Ï Türkmenistanda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň mejlisine taýýarlyk görülýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň mejlisine taýýarlyk görülýär

view-icon 4
Türkmenistanda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň mejlisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň on birinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara toparyň işine aýratyn ähmiýet berilýär. Toparyň nobatdaky mejlisinde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, ýangyç-energetika, maliýe-ykdysady, ylym-bilim, ýokary tehnologiýalar, sport, medeniýet, saglygy goraýyş, ulag ýaly ulgamlarda özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň on birinji mejlisine gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.