Ï «Türkmentel – 2026» sergisinde «Nubia» haryt nyşanly smartfonlaryň görnüşleri görkezildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmentel – 2026» sergisinde «Nubia» haryt nyşanly smartfonlaryň görnüşleri görkezildi

view-icon 42
«Türkmentel – 2026» sergisinde «Nubia» haryt nyşanly smartfonlaryň görnüşleri görkezildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmentel – 2026» atly XIX halkara sergisinde Hytaýyň smartfonlary we sanly tehnologiýalary öndüriji «Nubia» kompaniýasynyň haryt nyşanly enjamlarynyň toplumy görkezildi. «Nubia» kompaniýasy häzirki wagtda ýurdumyzyň «Ak toprak» hususy kärhanasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär.

– «Nubia» kompaniýasy häzirki wagtda Hytaýda iň meşhur kompaniýalaryň biridir – diýip, «Ak toprak» hususy kärhanasynyň IT we aragatnaşyk bölüminiň wekili Döwran Nyýazmyradow aýdýar. –Sergide yklam enjamlaryň alty görnüşi – oýun üçin smartfonlar, ýelpewaçly smartfonlar we beýleki enjamlar görkezilýär. Mundan başga-da, diwarlykda ygtybarlylygy we elýeterli bahalary bilen tapawutlanýan döwrebap routerleri hem görmek bolýar.

Şençžen şäherinde ýerleşýän «Nubia» kompaniýasy 2012-nji ýylda «ZTE» korporasiýasyndan bölünip aýrylan kärhana hökmünde esaslandyrylyp, 2015-nji ýylda kompaniýa bolýar. Häzirki wagtda «Nubia Technology» kompaniýasy elýeterli bahaly hem-de ýokary hilli smartfonlary öndürýär. Kompaniýanyň sanawynda telefonlardan başga-da, noutbuklar, planşetler we akylly sagatlar-da bar.

Kompaniýa inženerçilik täzelikleri bilen tanalýar. Ol 2019-njy ýylda dünýäde ilkinji bolup ýelpewaçly smartfony (RedMagic 3), 2022-nji ýylda bolsa ekran asty kameraly ilkinji oýun enjamyny (RedMagic 7 Pro) çykardy. RedMagic 8S Pro we RedMagic 9S Pro Plus çykan pursadynda Android gurluşlaryň arasyndaky öndürijilik sanawynyň başynda durýardy.

«Nubia» kompaniýasynyň Türkmenistanda hyzmatdaşy bolup biljek «Ak toprak» hususy kärhanasy bazarda 2005-nji ýyldan bäri işleýär. Dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden ýük we gurluşyk tehnikasynyň lomaý satuwyny we tehniki hyzmatyny amala aşyrmakdan başlan kärhana 2008-nji ýyldan bäri ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün etmek we döwlet pudagynyň desgalarynyň gurluşygyna gatnaşmak bilen, energetika hem telekommunikasiýa ugurlarynda üstünlikli iş alyp barýar.

Daşary ykdysady hyzmatdaşlyk babatdaky köpýyllyk tejribesine hem-de ýerli bazaryň aýratynlyklaryny bilmegine esaslanyp, «Ak toprak» hususy kärhanasy daşary ýurt tehnologiýa kompaniýalary üçin ygtybarly hyzmatdaş bolup çykyş edýär we olaryň Türkmenistanyň geljegi uly bazaryna üstünlikli aralaşmagyna ýardam edýär.