Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Simfoniýanyň jadysy» atly konsert geçirildi.

Sazly agşamyň maksatnamasyna Pýotr Iliç Çaýkowskiniň üçünji simfoniýasy hem-de Dmitriý Dmitriýewiç Şostakowiçiň fortepiano we orkestr üçin ikinji konserti girizildi. Dürli döwürlerde ýaşap geçen bu iki beýik kompozitoryň dünýä saz hazynasyna goşan baý mirasy olary özara birleşdirýär.

Üçünji simfoniýa gamgyn owazlar bilen başlandy. Orkestriň kämil ýerine ýetirmeginde ýaňlanan sazlarda dramatizm, nepislik we giň gerimlilik duýuldy. Soňra saz ýuwaş-ýuwaşdan ýeňil şatlyk, bagtyýarlyk duýgusyna, eseriň jemleýji bölüminde bolsa durmuşy dabaralandyrýan belent ruha geçýär. Şeýlelikde, simfoniýa adamyň başdan geçirip biljek ähli duýgularyna täsir etdi. Liriki häsiýetli saz ýagty öwüşginli bolup, onda az-owlak duýulýan tans äheňleri hem bar.

Nusgawy sazyň muşdaklary kämil ýerine ýetirilen eserler üçin sazandalara şowhunly el çarpyşmalar bilen hoşallyk bildirdiler.

Dmitriý Şostakowiçiň fortepiano üçin ikinji konserti kompozitoryň ogly Maksim Şostakowiçe bagyşlanan eser bolup, bu eseriň aýdymçysy hökmünde ilkinji ýerine ýetirijisi hem hut şoldur. Bellemeli ýeri, ençeme ýyldan soň Maksim Şostakowiç bu eseri ýerine ýetirende, dirižýorlyga geçýär, aýdymçysy hökmünde bolsa onuň ogly – Dmitriý Şostakowiç kiçi çykyş edýär. Şonuň üçin hem fortepiano üçin ikinji konserti doly esas bilen «maşgala konserti» diýip atlandyrmak bolar.

Mukamlar köşgünde bu konsertiň aýdymçysy hökmünde Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow çykyş etdi. Ol öz partiýasyny ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Sazly agşam maksatnamadan daşary ýerine ýetirilen Dmitriý Şostakowiçiň eserleri bilen dowam etdi. Tomaşaçylaryň haýyşy boýunça Wladimir Mkrtumow «Degişme wals» eserini, Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr bolsa «Rus walsy» eserini ýerine ýetirdi.

Üflenip çalynýan saz gurallarynyň owazy ýakymly hem-de tolgundyryjy äheňde ýaňlandy, skripkalaryň howaýy owazy bolsa olaryň sesini has-da ýumşatdy. Netijede, tans edýän jübütleriň hereketlerini, ýere gaçýan ýapraklaryň pyrlanyşyny, köçe çyralarynyň ýagtysyny we ýaşaýşyň kalbyňa täsir edýän näzik duýgularyny beýan edýän ajaýyp saz sazlaşygy emele geldi.

Şu walsyň bagyş eden ylhamly duýgusy bilen tomaşaçylar Mukamlar köşgüniň konsert zalyndan çykyp, simfoniki orkestriň sazandalaryna ruhy lezzet üçin hoşallyk bildirdiler.




