2026-njy ýylyň 11-12-nji noýabrynda Moldowa Respublikasynyň paýtagty Kişinýew şäherinde Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ugry boýunça gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak we serhetüsti maglumat alyş-çalşygyny ösdürmek meselelerine bagyşlanan sebit duşuşygy geçirildi. Halkara Söwda Merkeziniň Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy bilen guramagynda geçirilen bu çärä Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Duşuşyk Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz ýurtlarynyň, şeýle hem Moldowanyň, Türkiýäniň we Ukrainanyň degişli edaralarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Gatnaşyjylar halkara ulag ugurlarynda gümrük amallarynyň tizligini we netijeliligini ýokarlandyrmakda sanly çözgütleriň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.
Iş maksatnamasynda elektron resminama dolanyşygyny ösdürmek, töwekgelçilikleri seljermekde häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanmak we «Bir penjire» ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek ýaly meseleler möhüm orun eýeledi. Şeýle-de serhetüsti maglumat alyş-çalşygyny kämilleşdirmegiň, dürli ýurtlaryň gümrük edaralarynyň arasynda tehniki hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýollary boýunça pikir alşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenleri üçin bu duşuşyk halkara tejribesini öwrenmek, sanly gümrük dolandyryşy babatda täze çemeleşmeler bilen tanyşmak hem-de daşary ýurtly kärdeşler bilen hünär gatnaşyklaryny ösdürmek üçin netijeli meýdança boldy. Şeýle başlangyçlar halkara ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmaga we sebitde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär.