Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Marokkoda ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň torunyň maslahatyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Marokkoda ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň torunyň maslahatyna gatnaşdy

view-icon 120
Türkmenistanyň wekiliýeti Marokkoda ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň torunyň maslahatyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 25–27-nji noýabrynda Marokko Patyşalygynyň Es-Suweýra şäherinde ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň torunyň 18-nji ýyllyk maslahaty geçirildi. Oňa Aşgabat şäheriniň häkimliginiň wekillerinden düzülen Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.

«Durnukly we toplumlaýyn şäher ösüşi üçin medeni innowasiýalar» şygary astynda geçirilen maslahat dünýäniň 53 ýurdundan 123 şäheriň wekillerini, şeýle hem medeniýet, döredijilik industriýalary we şäher gurluşygy boýunça halkara bilermenleri bir ýere jemledi.

Çäräniň çäklerinde plenar we tematiki mejlisler, şäher häkimleriniň forumy hem-de döredijilik şäherleriniň sergisi geçirildi. Olaryň dowamynda döredijilik ykdysadyýetini ösdürmek, medeni mirasy gorap saklamak, şäher meýilnamalaşdyrylyşyna innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerine esasy üns berildi.

Aşgabat şäheriniň wekiliýetiniň maslahata gatnaşmagy daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaga, hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de dizaýn we durnukly şäher ösüşi babatynda häzirki zaman çemeleşmeleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Şeýle hem, 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizilendigini bellemek zerurdyr. Bu dereje milli däpleri we häzirki zaman şähergurluşyk çözgütlerini utgaşdyrýan türkmen paýtagtynyň binagärlik aýratynlygyny şöhlelendirýär.

Türkmenistanyň bu maslahata gatnaşmagy ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, şeýle hem Aşgabadyň dizaýn, binagärlik we durnukly şäher ösüşi babatyndaky halkara mümkinçiliklerini ilerletmäge ýardam berýär.