Ï Yslamabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Yslamabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

view-icon 59

2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Ishak Daryň bilelikde başlyklyk etmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny öz içine alýan giň gerimli meseleler girizildi. Özara söwdany we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, önümçilik gatnaşyklaryny ösdürmäge, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi.

Gepleşikleriň dowamynda ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine möhüm orun berildi. Şunuň bilen baglylykda, iri sebit energetika taslamalaryny, hususan-da, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini ilerletmegiň, şeýle hem Türkmenistan–Owganystan–Pakistan ugry boýunça elektroenergetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu başlangyçlaryň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda we sebit hyzmatdaşlygynyň durnukly infrastrukturasyny kemala getirmekde ähmiýeti bellenildi.

Gün tertibiniň aýratyn bir bölümini ulag arabaglanyşygyny ösdürmek we üstaşyr-logistika mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri düzdi. Taraplar iki döwletiň geografik ýerleşişinden netijeli peýdalanmak arkaly söwda ugurlaryny ösdürmegiň, Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de sebitleýin we halkara bazarlaryna çykalgany giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Munuň bilen birlikde, senagat, oba hojalygy we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maglumat tehnologiýalary, ylym we bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, bank işi we maliýe ulgamlarynda özara hereketleriň geljegi boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň we guramalaryň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge, gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berildi.

Mejlisiň dowamynda türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de geljek üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek meselelerine hem garaldy.

***

Mejlisiň jemleri boýunça türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekmek dabarasy geçirildi.

Hususan-da, aşakdaky resminamalara gol çekildi:

· Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň altynjy mejlisiniň Teswirnamasy;

· Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2026–2030-njy ýyllarda Hyzmatdaşlyk Maksatnamasy;

· Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň Welaýatara utgaşdyryş ministrliginiň arasynda syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Geçirilen mejlis we gazanylan ylalaşyklar Türkmenistanyň we Pakistanyň däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, iki ýurduň halklarynyň bähbidine köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ymtylyşyny tassyklady.