Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.
Ahmet Çalyk wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan şu gezekki saparynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna gatnaşmagynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka bolup durýandygyny belledi. Işewür Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda asyrlara barabar işleriň durmuşa geçirilendigini aýdyp, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünliklere guwanýandygyny nygtady. Bu işler türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Işewür pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň ýakynda Türkiýä amala aşyran saparynyň ähmiýetini belledi we döwlet Baştutanymyza Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory diýen akademiki derejäniň berilmegi hem-de Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi tarapyndan «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki wagtda yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi hem-de türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklary öz içine alýandygyny aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin amatly şertler döredilýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň” tassyklanandygyna ünsi çekip, bu giň möçberli strategiýany durmuşa geçirmäge türk kompaniýalarynyň uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
“Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy ata Watany Türkmenistanda türkiýeli işewürleriň iş alyp barmaklaryna döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Işewür ýurdumyzdaky iri infrastruktura taslamalaryna gatnaşmagyň türk kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk türkiýeli hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine hem-de özlerine ynanylan desgalardaky ähli işleriň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy.