Ï Grossmeýsteriň ýigrimi döwli oýny
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Grossmeýsteriň ýigrimi döwli oýny

view-icon 708
Aşgabat şäheriniň küşt sport mekdebinde bir wagtda köp tagtada küşt oýunlary geçirildi. Ýagny mekdebiň okuwçylarynyň 20-si halkara grossmeýster Orazly Annageldiýew bilen bäsleşdiler. Munuň ýaly oýunlar sport mekdebinde däbe öwrülipdi, ýöne bu gezek ýaryşa gatnaşan paýtagtymyzyň iň ökde türgenleri küşt ussadyny her bir tagtanyň öňünde „kelle döwmäge“ mejbur etdiler.

Bäsleşige gatnaşýanlaryň sport derejeleri, ýagny sport ussatlygyna dalaşgärler, halkara küşt federasiýasynyň ussatlary, umuman aýdanymyzda Türkmenistanyň ýaş türgenleriniň arasynda geçirilýän ýaryşlarynyň ýeňijileriniň ökdeligini aýdyň tassyklaýar. Onuň üstesine-de olaryň köpüsinde hormat derejelerine çykaran halkara ýaryşlarda çykyş etmek tejribeleri bar.

Megerem, bäsleşýän „ýigrimiligiň“ arasynda iň meşhury Beýik Britanyýanyň paýtagty London şäherinde geçirilen Intellektual oýunlaryň Olimpiadasynda geçen ýyl we şu ýyl ajaýyp üstünlige eýe bolan 12 ýaşly Saparmyrat Atabaýew diýsek ýalňyşmarys. 2010-njy ýylda ol 1 sany altyn we 1 sany bürünç medalyna eýe bolan bolsa, bir ýyldan bolsa ol 3 sany altyn we 1 sany bürünç medallarynyň eýesi boldy. Grossmeýster Orazly Annageldiýew hut Saparmyradyň tagtasynda köp pikirlenýärdi.

Ýaryş tamamlanandan soň Orazly Annageldiýew Saparmyrat bilen bolan oýunda, ýaş küştçiniň öňünden çak edip bolmajak hereketleriniň kynçylyk döredýänligini belledi. Ol goranyşy ýatdan çykarman hüjüme batyrgaýlyk bilen geçýär. Ýaryşyň dowamynda ol oýnuň tärlerini düýpgöter üýtgetmek bilen garşydaşyny kyn ýagdaýa salyp bilýar. Şonuň üçin Orazly Annageldiýew Saparmyrat bilen oýna esasy ünsini bermeli boldy we netijede ony utmagy başardy.

Ýaryşyň iň körpe we gelejegi uly bolan küştçileri 7 ýaşly Allaýar Şirliýewi we 8 ýaşly Azat Nurmämmedowy hem ýeňmek aňsat bolmady. Bu ýaryşda grossmeýster 18 oýna ýatuw yglan etdi we 2 oýny deňme deň tamamlady.

Şunuň ýaly ýaryşlarda utanyň ýa-da utulanyň wajyp däl. Esasy maksat ussat bilen ýaşlaryň arasynda tejribe alyşmakdan ybarat. Mundan daşary bolsa, bu ýaryş grossmeýster üçin uly synag bolup durýar. Sebäbi ol uzak wagtyň dowamynda hemme döwleri ýadynda saklamak bilen küşt döwünde pozision artykmaçlygyny sypdyrmaly däl we olary yadynda berk saklamaly. Munuň üçin bolsa juda ünsli bolmaly. Orazly Annageldiýew özünde bu ukyplarynyň barlygyny subut etdi. Ýeri gelende aýdanymyzda dünýä tejribesinde grosmeýstrleriň bir wagtyň özünde ýüzläp küştçiler bilen ýaryşan wagtlarynyň hem bolanlygyny bellemeli.

Şu günler Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary halkara derejesindäki jogapkärli ýaryşa , ýakyn wagtda 16 ýaşa çenli küştçileriň arasynda Turkiýe döwletinde geçiriljek olimpiadasyna taýýarlanýanýarlar.