Ï Türkmenistanly agyr atletikaçy ýetginjekleriň arasynda dünýä rekordlaryny goýdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly agyr atletikaçy ýetginjekleriň arasynda dünýä rekordlaryny goýdy

view-icon 59
Türkmenistanly agyr atletikaçy ýetginjekleriň arasynda dünýä rekordlaryny goýdy

16 ýaşly türkmen agyr atletikaçysy Şabnam Kerimbaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň Ninbo şäherinde dowam edýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ýetginjekleriň arasynda iki sany dünýä rekordyny goýup, dünýä sporty taryhyna girdi. Zenanlaryň arasynda 57 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Şabnam Kerimbaýewa silterläp götermekde 89 kilogram, itekläp götermekde 112 kilogram netije görkezdi. Şeýlelikde, iki görnüşiň jemi boýunça 201 kilogram agyrlygy göteren ildeşimiz ýetginjekleriň arasynda silterläp götermek we umumy netije boýunça dünýä rekordlaryny goýdy. Ildeşimiz itekläp götermekde 112 kilogram agyrlygy göterip, 2026-njy ýylyň 10-njy awgusty aýynda Daşkentde geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda gazagystanly 15 ýaşly Snežana Kaşkarowanyň ýetginjekleriň arasynda goýan dünýä rekordyny gaýtalady.

26-njy dekabrda 17 ýaşy doljak Şabnam Kerimbaýewa hasaba alynýan alty synanyşygyň hemmesini ajaýyp ýerine ýetirmek bilen, ýüzden ýüz netije görkezdi. Ol agyr atletika boýunça dünýä çempionatyndaky çykyşynda silterläp götermekde yzygiderli 83, 86 we 89 kilogram, itekläp götermekde bolsa 103, 107 we 112 kilogram agramlygy göterdi. Şeýlelikde, Şabnam uly ýaşlylaryň arasyndaky dünýä çempionatynda silterläp götermekde dördünji, itekläp götermekde bolsa altynjy orny eýeledi. Ol jemi 201 kilogram netije görkezip, dördünji orny eýelän ermenistanly Aleksandra Grigorýandan 4 kilogram az götermek bilen, 13 ýurtdan gelen 14 türgeniň arasynda bäşinji orny eýeledi. Ýaryşyň 57 kilograma çenli agram derejesinde altyn medaly 227 kilogram (102 + 125) agramlygy göterip, Demirgazyk Koreýanyň türgeni Oh Kwan-ok, kümüş medaly 215 kilogram (90 + 125) netije görkezen taýbeýli Çen Guanling we bürünç medaly 214 kilogram (96 + 118) netije görkezen ukrainaly Olga Iwženko dagy eýeledi.

Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda üstünlik gazanan agyr atletikaçy gyz Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabyndaky 51-nji orta mekdebiň 12-nji synpynda okuwyny-da üstünlikli dowam etdirýär. Şabnam sportda ilkinji ädimlerini kakasy Zeripbaý Kerimbaýewiň ýolbaşçylygynda başlapdy, häzir bolsa baş tälimçi Meretguly Sahetmyradowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzasy hökmünde ussatlygyny kämilleşdirýär. Şabnam Kerimbaýewa şu ýylyň awgusty aýynda Daşkentde geçirilen ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda 53 kilogram agram derejesinde çykyş edip, 186 kilogram (silterläp götermekde 83 kilogram we itekläp götermekde 103 kilogram) agramlygy götermek bilen 17 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda kümüş, 20 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda bolsa bürünç medal gazanypdy.

Ninbo şäherinde dowam edýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň on türgenden ybarat ýygyndysy çykyş edýär. Ýaryş meýdançasyna ilkinji bolup, 17 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda iki gezek dünýä çempiony Ogulşat Amanowa çykdy. Ol 53 kilogram agram derejesinde silterläp götermekde 85 kilogram, itekläp götermekde 104 kilogram agramlygy göterip, jemi 189 kilogram netije bilen 33 ýurtdan gelen 38 bäsdeşiň arasynda 20-nji orny eýeledi. Bu agram derejesinde hytaýly Çžan Haýtsin (221 kilogram) ýeňiş gazandy, kümüş medal amerikaly Miranda Ulreýiň (220 kilogram) paýy boldy, Demirgazyk Koreýanyň türgeni Kim So-hýon bolsa bürünç medal gazandy (214 kilogram).