Ï Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

view-icon 1968
Şu gün umumyhalk baýramçylygynyň – türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda Mary welaýatynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bilim we medeniýet ulgamynyň häzirki zaman binalarynyň gurulmagy täze Galkynyş eýýamynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Täze eýýam adamyň abadançylygyny we hemmetaraplaýyn ösmegini ähli reformalaryň we özgertmeleriň baş maksady diýip yglan etdi. Durmuşyň täze ülňüleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda peýda boldy, olarda häzirki zaman durmuş medeni maksatly desgalar, iri lukmançylyk we sport-sagaldyş merkezleri, ýokary we orta okuw mekdepleri, oňaýly ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi.

Soňky ýyllarda Mary ýurdumyzyň beýleki şäherleridir we obalary ýaly ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Häzirki wagtda bu ýerde täze dolandyryş-medeni merkez kemala geldi, durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerime eýe boldy. Mary welaýatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze desgalaryň ençemesiniň açylyş dabaralary boldy. Bu ýerde dünýä derejesindäki täze aerowokzal toplumy, multimediýa mekdebi, häzirki zaman çagalar bagy, “Ene mähri” saglygy goraýyş merkezi, stadion, atçylyk-sport toplumy ulanmaga berildi. Gurbanguly hajy adyny göterýän ak mermerli ajaýyp metjit bolsa Marynyň binagärlik toplumynyň hakyky bezegine öwrüldi.

2010-njy ýylyň fewral aýynda bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň açylyş dabaralary boldy, şeýle hem welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna badalga berildi. Onuň binýadyny tutmak dabarasyna milli Liderimiz gatnaşdy. Ine, şu gün bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm bilim we medeniýet ojagyny açmak üçin ýene-de Mary şäherine geldi. Bu şanly waka milli Liderimiziň başyny başlan hem-de “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapan düýpli özgertmeler syýasatyny durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy.

Uçaryň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gül desseleri gowşurylýar. Oglanjyk bilen gyzjagaz döwlet Baştutanyna pagta tabşyrmak boýunça welaýat meýilnamasynyň ýerine ýetirilendigi hakynda şatlyk bilen habar berýärler. Welaýatyň häkimi pagta ýygnamak boýunça sebitiň öz üstüne alan borçnamasynyň ýerine ýetirilendigi hakyndaky hoş habary buşlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary mähirli mübärekleýärler.

Hormatly ýaşulular döwlet Baştutanyna duz-çörek hödürleýärler. Türkmenistanyň müftüsi Beýik Biribardan garaşsyz türkmen döwletiniň gülläp ösmegini, milli Liderimize bark jan saglyk, uzak ömür we il-ýurt bähbitli işlerinde üstünlikleriň ýaran bolmagyny dileg edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow il sylagly ýaşululary we welaýatyň ilatyny maryly pagtaçylaryň ajaýyp zähmet ýeňşi we ýetip gelýän baýramçylyk – eziz Watanymyzyň garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygy bilen gutlap, ilatyň durmuş we zähmet şertleri, olaryň gündelik aladalary we meýilnamalary, şeýle hem möhüm ykdysady we durmuş meselelerini çözmek bilen bagly işler bilen gyzyklanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýişi ýaly, döwletimiz geljekde hem welaýatlary hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly üns berer, bu möhüm meseleler ýurdumyzyň Ýaşulular maslahatynyň gün tertibinde öz beýanyny tapar.

Il sylagly ýaşulular öz nobatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa welaýatyň ilatynyň adyndan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we türkmen halkynyň abadançylygyny berkitmäge gönükdirilen ýadawsyz tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür we eziz Watanymyzyň bähbidine alyp barýan ähli beýik işlerinde we başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Mary welaýatynyň döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar we sazlar ýaňlanýar.

Soňra hormatly Prezidentimiziň ulag kerweni Mary şäheriniň demirgazyk-gündogar böleginde ýerleşýän welaýat kitaphanasynyň açylyş dabarasyna tarap ugraýar.

