Ï Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzdaky täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzdaky täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

view-icon 985
Şu gün türkmen paýtagtynda täze desgalaryň açylyş dabaralary dowam etdi. Olaryň ulanmaga berilmegi ählihalk baýramyna—döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda durky täzelenilen awtomobil ýoluny—Bitarap Türkmenistan şaýolunyň täze “Çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş merkeziniň hem-de sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynyň açylyşynyň dabaralary boldy.

Bitarap Türkmenistan şaýolunyň bu täze böleginiň açylyş dabarasynyň başlanmagyna ähli zatlar taýýar edilipdir, bu şaýol sazlaşykly ösýän we günsaýyn gözelleşýän türkmen paýtagtynyň ulag-aragatnaşyk düzüminiň möhüm bölegi hasaplanýar.

Durky täzelenen we baýramçylyga mahsus görnüşde bezelen şaýolda dabaraly ýagdaý höküm sürýär. Ýoluň ugrundaky Döwlet baýdaklary şemala pasyrdaýar, daş-töwerek dürli reňkdäki howa şarlary we lentalar bilen bezelipdir. Bitarap Türkmenistan we Atamyrat Nyýazow şaýollarynyň kesişýän ýerinde dabara gatnaşýan köp sanly adamlar ýygnanypdyr, olaryň arasynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň geljegi bolan ýaş türkmenistanlylar hem bar. Täze Galkynyş eýýamynda ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan uly möçberli özgertmeleriniň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlagynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşylary, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary garşylaýarlar.

Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanyna ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

Paýtagtymyzyň döredijilik toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen ajaýyp aýdym-sazly çykyş dabaranyň şowhunyny has-da artdyrýar.

Milletiň Lideri dabara gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, türkmen paýtagty üçin şu möhüm desganyň açylmagy bilen gutlady hem-de ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda, toý bagyny kesýär—Bitarap Türkmenistan şaýoly açylýar!

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşýan çagalary täze açylan ýoluň ugry boýunça aýlanyp görmäge çagyrýar, olar muňa örän begendiler.

Şaýoluň dürky täzelenen 5 kilometrden gowrak bölegi paýtagtymyzyň esasy ulag ýollarynyň birine öwrüldi. Halkara standartlaryna laýyklykda birinji tehniki derejeli ulag desgalarynyň hataryna girýän bu şaýoluň gatnawly böleginiň umumy ini 30 metre barabardyr, her tarapa dört zolakly gatnawyň bolmagy göz öňünde tutulypdyr. Ýanýodalar, aýmançyalar, bölüji zolak we goşmaça ýollar bilen birlikde şaýolunyň ini 80 metre ýetýär. Ýeri gelende aýtsak, goşmaça ýollar esasy ýoluň gatnawyny azaldýar hem-de awtoulaglaryň şaýoluň ugrunda ýerleşýän ýaşaýyş jaý toplumlaryna, söwda merkezlerine we medeni-durmuş maksatly beýleki edaralara barmagyny aňsatlaşdyrýar.

Arçabil şaýoly bilen kesişýän ýerinden başlanýan şaýoluň durky täzelenen bölegi paýtagtymyzyň merkezine çenli uzalyp gidýär. Bu ýerde ýoluň gatnawly böleginiň düşeginiň we ýanýodalaryň granit plita düşelen zolaklarynyň örtgülerini täzelemek bilen bagly işler ýerine ýetirildi. Ýanýodalaryň we ýollaryň gatnawly böleginiň gyralarynda granit goýuldy. Şaýoluň ugrunda bezeg üçin ulanylýan agaç nahallary we ösümlikler ekildi. Ýoluň çatryklarynda ýol geçelgeleri guralypdyr we telewizion paneller goýlupdyr. Ýerasty geçelgeler ýolagçylar üçin amatly bolar ýaly edip gurlupdyr. Ýeri gelende aýtsak, inženerçilik kommunikasiýalaryň ählisi ýörite ýerasty desgalarda ýerleşdirilipdir.

Paýtagtymyzyň täze Arçabil we Çandybil ýollary ýaly, Bitarap Türkmenistan şaýoly hem duýduryş bermek, awtoulaglaryň gatnawyny kadalaşdyrmak we ýoly yşyklandyrmak üçin niýetlenen döwrebap ulgamlar, maglumat berýän tablolar bilen üpjün edilipdir. Durky täzelenen ýoluň ugrunda jemgyýetçilik awtoulaglaryna garaşmak üçin döwrebap, milli äheňde bezelen ýapyk duralgalar gurnalypdyr. Olar örän amatlydyr we köpugurlydyr, çünki olar ähli zerur enjamlar, şol sanda howany kadaly ýagdaýda saklamaga we sowatmak üçin niýetlenen ulgamlar, telewizorlar, hereket edýän awtoulagyň nirede ýerleşýändigini emeli hemra arkaly anyklamaga mümkinçilik berýän GPS ulgamy bilen üpjün edilipdir.

Awtoduragalaryň her birinde sowuk içgileri we süýji nyşmatlary satmak üçin dükanlar, telefon-awtomatlary döwrebap goýlan kabinalar, zir-zibil taşlanýan urnalar goýlupdyr. Maglumat berýän elektron tablolary, bankomatlary we dürli mahabatlary goýmak üçin ýörite enjam goýlupdyr.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutany ýurdumyzyň ýol-ulag düzüminiň döredilmegine aýratyn talaplary bildirýär we ýol-gurluşyk işlerine degişli ähli meselelere hemişe üns berýär hem-de potratçylaryň ähli tehnologik kadalary ýerine ýetirmegini we halkara derejesine laýyk gelmegini berk talap edýär, çünki ýörite tehnikanyň we ýol gurluşykçylary üçin zerur bolan beýleki serişdeleriň hatary yzygiderli ýagdaýda täzelenip durulýar.

