Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguzhan” Köşkler toplumynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary harby okuw mekdepleriniň hem-de harby bölümleriniň şahsy düzümine söweşjeň baýdaklary gowşurdy. Dabara ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Söweşjeň baýdaklaryň gowşurylmagy mynasybetli dabara gatnaşýan harby gullukçylar nyzama düzüldiler. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow dabara geçýän zala geldi.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew raport berýär. Döwlet Baştutanymyz raporty kabul edip, öňi bilen ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny, serkerdelerini we ähli şahsy düzümlerini ýetip gelýän ählihalk dabarasy—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlagy we iň oňat arzuwlaryny aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet Senasy ýaňlanýar.
Döwlet Baştutanymyz bu günki dabara gatnaşyjylar bilen salamlaşýar. Soňra söweşjeň baýdaklaryň gowşurylyş dabarasy başlandy.
Söweşjeň baýdagy kabul etmek üçin Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň harby bölümleriniň we Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby deňiz institutynyň, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Deňizhan adyndaky aýratyn deňiz pyýada brigadasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky institutynyň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň serkerdeleri baýdakçylar toparlary bilen orta çykýarlar.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyndan söweşjeň baýdaklary kabul edip almak bilen, serkerdeler Watana baky wepalylygyň, şu gün kabul edilip alan baýdaklarynyň astynda ata-babalarymyz ýaly eziz Diýarymyzy şirin janlaryny hem gaýgyrman gorajakdyklarynyň alamaty hökmünde mukaddes tugy öpýärler.
Soňra baýdakçylar toparlary söweşjeň baýdaklary göterip, öz serkerdeleriniň baş bolmagynda harby orkestriň dabaraly sazynyň owazy astynda şu dabara gatnaşyjylaryň hatarynyň öňünden nyzam bilen geçip gidýärler.
Söweşjeň baýdaklary gowşurylyş çäresi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti, Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylary söweşjeň baýdaklara mynasyp bolmagy bilen tüýs ýüreklen gutlady.
Şu günki dabaraly pursat siziň üçin ýatdan çykmajak buýsançly wakadyr, gowşurylan söweşjeň baýdaklar döwletimiziň Garaşsyzlygyny, bitewüligini we howpsuzlygyny gorap saklamakda siziň söweşjeň ruhuňyzy has-da belende göterer diýip, hormatly Prezidentimiz belldei. Biz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny uly joşgun, ruhubelentlik bilen, ajaýyp zähmet üstünliklerini gazanyp, garşy alýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu baýram türkmen halkynyň baş baýramydyr, biziň bu günki bagtyýar, eşretli durmuşymyz, ýeten belent sepgitlerimiz, gazanan halkara abraýymyz mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen aýrylmaz baglydyr.
Döwlet Baştutanymyz Watan goragçylary mundan beýläk-de ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňünde eden kasamyna wepaly bolup, gulluk borçlaryny abraý bilen birkemsiz ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.
Watany goramak mukaddesdir, uly mertebedir we bagtdyr, şonuň üçin hem siz ata Watanymyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, mähriban halkymyzy gözüňiziň göreji ýaly goramalysyňyz, Oguz han, Çagry beg, Togrul beg, Alp Arslan ýaly taryhda öçmejek yz goýan serkerdelerimiziň görkezen deňsiz-taýsyz edermenligini, batyrlygyny, gaýduwsyzlygyny hemişe özüňize nusgalyk ýörelge edinmelisiňiz diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz sözüniň ahyrynda dabara gatnaşýan harby gullukçylary gulluk edýän harby bölümlerine söweşjeň baýdaklaryň gowşurylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we olara bagtyýar, abadan durmuş, Watany goramak ýaly mukaddes borjy abraý bilen ýerine ýetirmekde uly üstünlikler arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynyň dowamynda harby gullukçylaryň şowhunly “Ura,Ura,Ura!” diýen sözleri birnäçe gezek ýaňlandy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar --Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary harby okuw mekdepleriniň we harby bölümleriniň şahsy düzümleri söweşjeň baýdaklaryň gowşurylyşy mynasybetli guralan dabara üçin milletiň Liderine tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar we harby kasamy ýerine ýetirdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylary Watany goramagyň mukaddes işinde ýene-de bir gezek üstünlikleri arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.