Ï Türkmen pälwany dünýä çempiony boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen pälwany dünýä çempiony boldy

view-icon 108
Türkmen pälwany dünýä çempiony boldy

Türkmen sportunyň taryhyna ýene bir şanly üstünlik ýazyldy. Daşoguz welaýatyndan 21 ýaşly türgen Sanjarbek Öwezberdiýew Daşkent şäherinde geçirilen sambo boýunça 50-nji dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby bu üstünligi söweş sambosy boýunça 64 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Bu agram derejesinde 18 türgen baýrakly orunlar ugrunda bäsleşdi.

Ýaryşyň dowamynda bäş duşuşyk geçirip, garşydaşlaryndan bary-ýogy bir utuk aldyran Sanjarbek ynamly çykyş etdi. Ol ilkinji tutluşykda Panamerika çempionatynyň 2026-njy ýyldaky kümüş medalynyň eýesi, ekwadorly Lenin Guerrany 6:0 hasabynda ýeňdi. 1/8 finalda ukrainaly Ýan Raskini 9:0, çärýek finalda bolsa Afrika çempiony, marokkoly Abdelmunim Faruhini duşuşygyň tamamlanmagyna 53 sekunt galanda 8:0 hasabynda ýeňdi.

Ýarym finalda türkmen pälwany Ýewropa çempionatynyň 2024-nji ýyldaky ýeňijisi hem-de dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi, ermeni türgeni Mais Nersesýandan 8:1 hasabynda üstün çykdy. Final duşuşygynda bolsa dünýä çempionatlarynyň birnäçe gezek bürünç medalyna mynasyp bolan, Ýewropa çempionatynyň 2026-njy ýyldaky bürünç medalynyň eýesi, belarusly Ýewgeniý Mihnony 8:0 hasabynda ýeňmegi başardy. Şeýlelikde, Sanjarbek dünýä çempionatynyň altyn medalyny eýeledi.

Sanjarbek Öwezberdiýew karýerasynda ilkinji gezek söweş sambosy boýunça dünýä çempiony boldy. Mundan ozal, geçen ýyl ol Ermenistanda we Täjigistanda geçirilen dünýä kuboklarynda iki gezek kümüş medala mynasyp bolupdy. Şu ýylyň aprel aýynda bolsa Ýerewanda geçirilen dünýä kubogynda ilkinji gezek ýeňiji boldy.

Sanjarbek sportdaky ilkinji ädimlerini Daşoguz şäherinde ilkinji tälimçisi Şowket Mätkurbanowyň ýolbaşçylygynda başlady. Häzirki wagtda ol Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde türgenleşiklerini dowam etdirip, ussatlygyny kämilleşdirýär.

Daşkent şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň döwrebap «Game Sports Arena» sport toplumynda geçirilýän dünýä çempionaty 101 döwletden gelen samboçylary bir ýere jemledi. Bu görkeziji ýaryşyň taryhyndaky iň ýokary netijedir. 1973-nji ýylda Tähranda geçirilen ilkinji dünýä çempionatyna bary-ýogy 11 ýurduň wekilleri gatnaşypdy. Şondan bäri gatnaşyjy ýurtlaryň sany dokuz esse artdy.

Üç gün dowam edýän dünýä çempionatynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda sport sambosy, söweş sambosy hem-de SVI-1 derejedäki ýaryş göreji pes türgenleriň arasynda jemi 33 medal toplumy ugrunda bäsleşikler geçirilýär. Şu ýylyň aýratyn ähmiýetli wakalarynyň biri hem Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatynyň maksatnamasyna zenanlaryň arasynda göreji pes türgenler üçin sambo ýaryşlarynyň girizilmegidir. Bu başlangyç guramanyň inklýuziwlik we sportuň dünýä derejesinde ösdürilmegi ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.

2026-njy ýylyň ýubileý dünýä çempionatynyň baýrak gaznasynyň umumy möçberi ABŞ-nyň 363 müň dollaryna deňdir. Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, altyn medal gazanan türgenlere 4 müň, kümüş medal eýelerine 3 müň, bürünç medal eýelerine bolsa 2 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragy gowşurylar.

Sanjarbek Öwezberdiýewiň bu üstünligi türkmen sportunyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň, ýaş türgenlerimiziň dünýä derejesindäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.