Ï Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidentini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidentini kabul etdi

view-icon 769
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek, halkymyzyň milli ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, suratkeşlik, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam we beýleki çeper döredijilik sungatynyň eserlerini wagyz etmek, teatr, sirk we estrada sungatynyň işini dünýä ülňülerine laýyk guramak, şeýle hem ilatyň medeni dynç alyş şertlerini ýokarlandyrmak, olarda belent ahlak sypatlaryny terbiýelemek, medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleriniň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek, baýramçylyk dabaralarynyň, dürli maksatly medeni çäreleriň hilini we täsirliligini ýokarlandyrmagy üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hakyndaky Düzgünnama;

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy;

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň sanawy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

* * *
Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek, medeniýetimizi we sungatymyzy has-da ösdürmek hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini talaba laýyk ýola goýmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hakyndaky Düzgünnama;

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gurluşy;

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň tabynlygyndaky edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň sanawy tassyklanyldy.

Şeýle hem Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetini Aşgabat şäherindäki “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň binasynda ýerleşdirmek, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Ahal, Balkan, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň teleradio studiýalaryny bellenen tertipde döretmek, Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirligini ýapmak, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetini ýapylan Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň hukuk oruntutary hasaplamak bellenildi.

Mundan hem başga Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigine Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň garamagyna ähli emlägi bilen bellenen tertipde bermek, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine “Teleradiomerkezi” döwlet kärhanasyny Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň garamagyna ähli emlägi bilen bellenen tertipde bermek, şeýle hem Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

* * *
Geçmişi şan-şöhrata beslenen, bäş müň ýylylk taryhly, umumyadamzat medeniýetine uly goşant goşan türkmen halkynyň medeni mirasyny wagyz etmek, ruhy dünýäsini täsirli açyp görkezmek, Galkynyş zamanasynda amala aşyrylýan uly özgertmeleri, ýurdumyzda gazanylan ajaýyp ýeňişleri, zähmet üstünilklerini buýsançyly wasp etmek, halkymyzyň belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň esasynda jemgyýetçilik aňyny kämilleşdirmek, geljegimiz bolan ýaş nesilleriň ruhy dünýäsiniň sagdyn we gözel bolmagyny gazanmak, olary milletimiziň gadymy köklerinden gözbaş alýan ýörelgeler, däp-dessurlar esasynda terbiýelemek, ýurdumyzyň teleradioýaýlymlarynyň işiniň netijeliligini yzygiderli artdyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlarynyň, şol sanda medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň arzuw-isleglerini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Aşgabat şäheriniň günortasynda, Köpetdagyň etegindäki belentlikde gurlan telewizion minara “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi diýlip atlandyryldy.