Ï Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň mizemez binýady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň mizemez binýady

view-icon 179
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň mizemez binýady

Düýn, 25-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda maslahat geçirildi. «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň mizemez binýady» ady bilen geçirilen maslahatyň maksady ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny köpçülige wagyz etmekden ybarat boldy. Oňa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleridir işjeň agzalary, ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagyna 31 ýylyň dolýandygy barada buýsançly bellenildi. Çykyş edenler halkymyzyň milli baýramlarynyň naýbaşylarynyň biri bolan Bitaraplygyň ulus-ilimizde toý şatlygyny döredýändigini, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde bu şanly sene mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýändigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Bitaraplyk ýörelgelerinde halkymyzyň ynsanperwer, parahatsöýüjilik, abadançylyk hem agzybirlik baradaky garaýyşlary dowamat dowam bolýar. Bitaraplyk halkymyzyň asyrlar boýy asudalygy döretmäge, gorap saklamaga hem-de pugtalandyrmaga bolan ymtylmasynyň, isleginiň wysalydyr. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyz bu günki gün şol arzuwyny doly derejede durmuşa geçirmegi başardy. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik ylhamyndan dörän «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda bitaraplyk we parahatçylyk düşünjeleri hakynda aýratyn nygtalyp, olaryň özboluşly arabaglanyşygynyň açylyp gözkezilýändigi hakynda durlup geçildi.

Maslahatyň ahyrynda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly Watanymyzy ösüşleriň, özgertmeleriň, dost-doganlygyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri ýaňlandy.