üpjün etmek üçin welaýatlarda ýetişdirilen gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýygymyna başlamaga gowy taýýarlyk görmegiň, bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmegiň zerurdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabarada bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň bu eseri Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan çuňňur syýasy, taryhy, durmuş-ykdysady, ruhy-medeni we ynsanperwer ähmiýetli döwrebap pikirlenişe daýanýan mazmuna eýedir. Kitapda türkmen Bitaraplygynyň gadymy gözbaşlary, taryhy ähmiýeti, döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesi, onuň häzirki zaman derwaýys meseleleriň oňyn çözülmegindäki orny düýpli açylyp görkezilýär. Şeýle hem onda Türkmenistanyň daşary syýasy we ykdysady gatnaşyklarda eýeleýän işjeň orny, ählumumy wezipeleri çözmek bilen bagly başlangyçlary giňişleýin seljerilýär, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlara üns çekilýär hem-de ýurdumyzda ýetilen belent sepgitlere, gazanylan üstünliklere nazar salynýar.

Dabarada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasaki çykyş edip, bu çäräniň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösdürilýändigini alamatlandyrýan waka öwrülendigini nygtady. «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyň ýapon okyjylaryna ýetirilmegi iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly goşant hökmünde kabul edildi.

31-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisde Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lungisani Dominik Ntombeladan ynanç haty kabul edildi. Diplomata Mejlisiň düzümi, onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri barada giňişleýin maglumat berildi. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy.

«Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň mejlisler jaýynda milli pul birligi — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygyna bagyşlanyp “Milli manat — täze taryhy döwrüň bedew batly ösüşleriniň binýady” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda milli manadyň dolanyşyga girizilmegi bilen, ýurdumyzda gazanylýan ykdysady üstünlikler, pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly döwrebap bank hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, elektron tölegler ulgamynyň kämilleşdirilmegi, halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

1-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan işler we bu ýerde güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlygyň guramaçylyk derejesi bilen tanyşmak üçin Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Täze şäherde gurluşygy dowam edýän daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebiniň we çagalar bagynyň çäginde hem ýaşlaryň işjeň gatnaşmagynda bag ekmek işleri geçiriler. Seýilgäh zolagynda köpçülikleýin bag ekmek çäresi ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň hünärmenleri we ugurdaş ylmy-barlag institutlarynyň alymlary tarapyndan işlenip taýýarlanylan maslahatlar esasynda alnyp barlar.

Güýzki ekologiýa çäresine gatnaşyjylar şäheriň çäginde müňlerçe bag nahallaryny hem-de gülleri oturdarlar. Gahryman Arkadagymyz oturdylan baglara agrotehniki talaplara laýyklykda yzygiderli ideg edilmegini üpjün etmegiň, tokaý zolaklarynda alnyp barylýan işleri, saýaly baglaryň ösüş tapgyrlaryny yzygiderli gözegçilikde saklamak maksady bilen, sanly ulgamyň we emeli aňyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belledi.

Öňde geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna we Hasyl toýuna bagyşlanan dabaralara taýýarlyk görmek Gahryman Arkadagymyzyň saparyň dowamynda geçiren iş maslahatynda esasy ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Şeýle hem şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäginde alnyp barylýan işler, şol sanda bu ýerde gurulýan önümçilik desgalary hem-de Ahalteke atlary şaýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabatlar diňlenildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalarynda özara düşünişmek hem-de hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk, ykdysadyýetiň pudaklaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak ýaly hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen bedew batly gadamlary öz beýanyny tapdy.