Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň guramagynda Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda döredijilik duşuşygy geçirildi.
Bu döredijilik duşuşygy ýazyjy-şahyrlar Nazar Gullaýewiň, Näzik Annatyýewanyň, Meret Haladowyň, Begi Suhanowyň ömür-döredijiligine bagyşlandy. Döredijilik duşuşygyna ýurdumyzyň halypa we ýaş ýazyjy-şahyrlary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik duşuşygynda edilen çykyşlarda ussat ýazyjy-şahyrlaryň döreden eserleriniň ýaş nesilleri watançylyk, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýetlidigi aýratyn bellenildi.
Şeýle hem çykyş edenler Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur pähim-paýhasly kitaplarynda halypalara hormat goýmak, halkymyzyň «halypa-şägirt» ýörelgesini dowam etmek babatda gymmatly pikirleriň öňe sürülýändigini, türkmen edebiýatyny ösdürmek, döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak üçin ähli şertleriň döredilýändigini nygtadylar.