«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň çäklerinde Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda «Deňiz kenarynda ylgaşlaýan ala köpek» atly sahna oýny görkezildi.
Ilýas Omarow adyndaky Kostanaý welaýat gazak drama teatrynyň sahnalaşdyran bu eseri gyrgyz we sowet ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň şol bir at bilen meşhur bolan powestiniň esasynda döredilipdir. Taslamanyň režissýory hökmünde teatryň direktory Ashat Zautbek tarapyndan çagyrylan belarus režissýory Daniil Filippowiç çykyş etdi. Sahna oýny hakyky halkara döredijilik işiniň miwesi boldy: režissýorlyk sungatynyň halkara tejribesi bilen gazak aktýorçylyk mekdebiniň utgaşmagy täsirli döredijilik bitewiligini emele getirdi.

Sahna oýnunda Kirisk atly oglanjygyň kemala gelşi, adamyň gazaply tebigat bilen ilkinji göreşi hem-de demirgazyk halky bolan niwhleriň çuňňur paýhasy barada gürrüň berilýär.
Tire-taýpanyň ýaşulysy, paýhasly Organ (Konyspek Begaýdarow), onuň ogly Emraýin (Bakytjan Tangatkanuly) we dogany Mylgun (Erkan Barakow) kiçijik Kiriski (Olžas Begaýdar) ilkinji gezek açyk deňze alyp çykýarlar. Bu möhüm başlangyç dessury bolup, oglanjyk synagdan geçmeli, hakyky awçy bolmaly we ilkinji deňiz pişigini awlamaly. Kenardan bolsa olaryň dogduk burny – Ala köpek olara syn edýär.

Ilkibaşda şowly başlan awçylyk soňy bilen pajygaly ýagdaýa öwrülýär. Deňziň üstüni goýy, içinden geçip bolmaýan ümür gaplaýar, gaýyk bolsa ugruny ýitirýär. Awçylar tükeniksiz suw giňişliginde, haýsy tarapa ýüzmelidigini bilmän, kenardan üzňe galýarlar. Kiçijik Kiriskiň aman galmagy üçin gymmatly suw damjalaryny tygşytlamak maksady bilen, uly ýaşly erkek adamlaryň her biri birin-birin özüni deňziň girdabyna gurban etmegi ýüregine düwýär.
Gaýykda bütinleý ýeke galan, güýçden gaçan Kirisk gorky we ýalňyzlyga garşy göreşýär. Ahyrynda ümür dargaýar we gözýetimde ýene-de dogduk kenar görünýär.

Aýtmatowyň powestinde Ala köpek burny awçylara garaşýan ýeri, üýtgewsiz ugur görkeziji bolup hyzmat edýän bolsa, sahna eserinde bu keşp aktýorlaryň beden hereketleriniň üsti bilen janlandyrylýar. Mifiki tymsal žanrynda sahnalaşdyrylan sahna oýnunda horeografiýa gahrymanlaryň içki göreşiniň, ykbalyň öwrümleriniň we tebigatyň kanunlarynyň wizual beýanyna öwrülýär. Aktýorlaryň hereketleri we metaforik nyşanlar eserde beýan edilýän manylary çuňňur duýgy täsiri bilen açyp görkezýär.
Horeografik sahnalardaky «köpekler» diňe bir haýwanlar däl-de, eýsem, tebigy güýçleriň haýwan keşbine giren ruhlary, niwh halkynyň gadymy ruhy goragçylary hökmünde çykyş edýär. Olaryň käte ýiti we gazaply, käte bolsa däp-dessur häsiýetli, özüne çekiji hereketleri tebigatyň adama nähili syn edýändigini görkezýär.

Sahna oýny ilkinji pursatlardan başlap, sazlaşykly oýlanyşykly ýagtylyk we saz çözgütleri bilen tomaşaçylary özüne çekýär. Ses sazlaşygy we ýagtylyk dramaturgiýasy tomaşaçyny tebigatyň ilkinji durkunyň hem-de barha güýçlenýän dramatizm gurşawyna alyp gidýär, bedende täsirli tolgunma döredýär. Döredijilik we tehniki toparyň ähli agzalary bitewi, sazlaşykly işleýän mehanizm ýaly hereket edýärler. Aktýorlar sahna bilen tomaşaçy zalynyň arasyndaky araçägi dessine aradan aýyrýarlar. Olar tutuş giňişligi öz hereketleri bilen dolduryp, tomaşaçylary bolup geçýän wakalara gönüden-göni çekýärler we her bir tomaşaçyny özüni gurban etmek hem-de umyt baradaky bu taryhy hut özi başdan geçirýän ýaly duýmaga mejbur edýärler.
Aşgabatda geçirilýän halkara teatr baýramçylygy öz maksatnamasyny dowam etdirýär.