Ýol ugrunda döwlet Baştutanymyzy ýerli ilat mähirli we şatlyk bilen garşylaýar. Baýramçylygyň öň ýanyndaky günlerde gapdymy Murgabyň kenarynda ýerleşýän şäher has-da owadan görünýär: ähli ýerlerde dürli reňkli baýdaklar, howa şarlary şemala pasyrdaýar. Welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň öňünde uly baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär.

Mary welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň gurulmagy – türkmen halkynyň kitaplary we golýazmalary adamzadyň ruhy genji-hazynasy, paýhasyň çeşmesi, umumyadamzat ýadygärliginiň ebedi jemlenmesi hökmünde aýawly saklamak baradaky gadymdan gelýän däplerine bolan hormaty alamatlandyrýar. Mälim bolşy ýaly, türkmenler gadym döwürden bäri kitaplara aýawly garap, olary sandyklarda saklapdyrlar, uzak ýola gidenlerinde bolsa olary atlarda we düýelerde daşapdyrlar. Birwagtlar Türkmenistanyň çäginde göçme kitaphanalar bilen birlikde Nusaý patyşalygynda, şeýle hem Gadymy Merwde iri kitaphanalaryň bolmagy kitaplaryň milletiň ruhy ösüşinde uly orun eýeleýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Täze Galkynyş eýýamynda ýurdumyzyň kitaphanalary diňe bir türkmen jemgyýetiniň ruhy durmuşynyň aýnasy, halkyň ruhy baýlygy bolmak bilen çäklenmän, eýsem iri ylmy merkezlerine hem öwrüldi. Olara türkmen halkynyň baý medeni mirasyny öwrenmek we wagyz etmek işinde aýratyn orun degişlidir.

Häzir Türkmenistanyň Medeniýet ministriliginiň garamagynda 240 kitaphana, şol sanda Milli kitaphana, kitap saklanýan jaýlar bolup, olar paýtagtymyzda, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde we ilatly ýerlerinde ýerleşýär. Bilim ministrliginiň, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň hasabynda kitaphanalaryň ençemesi bar.

Ýurdumyzyň kitaphanalary umumy elýeterli bilim çeşmeleri we özbaşdak bilim almagyň esasy binýady bolup durýar, jemgyýetiň gün saýyn artýan ruhy islegini kanagatlandyrmak bilen, köpçüligiň medeni derejesini ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýär. Täze, häzirki zaman welaýat kitaphanasynyň açylmagy diňe bir, medeni waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem durmuş-syýasy ähmiýetli waka bolup durýar. Çünki, onuň üstüne ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, türkmen halkynyň taryhyny we medeniýetini öwrenmekde, milletiň ruhy mirasyny aýawly saklamakda we baýlaşdyrmakda aýratyn orny eýelemek wezipesi ýüklenendir.

Täze kitaphana şäheriň merkezinde, Ruhyýet köşgüniň we baş metjidiň golaýynda ýerleşýär. Milli we häzirki zaman nusgawy binagärligiň aýratynlyklary onuň keşbinde sazlaşykly utgaşýar. Çigildemiň ýapraklarynyň görnüşinde ýerine ýetirilen, gyzyl çaýylan gümmezli täze binanyň boýy 42 metre barabar bolup, täze kitaphanany uzakdan synlamaga mümkinçilik döredýär. Şar görnüşli binany 62 sütün saklaýar.

Kitaphananyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylypdyr. Özboluşly oturgyçlar, çyralar we çüwdürimler, täze oturdylan pürli we bezeg agaç nahallary we gül aýmançalary bu künjegi şäheriň gözel ýerine öwürýär. Ajaýyp bina dabara gatnaşyjylary we myhmanlary baýramçylyk lybasynda garşylaýar. Baýdaklar we dürli reňkli lentalar şemala pasyrdaýar – ähli zat uly baýramçylyga taýýar edilipdir.

Kitaphananyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin şu gün bu ýere köp sanly şäher ilaty we welaýat merkeziniň myhmanlary geldiler. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, Umumymilli “Galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, welaýatyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýaşlar bar. Elbetde, olaryň içinde täze ylym we medeniýet ojagynyň işgärleri hem bar. Hemmeler türkmen döwletiniň Baştutanynyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň ulag kerweni kitaphananyň öňündäki meýdança gelip saklanýar. Welaýatyň döredijilik toparlary döwlet Baştutanyny uly joşgun bilen garşylaýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp gül desseleri gowşurylýar.

Kitaphananyň öňündäki meýdançada sungat ussatlary beýik taryhy şahsyýetleriň we türkmen halkynyň akyldarlarynyň keşplerini janlandyryp, häzirki zaman eýýamyň belent ruhuna beslenen edebi-çeper sahnany ýerine ýetirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen mähirli görşüp, binanyň baş girelgesine barýar we şowhunly el çarpyşmalar astynda däbe öwrülen toý bagyny kesýär. Milli lybasly gyzlar gül desselerini gowşurýarlar.

Soňra döwlet Baştutany binanyň üçünji gatynda ýerleşýän uly maslahatlar zalyna barýar, bu ýerde milli Liderimizi kitaphananyň işgärleri we dabara gatnaşyjylar mähirli garşylaýarlar.

Milli Liderimiz olara ýüzlenip, bu ýere ýygnananlary ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly waka – dünýäniň medeni ösüşiniň bäşinji ojagy bolan gadymy türkmen topragynda welaýat kitaphanasynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda gurulan täze binasynyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Taryhy müňýyllyklara uzap gidýän merdana halkymyz ylma we bilime tarap giň ýol açýan kitaplara gadymy döwürlerden bäri uly sarpa goýup, olary aýawly saklap, mukaddes çörege barabar görüp gelipdir diýip, döwlet Baştutany belli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň meşhur «Kitap» hekaýasyny mysal getirdi. Şol hekaýada türkmen gojasynyň Magtymgulynyň şygyrlar diwanyny guba düýä çalşandygy barada gyzykly gürrüň berilýär. Bu edebi eser biziň halkymyzyň ruhy baýlyga  akyl-paýhasa örän uly hormat goýýan halk bolandygyny ýene-de bir gezek subut edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, biziň milli buýsanjymyz bolan gadymy Merw özüniň baý hazynaly kitaphanalary bilen şöhratlanypdyr. Has irki döwürlerde bu ýerde dürli ugurlar boýunça ylmyň, bilimiň we medeniýetiň hakyky merkezlerine öwrülen dünýäniň iň iri kitaphanalarynyň birnäçesi bolupdyr diýip, hormatly Prezidekntimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Köpçüligiň gelim-gidimli ýeri bolan bu medeni ojaklar ylmyň-bilimiň, adamlaryň aň-düşünjesiniň ösmegine örän uly täsirini ýetiripdir. Merwiň kitaphanalaryndaky gadymy golýazmalar, özboluşly ylmy işler we seýrek gabat gelýän kitaplar dünýäniň belli alymlaryny gyzyklandyrypdyr. Öz döwrüniň meşhur alymlary bu ýerde düýpli ylmy-barlag we terjimeçilik işlerini alyp barypdyrlar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Bular barada aýtmak bilen, döwlet Baştutany şol döwürdäki Merw kitaphanalary barada meşhur arap alymy Ýakudyň: «Men Merwden çykyp gaýdanymda bu ýerde uly kitaphanalaryň 10 sanysy bardy. Men bütin dünýäni aýlanyp, şular ýaly baý hem ajaýyp kitaphanalary görmedim... Meniň ol kitaplara bolan söýgim ähli şäherleri ýatdan çykarmaga mejbur etdi. Olar meniň ünsümi, hatda maşgalamdan we çagalarymdan hem kesä sowýardy» diýen ýatlamalaryny mysal getirdi.

