Ï Türkmen samboçylarynyň üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen samboçylarynyň üstünligi

view-icon 624
Sambo boýunça dünýä Kubogyny almak ugrunda Moskwada tamamlanan ýaryşda türkmen türgenleri altyn we kümüş medallary eýelediler. Baýrak ugrunda 16 ýurtdan samboçylaryň 200-den gowragy güýç synanyşdy.

Türkmenistanyň toparynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby G.Babamyradowa has üstünlikli çykyş edip, dürli ýurtlardan gelen garşydaşlary bilen duşuşyklarynda öz ezberligini görkezmegi başardy hem-de hormat münberiniň ýokary basgançagyna çykdy.

Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby, halkara derejeli sport ussady T.Döwletow söweş sambosy boýunça bäsleşikde türkmen toparyna kümüş medal getirdi.

Türkmen samboçylary golaýda Rigada (Latwiýa) ýetginjekleriň we ýaş türgenleriň arasynda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmagy meýilleşdirýärler.