Şu gün ýurdumyzyň atçylyk-sport toplumlarynda güýzki möwsümiň ýedinji çapyşyk güni geçirildi. Ýörite taýýarlanan meýdançada aýdym-saz, tans we halk döredijiligi toparlarynyň çykyşlary, şeýle hem paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň ýaş türgenleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygyna bagyşlanan görkezme çykyşlary boldy.
Aşgabadyň atçylyk - sport toplumynda çapyşyklaryň sekizisi bolup, onda ahalteke bedewleriniň 70-den gowragy ýyndamlykda bäsleşdiler.
Birinji çapyşykda 1400 metr aralyga Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, halypa seýis, ussat çapyksuwar Babaly Taýmazowyň hatyrasyna goýlan baýrak ugrunda ikiýaşar bedewler güýç synanyşdylar. Ussat seýisiň ýetişdiren iň oňat ahalteke bedewleriniň arasynda meşhur Meleguş hem bar. Bu günki gün onuň işini ogullary we agtyklary mynasyp dowam etdirýärler. Ondan başga-da, Babaly Taýmazow ahalteke athanasynyň belli seýsleriniň köpüsi üçin halypa boldy. Onuň şägirtleriniň biri hem Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Ilmyrat Agamyradowdyr. Şu günki ýaryşda bu aralygy 1 minut 39,4 sekuntda geçmegi başaran Dorgoňur baýragyň eýesi boldy.
Ikinji çapyşykda üçünji topardaky ikiýaşarlar 1200 metr aralyga bäsleşdiler. Şonda Meledag pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy /1 minut 21,2 sekunt/.
Üçýaşar bedewleriň arasynda “Uly Aşgabat” /Derbi/ baýragy ugrunda 2400 metr aralyga geçirilen üçünji çapyşyk has-da çekeleşikli boldy. Dünýäniň atçylyk sportunyň ösüşine aýratyn üns berýän ýurtlarynyň köpüsinde “Derbi” baýragy ugrunda ýaryşyň geçirilýändigi bellenilmelidir. Ilkinji gezek bu baýrak ugrundaky ýaryşlar iňlis lordy Derbiniň adyndan üçýaşar bedewleriň arasynda 1780-nji ýylda geçirilipdi. Ol hem şu baýragyň döremegine sebäp boldy. Aşgabatda “Derbi” baýragy ugrundaky ýaryş güýzki möwsümde geçirilýär hem-de ol abraýly baýraklaryň hataryna girýär. Bu gün bu aralygy 2 minut 53,2 sekuntda geçip, Garazat baýragyň eýesi boldy.
Dördünji çapyşykda üçünji topardaky üçýaşarlar 1600 metr aralyga bäsleşdiler. Şonda Garahan beýlekilerden saýlanyp, pellehana ilkinji bolup geldi /1 minut 54,5 sekunt/.
“Boýnaw” baýragy ugrundaky bäşinji çapyşyk hem täsirli boldy. Mälim bolşy ýaly, bu baýrak meşhur Boýnowyň şanyna döredildi. Onuň ilkinji seýsi türkmen atşynaslarynyň köpüsiniň halypasy belli Taňryguly Gatydyr. Häzirki wagtda saýlama ahalteke bedewleriniň aglabasy onuň nesilleri bolup durýar. Bu gün Boýnaw baýragy ugrunda 2400 metr aralyga üçýaşar bedewler güýç synanyşdylar. Bu aralygy 2 minut 52,4 sekuntda geçip, Şelpeli pellehana birinji geldi.
Altynjy çapyşykda 2400 metr aralyga dörtýaşar we ulyýaşar bedewleriň arasynda Türkmenistanyň atşynaslar maşgalasyndan bolan Agamyrat Annaseýit oglunyň hatyrasyna goýlan baýrak ugrunda ýaryşdylar. Onuň ogullary—at gazanan atşynaslar-seýisler Ilmyrat we Kakamyrat Agamyradowlar, ussat seýis Rejepmyrat Agamyradow hem-de agtyklary – ussat çapyksuwarlar Guwançmyrat we Begençmyrat Agamyradowlar il içinde meşhurlyga eýe boldular. Çapyşykda bu aralygy 2 minut 53,1 sekuntda geçip, Saklanma pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy.
3200 metr aralyga “Uly Ahal” /Derbi/ baýragy ugrunda dört we ulyýaşar atlaryň arasynda geçirilen ýedinji çapyşyk hem atçylyk sportunyň muşdaklarynyň hem-de janköýerleriniň arasynda aýratyn gyzyklanma döretdi. Bu gün bu baýrak ugrunda Şahymerdan bilen Gökhanyň arasynda ýiti çekeleşik boldy. Garşydaşyndan bir burun öňe saýlanan Şahymerdan 3 minut 52,2 sekunt wagt görkezijisi bilen pellehana çyzygyny kesip geçdi. Gökhan bu aralygy 3 minut 52,3 sekuntda geçmegi başardy.