Häzirki döwürde biz halkymyzyň taryhynda düýpli yz galdyran bu ylmy we medeni merkezleri gaýtadan dikeldýäris, watandaşlarymyzyň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň bilim almaga bolan yhlasyny giňden höweslendirýäris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ösüp gelýän ýaş nesilleriň öňünde ata-babalarymyzdan miras galan gadymy türkmen topragynyň şan-şöhratyny has-da belende götermek, täze eýýamda öňde goýan ägirt uly maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmak ýaly belent wezipeler durýar. Şu maksatlardan ugur alyp, merdana pederlerimiziň ruhy siňen gadymy golýazmalaryň we kitaplaryň, milli neşir önümleriniň saklanyşyny has-da gowulandyrmak, halkymyzyň okamaga, bilim almaga bolan höwesini artdyrmak, şeýle hem bu ulgamyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin, ylmyň, bilimiň we medeniýetiň pajarlap ösen ilkinji mekanlarynyň biri bolan gadymy Mary topragynda welaýat baş kitaphanasynyň üç gatdan ybarat täze binasyny gurup, ulanmaga berýäris diýip, döwlet Baştutany belledi.

Bahasy 36 million 400 müň amerikan dollaryndan gowrak bolan bu döwrebap kitaphananyň gurluşy we üpjünçiligi barada aýtmak bilen döwlet Baştutany onuň işgärlerine ýüzlenip, siz bu kitaplary aýawly saklap, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan pähim-parasadyny häzirki we geljekki nesillerimize ýetirmekde, giň okyjylar köpçüligini dünýä edebiýatynyň we ylmynyň gazananlary bilen ýakyndan tanyşdyrmakda yhlas bilen, irginsiz zähmet çekmelisiňiz diýip belledi.

Welaýat kitaphanasynyň tekjelerinde berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde neşir edilen eserler hem az däl diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi. Siz bu kitaplary hem giňden wagyz etmelisiňiz we ilat arasynda ýaýratmalysyňyz. Umuman, bu kitaphana diňe bir medeni ojak, Mary şäheriniň ilatynyň ruhy durmuşynyň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, biziň halkymyzyň taryhyny öwrenmek üçin alymlaryň ünsüni özüne çekýän hakyky ylmy merkeze hem öwrüler diýip pikir edýärin.Täze kitaphananyň şäheriň merkezinde, belent Ruhyýet köşgüniň we welaýatyň baş metjidiniň ýakynynda ýerleşmeginiň hem özboluşly manysy bardyr. Şeýle medeni ojaklar ylmyň, bilimiň we medeniýetiň merkezi bolmak bilen, adamlaryň işjeň gatnaşyk etmeginde uly ähmiýete eýedir diýip, milli Liderimiz belledi.

Biziň ýurdumyzda kitaphanalaryň işini kämilleşdirmäge, bu ulgamy giňden ösdürmäge uly ähmiýet berilýär diýip, bellemek bilen döwlet Baştutany sanlara we maglumatlara ýüzlendi. Eger-de, 2007-nji ýylda ozalky Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň garamagynda jemi 96 kitaphana bolan bolsa, onda 2010-njy ýylda olaryň sany 240-dan hem geçip, 3essä golaý köpeldi. Täze galkynyş eýýamynda ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde hem kitaphanalar işläp başlady. Olaryň kitap gorlary yzygiderli artýar.

Bilimleriň çeşmesi hasaplanýan kitaplaryň toplanan ýeri bolan kitaphanalarda dürli görnüşli maglumatlary ýaýratmak, ylmyň we tehnikanyň, medeniýetiň we sungatyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň kitaphanalary halkymyzyň medeni derejesini has-da ýokarlandyrmaga, adamlaryň syýasy, estetiki we ahlak terbiýesini has-da kämilleşdirmäge ýardam edýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Şoňa görä-de, biz «Köp ýaşan bilmez, köp okan biler» diýen pähimden ugur alyp, ýurdumyzda ylmy we bilimi, adamlaryň aň-düşünjesini ösdürmek üçin möhüm ähmiýeti bolan kitaphana ulgamyny has-da kämilleşdirmäge geljekde hem uly üns bereris. Nesip bolsa, biz geljekde Mary şäherindäki ýaly ajaýyp kitaphanalaryň binalaryny ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem gurarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň ýaly medeni maksatly döwrebap edaralaryň diňe bir paýtagtymyzda däl-de, eýsem, ähli welaýatlarymyzda hem gurulmagynyň, ýurdumyzda täze ýaşaýyş-durmuş ölçeglerini üpjün etmek, halkymyzyň medeni derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, dünýägaraýşyny has-da baýlaşdyrmak üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendigini aýtdy.

