17-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň migrasiýa ulgamynda gazanan tejribesi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada pikir alşyldy. Şeýle-de ýurdumyzyň abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklarynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän başlangyçlaryna üns çekildi.
Gepleşikleriň dowamynda migrasiýa we serhet gulluklarynyň arasynda özara tejribe alyşmagyň, hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem-de hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmegiň ähmiýeti bellenildi. Taraplar yzygiderli geçirilýän iş duşuşyklarynyň özara düşünişmegi berkitmekde we amaly hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtadylar. Şeýle hem Türkmenistanyň we Polşa Respublikasynyň halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklarynyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň netijeleri iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmany tassyklady. Taraplar migrasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.