Ï Döwletimiziň ekologiýa diplomatiýasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwletimiziň ekologiýa diplomatiýasy

view-icon 332

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary boldy. Saparyň esasy maksady Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (COP31) gatnaşmakdan ybarat boldy. Häzirki döwürde howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak we ekologik abadançylygy üpjün etmek meseleleriniň dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran möhüm wezipelere öwrülmegi bu maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Türkiýe bilen Türkmenistanyň gatnaşyklary taryhy köklere, umumy dile, medeniýete we ruhy gymmatlyklara esaslanýar. Bu gatnaşyklar häzirki döwürde diňe bir syýasy-diplomatik ugurda däl, eýsem, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hem üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika, ulag, senagat we şähergurluşyk ulgamlarynda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy.

Saparyň esasy wakalarynyň biri 11-nji noýabrda Antalýa şäherinde geçirilen COP31 maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşmakdan ybaratdyr. BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň bu maslahaty dünýä döwletleriniň ekologik meseleler boýunça tagallalaryny birleşdirýän möhüm halkara meýdançadyr. Onuň dowamynda howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, energiýa serişdelerinden netijeli peýdalanmak, azyk we suw howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sammitde çykyş eden Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça alyp barýan işleriniň esasy ugurlaryny beýan etdi. Ýurdumyz halkara ekologik konwensiýalara goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär. Şunda parnik gazlarynyň, aýratyn-da, metanyň zyňyndylaryny azaltmak möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.

Milli Liderimiz howanyň üýtgemeginiň Merkezi Aziýa sebitine ýetirýän täsirlerine hem aýratyn ünsi çekdi. Sebitde suw serişdeleriniň çäkli bolmagy, çölleşme hadysalarynyň güýçlenmegi we tebigy ekoulgamlaryň üýtgemegi döwletleriň bilelikde hereket etmegini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek teklibi öňe sürüldi. Bu merkeziň 2027-nji ýylyň başynda Aşgabatda öz işine başlamagy göz öňünde tutulýar. Ol ylmy-barlaglary ösdürmäge, täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga we sebitiň döwletleriniň arasynda tejribe alyşmaga ýardam berer.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Bu teklip ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we tebigy baýlyklary gorap saklamak babatda bilelikdäki işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Sebit döwletleriniň ekologik meseleleriniň biri-biri bilen berk baglanyşyklydygyny nazara alanyňda, şeýle başlangyçlaryň ähmiýeti has-da aýdyň görünýär.

Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary birnäçe ugur boýunça möhüm ähmiýete eýedir. Saparyň dowamynda geçirilen duşuşyklar türkmen-türk dostlukly gatnaşyklaryny we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze mümkinçilikleri açýar. COP31 maslahatynda öňe sürlen başlangyçlar bolsa Türkmenistanyň ählumumy ekologik meseleleriň çözgüdine goşant goşmaga, Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we halkara derejede netijeli teklipleri öňe sürmäge ygrarlydygyny görkezýär.