Döwlet Baştutany sözüniň ahyrynda dabara gatnaşyjylary we Mary welaýatynyň zähmetsöýer ilatyny ýetip gelýän uly we nurana, ählihalk baýramy – berkarar Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, şeýle hem welaýat kitaphanasynyň täze, döwrebap binasynyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, egsilmez bagt, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler gazanmagy arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara täze kitaphana “Janly rowaýat” we “Älem içre at gezer” kitaplarynyň ilkinji nusgalaryny sowgat bermek kararyna gelendigini habar berdi. Milli Liderimiz şowhunly el çarpyşmalar astynda kitaphananyň direktoryna täze kitaplary gowşurýar. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu kitaplaryň biri türkmen halkynyň gadymy we gymmatly baýlygy, onuň milli buýsanjy bolup durýan ajaýyp türkmen halylaryna bagyşlanandyr. Munuň özi şu tema ýüzlenmegime sebäp boldy we ajaýyp türkmen halylaryny wasp edýän kitaby döretmäge ruhlandyrdy diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy bu ýere ýygnanalar tarapyndan ägirt uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň buýurmasy boýunça «Sedaş Inşaat A.Ş» türk kompaniýasy tarapyndan gurlan Mary welaýat kitaphanasynyň üç gatly täze binasynyň umumy meýdany 13 müň 700 inedördül metre deňdir. Täze kitaphananyň gaznalarynyň 3 million kitaby saklamaga niýetlenendigini, birbada 600 okyjyny kabul edip bilýändigini bellemek gerek. Binanyň ýerzemindäki gaty kitap saklamak üçin niýetlenip, be ýerde şeýle hem sahaplaýjy ussahana ýerleşdirilipdir.

Binanyň birinji gatynda giň we ýagty okalga zallarynyň bäşisi gurlupdyr. Kompýuter we internet zallary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde şeýle hem Galkynyş otagy, hormatly ýaşulular üçin aýratyn okalga zaly, ýörite bölümleriň iş otaglary, golýazma kitaplar üçin kitap saklanýan otaglar, okyjylary bellige almak we kitaplary bermek üçin ýörite ýerler göz öňünde tutulypdyr.

Binanyň ikinji gatynda şeýle hem dört sany uly we iki sany kiçi okalga zallary, iş otaglary ýerleşdirilipdir. Bu ýerde okyjylary bellige almak we olara hyzmat etmek amala aşyrylýar, kart we elektron kataloglary, kitap saklanýan otaglar göz öňünde tutulypdyr. Ikinji gatyň merkezinde Türkmen kitabynyň taryh muzeýi ýerleşýär. Kitap tekjelerinde täsin neşirleriň 23-si, şol sanda ýerli ilat tarapyndan kitaphana sowgat berilen seýrek duş gelýän kitaplar we gadymy golýazmalar goýlupdyr. Olar uzak ýyllaryň dowamynda maşgala ojaklarynda aýawly saklanyp, nesilme-nesil geçirilip gelnipdir, bu gün bolsa olar täze ajaýyp binada öz mynasyp orunlaryny tapdylar.

Kitaphanada 300 we 50 orunlyk mejlisler zallarynyň ikisi, ylmy işgärler we kitaphananyň işgärleri üçin iş otaglary, kitap ussahanalary göz öňünde tutulypdyr. Täze internet zal bolsa halkara kitap alyşmak ulgamyna girmäge we dünýäniň iri kitaphanalary bilen aragatnaşygy ýola goýmaga mümkinçilik berer. Ýeri gelende aýtsak, ýakyn günlerde Mary welaýat kitaphanasynyň täze binasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň howandarlygynda ylmy maslahat geçiriler. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeklerinden alymlar gatnaşarlar.

