Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyk geçirdi.
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi. Şeýle hem dostlukly ýurduň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýakynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň Türkiýäniň döwlet Baştutanyna iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkiýe Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýurdumyzda uly ähmiýet berilýändigini belledi. Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammitine gatnaşmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Ankarada saparda bolan türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin türk tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, halklarymyzyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Şunda Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen, “Bir millet — iki döwlet” ýörelgesinden ugur alýandyklary, munuň bolsa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasdaky netijeli özara gatnaşyklar üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigi nygtaldy.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň arasyndaky ýokary derejeli özara saparlar, duşuşyklar we gepleşikler syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Milli Liderimiz ýurtlarymyzyň häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran wajyp meseleler — halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmek babatda goşantlaryny goşýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bitarap daşary syýasat ugruny, Birleşen Milletler Guramasynda, beýleki abraýly halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin türk tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Arkadagymyz söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklarynda Türkiýäniň hemişe öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini belledi. Garaşsyzlyk ýyllarynda türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda dürli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda dokma toplumlary, energetika, gazhimiýa pudaklary boýunça iri taslamalar, senagat kärhanalary, dürli maksatly binalar, ýüzlerçe beýleki desgalar bar.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.
Duşuşykdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň bilelikdäki agşamlyk nahary boldy. Munuň özi köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan mizemez türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýene-de bir aýdyň beýanyna öwrüldi.