Sekizinji çapyşykda hem dört we ulyýşar bedewler 2 müň metr aralyga bäsleşdiler. Şonda Erkin pellehana ilkinji bolup geldi /2 minut 25,5 sekunt/.
Balkan welaýatynyň atçylyk-sport toplumynda ulyýaşar bedewleriň 34-siniň gatnaşmagynda bäş çapyşyk geçirildi. Şonda 1600 metr aralyga geçirilen birinji we bäşinji çapyşyklarda Şadilli /2 minut 1,0 sekunt/ we Dordepel /2 minut 11,0 sekunt/ ýeňiji boldylar. 4800 aralykda geçirilen ikinji çapyşykda Dagly /7 minut 23,0 sekunt/, üçünji we dördünji çapyşyklarda 3400 metr aralyga Kepderi /4 minut 50,0 sekunt/ hem-de Ýyldyrym /5 minut 31,0 sekunt/ pellehana ilkinji bolup geldiler.
Daşoguz welaýatynyň atçylyk-sport toplumynda 80 bedewiň arasynda on çapyşyk bolup, olar çekeleşikli geçdi. Dört we ulyýaşar bedewler ilkinji üç çapyşykda, bäşinji, altynjy we ýedinji çapyşyklarda bäsleşdiler. Şonda 2 müň metr aralyga Gadyr /2 minut 47,0 sekunt/ hem-de Alsakar /2 minut 50,0 sekunt/, 1800 metr aralyga Ýeldes /2 minut 20,0 sekunt/ we Gaýgysyz /2 minut 29,0 sekunt/, 3 müň metr aralyga Doňýürek /4 minut 23,0 sekunt/ hem-de 1400 metr aralyga Aýhan /1 minut 55,0 sekunt/ wagt görkezip, ýeňijiler hökmünde ykrar edildiler. Dördünji we onunjy çapyşyklarda üçýaşar bedewler 1400 metr aralyga güýç synanyşdylar. Şonda Aýbakan /1 minut 54,0 sekunt/ we Garlawaç /2 minut 01,0 sekunt/ pellehana ilkinji bolup geldiler. Sekizinji we dokuzynjy çapyşyklarda 1 müň metr aralyga ikiýaşar bedewler öz çapuw mümkinçiliklerini görkezdiler. Olarda Sülgün /1 minut 15,0 sekunt/ hem-de Toýçy /1 minut 25,0 sekunt/ ýeňiji boldular.
Lebap welaýatynyň atçylyk-sport toplumlarynda “behşdi bedewleriň” 29-sy bäş çapyşykda bäsleşdiler. Dört we ulyýaşar bedewler öz ýyndamlyklaryny birinji, ikinji, dördünji we bäşinji çapyşyklarda görkezdiler. 3 müň metr aralyga “Uly Türkmenabat” baýragy ugrundaky ýaryşda Gadagan /3 minut 49,0 sekunt/, ikinji çapyşykda 2500 metr aralyga Sumbar /3 minut 14,0 sekunt/, 2200 metr aralyga geçirilen dördünji çapyşykda Gowluk /2 minut 45,2 sekunt/ hem-de bäşinji çapyşykda 2 müň metr aralyga Erzurum /2 minut 32,7 sekunt/ ýeňiş gazandylar. Üçünji çapyşykda üçýaşar bedewleriň arasynda 2400 metr aralyga “Boýnaw” baýragy ugrunda deňeçer göreş boldy. Şonda Köşek /3 minut 04,5 sekunt/ pellehana ilkinji geldi.
Mary welaýatynyň atçylyk-sport toplumynda 24 bedewiň gatnaşmagynda bäş çapyşyk geçirildi. 1200 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda ikiýaşarlar “Pereň” baýragy ugrunda güýç synanyşdylar. Şonda Pynhan /1 minut 44,1 sekunt/ ýeňiş gazandy. Ikinji çapyşykda üçýaşarlar 1600 metr aralyga “Boýnaw” baýragy ugrunda bäsleşdiler. Onda Sandykly /2 minut 05,0 sekunt/ wagt görkezip, baýragy eýeledi. 1800 metr aralyga geçirilen üçünji çapyşykda “Uly Mary” baýragy ugrunda bedewler öz arasynda ýaryşdylar. Şonda Perwaz /2 minut 40,0 sekunt/ baýragyň eýesi boldy. “Açyk baýrak” ugrundaky 2 müň metr aralyga geçirilen dördünji çapyşykda Gammar /2 minut 56,0 sekunt/ ýeňiş gazandy. 2 müň metr aralyga “Mary” baýragy ugrunda geçirilen bäşinji çapyşykda Sumbar /3 minut 02,0 sekunt/ pellehana ilkinji bolup geldi.
“Behişdi bedewleriň” janköýerleri üçin atçylyk sportunda täze ýeňijileriň adyny kesgitlän güýzki atçapyşyk möwsüminiň ýene-de bir güni tamamlandy.