Ï Halkara hukugy – parahatçylykly dialogyň binýady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara hukugy – parahatçylykly dialogyň binýady

view-icon 72
Halkara hukugy – parahatçylykly dialogyň binýady

18-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi 2027 – 2028-nji ýyllarda Halkara hukuk ýylyna toplumlaýyn taýýarlyk görmekden ybarat boldy.

Mejlisde öňde duran işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow hasabat berdi. Ol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamasyny we «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli Konsepsiýany durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan 2027 – 2028-nji ýyllarda Halkara hukuk ýylyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça Türkmenistanyň Hereketleriniň milli meýilnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny habar berdi.

Bu resminama birnäçe ugurlardan we çärelerden ybarat bolup, halkara, syýasy-diplomatik, ylym-bilim, guramaçylyk, maglumat-ündew häsiýetli işleri öz içine alýar.

Bellenilişi ýaly, guramaçylyk we utgaşdyryş işleriniň çäklerinde 2027-nji, 2028-nji ýyllarda geçiriljek çäreleriň ýyllyk senenamalaryny taýýarlamak, olaryň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň Hukuk meseleleri boýunça müdirligi bilen bilelikde 2028-nji ýyla taýýarlyk görmek boýunça ýörite «Ýol kartasyny» işläp düzmek meýilleşdirilýär.

Halkara hyzmatdaşlyk ugrunda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler, aýratyn-da, degişli Kararnamanyň awtordaşlary bilen hyzmatdaşlykda birnäçe halkara çäreler guralar. Şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 82-nji sessiýasynyň, onuň Altynjy komitetiniň we Halkara hukuk hepdeliginiň çäklerinde ýörite çäreleri guramak meýilleşdirilýär.

Ylmy-amaly hyzmatdaşlyk ugrunda 2027-nji ýylyň birinji çärýeginde «Halkara hukuk – ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem halkara hukugyň häzirki zaman meselelerine, hususan-da, howanyň üýtgemegine, suw serişdelerine, durnukly ulag ulgamyna, sanly tehnologiýalara, emeli aňa, halkara ynsanperwer hukugyna bagyşlanan ylmy maslahatlary geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, halkara hukuga degişli ylmy makalalar, seljeriş, okuw-usulyýet häsiýetli maglumatlar neşir ediler.

Bilim we ýaşlar syýasaty ugrunda döwlet gullukçylary, ýaş diplomatlar üçin halkara hukuk boýunça ýörite okuwlary guramak, her ýyl «Ýaşlar we halkara hukuk» atly dialogy geçirmek göz öňünde tutulýar.

Maglumat-ündew işleriniň çäklerinde Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda Halkara hukuk ýylyna bagyşlanan ýörite bölümi döretmek, şeýle hem Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň saýtynda, «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynda degişli maglumatlary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara hukuk ýylyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça Türkmenistanyň Hereketleriniň milli meýilnamasynyň taslamasyny makullap, ony hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlemegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.