Ï Türkmenistanda Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürk hormat bilen ýatlanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürk hormat bilen ýatlanyldy

view-icon 38

10-njy noýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda iki doganlyk halkyň dostlugynyň we medeni ýakynlygynyň nyşany bolup durýan Atatürk adyndaky seýilgähde Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürküň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.

Türk halkynyň beýik oglunyň aradan çykmagynyň 88 ýyllygy mynasybetli onuň hatyrasyna hormat-sarpa bildirildi. Dabara Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, türk işewürleri, şeýle hem Aşgabatdaky bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň talyplary we okuwçylary gatnaşdylar.

Bir minutlyk dymyşlykdan soň Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlandy.

Dabarada çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili Derýa Başarangil Mustafa Kemal Atatürküň türk döwletiniň kemala gelmeginde we gülläp ösmeginde eýelän deňi-taýy bolmadyk ornuny aýratyn nygtady. Şeýle hem diplomat Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhyň, diliň we medeniýetiň umumylygyna, şeýle-de «Bir millet – iki döwlet» ýörelgesine esaslanýan strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedigini belledi.

Mustafa Kemal Atatürk (1881–1938) – görnükli döwlet we syýasy işgär, Türkiýe Respublikasynyň ilkinji Prezidentidir. Onuň ýolbaşçylygynda häzirki zaman dünýewi döwletiniň binýady tutuldy. Onuň döwleti dolandyran döwründe demokratiýa, deňhukuklylyk we azatlyk ýörelgelerine esaslanýan täze Konstitusiýa kabul edildi.