Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýewraziýa howpsuzlygy boýunça IV Minsk halkara maslahatyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýewraziýa howpsuzlygy boýunça IV Minsk halkara maslahatyna gatnaşdy

view-icon 95
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýewraziýa howpsuzlygy boýunça IV Minsk halkara maslahatyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Minsk şäherinde Ýewraziýa giňişliginde halkara we sebit howpsuzlygynyň häzirki zaman wehimlerini, durnuklylygy pugtalandyrmagyň geljegini hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen döwletleriň we halkara düzümleriň wekillerini bir ýere jemlän Ýewraziýa howpsuzlygy boýunça IV Minsk halkara maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanow halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan edip, deňhukukly dialoga, özara hormat goýmaga we halkara hukugynyň kadalarynyň berjaý edilmegine esaslanýan bölünmez howpsuzlyk binýadyny kemala getirmegiň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň esasy hökmünde ähmiýetine, şeýle hem ýurduň halkara gapma-garşylyklary syýasy-diplomatik usullar arkaly çözmäge ygrarlylygyny şöhlelendirýän «Dialog – parahatçylygyň kepili» filosofiýasyna aýratyn üns berildi.

Öňdebaryjy ugurlaryň hatarynda öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmek, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, Ýewraziýanyň ykdysady, energetika we ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek, şeýle hem ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek bellenildi.

Çykyşda Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna aýratyn orun berildi. Degişli çäreleri taýýarlamak we geçirmek boýunça 2026–2028-nji ýyllar üçin Milli hereketler meýilnamasynyň ýakyn wagtda tassyklanyljakdygy habar berildi.

Çykyşynyň ahyrynda A. Gurbanow Türkmenistanyň Ýewraziýa howpsuzlygynyň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn dialogy ösdürmek, ynamy pugtalandyrmak we özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin özüniň bitarap diplomatik giňişligini mundan beýläk-de hödürlemäge taýýardygyny nygtady.