18-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşyjylaryň üns merkezinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini meýilleşdirmek we senagaty uzak möhletleýin ösdürmek meseleleri boldy.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H. Geldimyradow hasabat bilen çykyş etdi. Onuň bellemegine görä, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistany 2027-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» işläp taýýarlamak barada beren tabşyrygyna laýyklykda, häzirki wagtda 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek bilen birlikde, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijilerini, ýurdumyz we pudaklar boýunça maýa goýumlaryň möçberini kesgitlemek boýunça degişli hasaplamalar we seljeriş işleri geçirilip, bu işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 – 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyna» laýyklykda, senagatda zähmet öndürijiligini 1,5 esse ýokarlandyrmak, 50 müňe çenli täze iş ornuny döretmek, sebitlerde çig mal däl eksporty 2-3 esse artdyrmak, 25 müňe çenli täze kiçi we orta kärhanany döretmek, kiçi we orta telekeçilikde işleýänleriň paýyny ykdysady taýdan işjeň ilatyň 40 göterimine ýetirmek, kiçi hem-de orta kärhanalaryň eksportyny 2 esse artdyrmak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň tehnologik taýdan ösen kärhanalarynda öndürilýän önümleriň möçberini 100 göterim, şol sanda eksport önümleriniň möçberini 75 göterim artdyrmagyň netijesinde Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmek göz öňünde tutulýar.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň geljekde durnukly saklanylmalydygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri öndürýän iri kärhanalaryň gurlandygyny nygtap, ýurdumyzyň häzirki senagat kuwwatynyň mundan beýläk hem ýokarlandyrylmalydygyny aýtdy.