Otaglaryň bezelişi milli binagärligiň iň gowy däplerinde we gadymy Merwiň taryhyny nazara almak bilen ýerine ýetirilipdir. Mysal üçin, kitaphananyň açylýan gümmeziniň astynda häzirkizaman enjamlary, şol sanda asman giňişligine gözegçilik etmäge we öwrenmäge mümkinçilik berýän kuwwatly teleskop bilen üpjün edilen özboluşly obserwatoriýa göz öňünde tutulypdyr. Taryhy maglumatlara görä, Gadymy Merwde dünýä belli merw obserwatoriýasy bolupdyr, ol ýerde alymlar, şol sanda meşhur şahyr we alym Omar Haýýam asman giňişligini öwrenipdirler. Tahiritleriň neberesinden bolan Mansur ibn Talha merw obserwatoiýasynda ýyldyzlary öwrenen mahaly alan maglumatlarynyň esasynda astronomiýa hasaplamalaryny geçiripdir, «Sfera göz ýetirmek» atly iş şonuň netijesi bolupdyr. Merwiň iri kitaphanalarynda ylmy barlag we terjime işleri giňden alnyp barlypdyr.

Kitaphananyň okalga zallary we kitap saklanýan zallary hem gözlegiň, hyzmat etmegiň, şeýle hem materiallary hasaba almagyň, saklamagyň we gözegçilik etmegiň kompýuterleşdirilen ulgamyny öz içine alýan häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilipdir. Munuň özi okyjylara hödürlenýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmaga, kitaplaryň berlişini çaltlandyrmaga, gymmatly materiallary we golýazmalary aýawly saklamaga mümkinçilik berýär. Amatly häzirkizaman kitaphana enjamlary (kitap tekjeleri, katalog şkaflary, okalga zallaryň we kitaphanaçylaryň we beýlekileriň iş orunlarynyň enjamlary) kitap saklanýan otaglaryň meýdanyny has tygşytly peýdalanmaga, kitaphanaçylaryň zähmet öndürijiligini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Okyjylaryň kitaplar bilen işlemegini ýeňilleşdirýär we önümçilik estetikasynyň talaplaryna gabat gelýär.

Däbe öwrülen milli nagyşlar we beýleki nusgalar häzirkizaman bezegiň elementleri bilen sazlaşykly utgaşyp, kitaphananyň umumy keşbiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Salkynladyjy, ýyladyjy we şemalladyjy ulgamlaryna gözegçilik we hyzmat edýän enjamlar kitaphananyň okyjylarynyň we işgärleriniň netijeli işlemegi üçin zerur bolan şertleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kitaphana bilen tanyşmagyny binanyň ýokarky gatynda ýerleşdirilen obserwatoriýa baryp görmekden başlaýar. Häzirki zaman optiki enjamlaryň tehniki ölçegleri bilen jikme-jik gyzaklanyp, milli Liderimiz olaryň kömegi bilen asman giňişligini synlaýar.

Döwlet Baştutany binanyň ikinji gatyna düşüp, «Türkmen kitabynyň taryhy» muzeýine baryp görýär, hormatly Prezidentimiz bu ýerde ýerleşdirilen gymmat bahaly kitaplary üns bilen gözden geçirýär. Milli Liderimiz bu gymmatlyklar bilen tanşyp, olar türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek we wagyz etmek boýunça geçirilýän işlerde örän möhümdir diýip belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektron görnüşdäki sanawy ýerleşdirilen bölüme barýar. Döwlet Baştutany kompýuter tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp neşir önümlerini hasaba almak, kitaplar hakynda maglumatlary gözlemek boýunça işler, şeýle hem okyjylar üçin kitaphana hyzmatlaryny guramagyň häzirki zaman usullary bilen tanyşýar.

