Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň duşuşygy

view-icon 17
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň duşuşygy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Walentina Matwiýenko bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini tassyklady hem-de bu gatnaşyklary ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň uly goşandyny belledi. Şeýle-de myhman «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň binagärlik keşbiniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny aýtdy. Ol pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny ýetirdi we Prezident Wladimir Putiniň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz dostlukly ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna ýurdumyza gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de bu saparyň möhüm waka bilen utgaşýandygyny — 16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasyna synçy derejesini bermek hakyndaky meseläni bu Assambleýanyň öňde boljak mejlisiniň gün tertibine girizmek baradaky haýyş bilen Walentina Matwiýenko hat iberilendigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Mejlisine bu derejäni bermek baradaky teklibiň W.Matwiýenkonyň şahsy başlangyjydygyny aýratyn nygtap, ýurdumyzda bu başlangyja ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de munuň üçin RF-niň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ähli halklaryň däp-dessurlaryny, adatlaryny, medeni-ruhy gymmatlyklaryny ilerletmekde Walentina Matwiýenkonyň şahsy goşandyny belläp, Russiýada şu ýylyň «Russiýanyň halklarynyň agzybirligi ýyly» şygary bilen geçýändigini, ýurdumyzyň bu ýörelgeleri goldaýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň hem köpmilletli halkynyň agzybirliginiň, raýatlarynyň jebisliginiň we raýdaşlygynyň, jemgyýetdäki ylalaşygyň, parahatçylygyň döwlet syýasatymyzyň özeni, daşary syýasy ugrumyzyň ygtybarly daýanjy bolup durýandygyny, bu ugurda Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň bilelikdäki işi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iki tarap hem A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň täze binasyny gurmak, Türkmen-rus uniwersitetini döretmek, paýtagtymyzda A.S.Puşkin adyndaky teatryň täze binasyny hem-de Dostluk binasyny gurmak ýaly başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin köp işleri alyp barýar.

Häzirki wagtda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny, Türkmenistanyň Russiýanyň sebitleri, hususan-da, Sankt-Peterburg şäheri, Tatarystan Respublikasy, Astrahan oblasty bilen gatnaşyklaryny ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Gahryman Arkadagymyz tamamlanyp barýan ýylyň jemlerine iki ýurduň parlamentleriniň hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan örän oňyn we netijeli diýip baha berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 2027-nji ýylda möhüm wakanyň — Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 35 ýyllygynyň belleniljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň, RF-niň Federasiýa Geňeşiniň we Döwlet Dumasynyň dostluk hem-de hyzmatdaşlyk toparlarynyň ýörite bilelikdäki mejlisini, bu senä bagyşlanan çäreleri geçirmek, olara iki ýurduň parlamentarileriniň gatnaşmagy we şunuň bilen bagly beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak barada teklip beýan edildi. Gahryman Arkadagymyz bu meselä seretmegi hem-de ylalaşylan ýagdaýynda, degişli tabşyryklary bermegi teklip etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu günler Türkmenistanda birnäçe iri, möhüm çäreleriň geçirilýändigini we olara Walentina Matwiýenkonyň hem gatnaşýandygyny belläp, munuň üçin RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Arkadagymyz bu çäreleriň iň esasysynyň Walentina Matwiýenkonyň başlyklyk etmeginde geçirilýän GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisidigini aýdyp, göz öňünde tutulan ähli meýilnamalaryň ýerine ýetiriljekdigine hem-de möhüm we oňyn netijeleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdi.

Walentina Matwiýenko GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de bu çäräniň Arkalaşygyň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýändigini, Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli ugurlar boýunça wajyp çözgütleriň kabul edilendigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko dostlukly döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.