Ï Güýzki mömsümiň sekizinji çapyşyk güni
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Güýzki mömsümiň sekizinji çapyşyk güni

view-icon 659
Şu gün ýurdumyzyň atçylyk sporty toplumlarynda güýzki möwsümiň sekizinji çapyşyk güni geçirildi. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan tans we folklor toparlarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň we paýtagtymyzyň ýaşajyk türgenleriniň görkezme çykyşlary özboluşly baýramçylyk ýagdaýyny döretdi.

Bu gezek Aşgabadyň atçylyk sporty toplumynda 11 çapyşyk geçirildi. Oňa bedewleriň 94-si gatnaşdy.

Birinji we ikinji çapyşyklarda erkin agramda çykyş edýän ýaşajyk çapyksuwarlar iki ýaşar bedewlerde 500 metr aralykda güýç synanyşdylar. Şol çapyşyklarda Aýlar atly bedew (0,32 sekunt) we Gülnäzik atly bedew (0,32.1 sekunt) ýeňiji boldular. Olary erkin agramda çykyş edýän B.Babaýew çapdy.

Dördünji toparda çykyş edýän iki ýaşar bedewler üçünji, dördünji we bäşinji çapyşyklarda 1000 metr arylyga goşuldylar. Onda Gaplaňly (1 minut 10.2 sekunt), Şöhrat (1 minut 08.3 sekunt) we Gümmezli (1 minut 10.2 sekunt) pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Şeýle hem şu aralyk boýunça Garamaşal (1 minut 09.1 sekunt), Aslyhan (1 minut 09.3 sekunt), Kiçitüňňi (1 minut 09.4 seknut) we Seýil (1 minut 10.2 sekunt) ýaly bedewleriň görkezen wagtlary gowy boldy.

Üçünji toparda çykyş edýän iki ýaşar bedewler altynjy çapyşykda 1200 metr aralykda Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, halypa seýis G.Annalyewiň adyna goýlan baýrak ugrunda bäsleşdiler. Çekeleşikli geçen bäsleşikde Gazanar atly bedew ýeňiji boldy. Ol bu aralygy 1 minut 22.3 sekuntda geçdi.

Ýedinji çapyşykda bolsa iki ýaşar bedewler 1600 metr aralyga goşuldylar. Olar bu ýaryşda türkmeniň şöhratly bedewi Pereňiň adyna goýlan baýrak ugrunda bäsleşdiler. Bu ýaryşda Dorgoňur atly bedew tapawutlanyp, “Pereň” baýragyna mynasyp boldy. Ol bu aralyga 1 minut 48.4 sekunt sarp etdi.

Dördünji toparda çykyş edýän üç ýaşar bedewler sekizinji we dokuzynjy çapyşyklarda 1500 aralyga goşuldylar. Şonda Guşganat atly bedew bu aralygy 1 minut 48,3 sekuntda geçdi. Dokuzynjy çapyşykda bolsa Apat pellehanadan birinji bolup geçdi. Ol bu aralyga 1 minut 48,2 sekunt sarp etdi. Onunjy çapyşykda 1600 metr aralyga goşulan bedewleriň arasynda Arslan atly bedew (1 minut 54 sekunt) ýeňiji boldy.

Jemleýji çapyşykda dört we uly ýaşar bedewler 2000 metr aralyk boýunça güýç synanyşdylar. Şonda Gindiguş (2 minut 25.5 sekunt) atly bedew ýeňiş gazandy.

Balkan welaýatynyň atçylyk sporty toplumynda alty çapyşyk geçirildi. Şonda ilkinji üç, bäşinji we altynjy çapyşyklarda uly ýaşar bedewler güýç synanyşdylar. 1400 metr aralyga goşulan bedewleriň arasynda Düldül (2 minut 25 seknut), 4600 metr aralyk boýunça güýç synanyşan bedewleriň arasynda Meleguş – 2 (7 minut 44 sekunt) we Dagly (7 minut 20 sekunt) ýeňiji boldular. 3200 metr aralyga geçirilen ýaryşda Arkadag (5 minut 57 sekunt), 1400 metr aralyga goşulan bedewleriň arasynda Dordepel (2 minut 07 sekunt) pellehanadan birinji bolup geçdiler. Dördünji çapyşykda iki ýaşar bedewler 3200 metr aralyga goşulydar. Şonda Garlawaç öňe saýlandy. Ol bu aralygy 5 minut 15 sekuntda geçmegi başardy.

Daşoguz welaýatynyň atçylyk sporty toplumynda alty çapyşyk geçirildi. Şonda dört we uly ýaşar bedewler ilkinji üç we bäşinji çapyşyklarda güýç synanyşdylar. 1800 metr aralyga goşulan bedewleriň arasynda Ýeldes (2 minut 20 sekunt) we Gadyr (2 minut 23 sekunt), 1400 metr aralyga geçirilen çapyşyklarda Şagadam (1 minut 49 sekunt) we 2 müň metr aralyga goşulan bedewleriň arasynda Doňýürek (2 minut 49 sekunt) ýeňiji boldular. Üç ýaşar bedewler dördünji we altynjy çapyşyklara goşuldylar. 1400 metr aralyga geçirilen ýaryşda Gerdem (1 minut 53 sekunt) we Dostluk (1 minut 57 sekunt) pellehanadan birinji bolup geçdiler.

Lebap welaýatynyň atçylyk sport toplumynda alty çapyşyk geçirildi. Birinji, ikinji, dördünji we bäşinji çapyşyklarynda dört we uly ýaşar bedewler öz ýyndamlygyny görkezdiler. 2500 metr aralyga goşulan bedewleriň arasynda Kepderi (2 minut 58.6 sekunt), Gujurly (2 minut 58.9 sekunt) we Ýyldyrym (3 minut 11.6 sekunt), 2200 metr aralyga guralan çapyşykda Babarap (2 minut 43.8 sekunt) ýeňiji boldular. Üçýaşar bedewler üçünji we altynjy çapyşyklara goşuldylar. 2000 metr aralykda güýç synanyşan bedewleriň arasynda bolsa Gadamhan (2 minut 32.1 sekunt) hem-de Garlawaç (2 minut 38.3 sekunt) atly bedewler öňe saýlanmagy başardylar.

Mary welaýatynyň atçylyk sporty toplumynda dört çapyşyk geçirildi. Birinji çapyşykda bedewler 500 metr aralyk boýunça güýç synanyşdylar. Şonda bu aralygy 0,34 sekuntda geçen Pynhan atly bedew ýeňiji boldy. Ikinji çapyşykda üç ýaşar bedewler 1600 metr aralyga goşuldylar. Şonda Garlawaç (2 minut 21 sekunt) atly bedew birinji geldi. Üçünji we dördünji çapyşyklarda çapuw ýodasyna dört we uly ýaşar bedewler çykdy. Şonda 1800 metr aralyga goşulan bedewleriň arasyndan Gadyrly saýlanmagy başardy. Ol bu aralygy 2 minut 45 sekuntda geçdi. Dördünji çapyşykda bu aralyga 2 minut 47.0 sekunt sarp eden.

Toýdar atly bedew ýeňiji boldy.

Atçylyk sporty toplumlarynyň münberlerinden gyzykly geçen çapyşyklara tomaşa eden janköýerleri ahalteke bedewleriniň ýyndamlygyna uly höwes bilen syn etdiler we çapyşyklara mynasyp baha berdiler.