Milli Liderimizi täze Galkynyş eýýamynda çapdan çykan neşirleri özünde jemleýän ýörite zala çagyrýarlar. Kitap tekçelerinde häzirki zaman Türkmenistan, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary, bu gün gadymy türkmen topragynda bolup geçýän ägirt uly özgertmeler hakynda gürrüň berýän owadan bezelen neşirler goýlupdyr. Aýratyn diwarlyk ady täze taryhy eýýamyň ähli gazananlary bilen bagly bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işlerine bagyşlanypdyr. Bu ýerde türkmen döwletiniň Baştutanynyň işleri bilen giňden tanyşdyrylýar. Şu gün --kitaphananyň şanly güni sowgat berilen iki sany ajaýyp kitap olaryň üstüni ýetirdi.

Milli Liderimiz binanyň birinji gatyna düşüp, ýöriteleşdirilen çagalar otagyna baryp gördi. Bu otag çagalaryň ene-atalarynyň kitaphana gelen wagty körpeleriň dynç almagy we wagtyny gyzykly geçirmegi üçin niýetlenendir. Bu ýerde şadyýan çagalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly şatlyk duýgusy bilen garşylap, milli Liderimize öz goşgularyny okap berdiler. Hormatly Prezidentimiz çagalara berk jan saglyk we şadyýanlyk arzuw etdi. Ýeri gelende ýatlasak, bir ýyl mundan öň kitaphananyň binýadyny tutmak üçin içi ýazgyly gutyny döwlet Baştutanyna gowşurmak hukugy hem dabara gatnaşan körpä berilipdi. Çünki, ýaşlar gadymy türkmen topragynyň şan-şöhratyny dikeltmelidir we artdyrmalydyr, täze Galkynyş eýýamynyň ägirt uly meýilnamalaryny durmuşa geçirmelidir.

Soňra milli Liderimiz Internet zala baryp gördi we kitaphana we maglumat beriş işini guramagyň häzirki zaman mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Mary welaýat kitaphanasynyň okyjylarynyň internediň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Türkmenistanyň milli kitaphanasynyň elektron görnüşiniň hyzmatlaryndan peýdalanyp biljekdigi we ýurdumyzyň baş kitaphanasynyň gaznalarynda saklanýan islendik neşiriň mazmuny bilen tanyşyp biljekdigi bellärliklidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýat kitaphanasynyň täze binasy bilen tanyşmagyny tamamlandan soň esasy zala bardy. Kitaphananyň işgärleri milletiň medeni mirasyny aýawly saklamak we baýlaşdyrmak barada hemmetaraplaýyn aladasy, kitaphana işini ösdürmäge berýän aýratyn ünsi üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kitaphananyň işgärlerine uly zähmet üstünliklerini, berk jan saglyk we abadançylyk arzuw etdi. Döwlet Baştutany Mary welaýat kitaphanasynyň täze binasyny guran “Sedaş” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna ýüzlenip, Türkmenistanyň şähergurluşyk maksatnamasyny ösdürmäge goşan goşantlary üçin türk gurluşykçylaryna hem minnetdarlyk bildirdi.

Mary welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyny tamamlap, döwlet Baştutany Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Mary welaýat kitaphanasynyň açylyş dabarasynyň ahyrynda döwlet Baştutany onuň işgärlerine awtobus sowgat berdi. Şeýle hem milli Liderimiz mukaddes baýramçylygyň öňüsyrasynda pagta taýýarlamak baradaky ýyllyk meýilnamasyny ýerine ýetiren Mary welaýatyna ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan dürli maksatly çärelerde ulanmak üçin birnäçe awtobuslaryň açarlaryny gowşurdy.

Dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular özleri hakda edýän yzygiderli tagallasy üçin döwlet Baştutanymyza welaýatyň ilatynyň adyndan alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle-de Mary welaýatynyň zähmetsöýer ilatynyň adyndan bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Marguş atly ajaýyp bedew sowgat berildi. Döwlet Baştutanymyz ajaýyp sowgat üçin minnetdarlyk bildirdi we bu ýerden ugrady.

Şu günki wakanyň hormatyna, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we hormatly Prezidentimiziň baş saglygyna toý sadakasy berildi.

Günüň ikinji ýarymynda Mary şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary dowam edýär.