2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynda Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde wideokonferensiýa geçirildi. Duşuşyk 2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Duşenbe şäherinde döwlet Baştutanlarynyň bu formatdaky ikinji Sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen 2025–2027-nji ýyllar üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň (BHМ) durmuşa geçirilişine bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Çärede Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi hem-de Merkezi Aziýa döwletleri bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Duşuşygyň jemleri boýunça «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyny mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanma tassyklanyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy we Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça dowam etdirmäge taýýardygy bellenildi.