Täze ýollary gurmak we bar bolanlarynyň durkuny täzelemek ýurdumyzda döwrebap awtoulag düzümini döretmegiň ileri tutulýan ugrudyr. Bu wezipäniň çözülmegi möhüm ähmiýete eýedir, çünki döwletimizde hem-de batly depginde ösýän paýtagtymyzda täze awtoulaglaryň sany günsaýyn artýar, bu bolsa türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň we maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Şol bir wagtyň özünde Bitarap Türkmenistan şaýoly şäher gurluşygynda-da möhüm ähmiýete eýedir—onuň ugrunda eýýäm gurlan binalar bar hem-de döwrebap binalary gurmak dowam etdirilýär. Paýtagtymyzyň bu ýolunyň durkuny täzelemek we abadanlaşdyrmak boýunça toplanan tejribäniň Türkmenistanyň beýleki şäherlerinde şunuň ýaly desgalary gurmakda ulanyljakdygyna söz ýokdur.

Ähli amatlyklary bolan iki gatly rahat awtobusda hormatly Prezidentimiz şu günki dabara gatnaşýan çagalar bilen Arçabil şaýoluna tarap rowaça bolýar. Ýoluň ugrunda döwlet Baştutany gurlan belent ýaşaýyş jaýlaryny we edara binalaryny mini we supermarketleri, medeni dynç alyş merkezlerini, dermanhanalary we medeni-durmuş hyzmatlarynyň guramalaryny synlaýar. Ýolugra milletiň Liderini paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary gutlaýarlar, olaryň ellerinde baýdaklar dürli reňkdäki şarlary bar, ýol ugrunda aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryrypdyr.

Şaýoluň we “10 ýyl abadançylyk” köçesiniň kesişýän ýerinde

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap şäheriň bezegi bolan özboluşly we kämil enjamlarynyň birine ýanyndaky ýaşlaryň ünsüni çekýär, ol enjam ýaşaýjylara howanyň temperaturasy çyglylygy we basyşy barada maglumat berýär. Uly termometr görnüşinde gurlan desga ýörite, döwrebap meteorologik enjam bilen üpjün edilipdir. Şol enjamyň mehanizmi dürli temperaturaly şertlerde işlemäge ukyplydyr. Ekranda gurluşy 45 gradus aýazdan başlap, 55 gradusa çenli aralykdaky jöwzany görkezijiler takyk görkezýär. Ýagşuň ýa-da garyň ýagmagy şekillere we görkezijileriň takyklygyna asla öz täsirini ýetirmeýär. Şunuň ýaly üýtgeşik enjamlaryň ýerleşdirilmegi şäheriň gelşigini artdyrýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara onuň maksadyny jikme-jik düşündirip, şunuň ýaly döwrebap enjamlaryň paýtagtymyzyň uly ýollarynyň köpüsinde goýuljakdygyny we şol ýollaryň görküni artdyrjakdygyny belledi.

Soňra awtomobilleriň baýramçylyk kerweni täze “Çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş merkeziniň täze binasyna tarap ugraýar. Söwda dynç alyş merkeziniň öz gözelligi boýunça täsin we özboluşly binasy Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrunda, türkmen paýtagtynyň çagadar dünýäsi diýip atlandyryp boljak künjeginde ýerleşýär. Soňky ýyllarda bu ýerde ýaş nesliň boş wagtyny gyzykly geçirmegi hem-de sazlaşykly ösüşi üçin niýetlenen desgalaryň birnäçesi çagalaryň “Ertekiler dünýäsi” seýilgähi, Döwlet gurjak teatry we Suw-sport toplumy guruldy.

“Çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş merkezi köp sanly myhmanlary baýramçylyk lybasynda garşylaýar, bu ýerde adaty bolmadyk şowhun höküm sürýär, hemme ýerde çaga sesleri eşidilýär, aýdym-saz ýaňlanýar şadyýan tanslar ýerine ýetirilýär.

Çagalar üçin Söwda-dynç alyş merkezi Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Altyn asyr” kärhanasynyň buýurmasy boýunça “Renesans” türk gurluşyk kompaniýasy tarapyndan guruldy. Täze taryhy eýýamda ähli binagärlik desgalarynda bolşy ýaly, belentlik bu binany hem nuranalyk, şeýle hem däp bolan, asyrlaryň jümmüşinden gelýän milli hem-de häzirki zaman binagärliginiň esasy aýratynlyklarynyň sazlaşykly utgaşmagy tapawutlandyrýar.

“Çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş merkezi döwlet gurjak teatrynyň ýanynda gurlup, öz binagärlik keşbinde ertekilerdäki galany ýatladýar. Bu binanyň depesinde özboluşly altyn çaýylan gümmez we biri-birine sazlaşykly altyn uçlar ýerleşýär. Onuň öň tarapy milli öwüşginde aýnalar, altyn göller, şeýle hem olaryň dowamy bolan kümüş we altyn sapaklar – milli şaý-sepleriň parçalary bilen bezeldi. Ertekilerdäki galanyň daşky diwarlarynda çagalaryň durmuşyndan dürli keramiki bezegler oturdylypdyr, olar agşamlaryna ýörite yşykçyra bilen şöhlelendirilýär.

Binanyň öň tarapynda milletiň Lideriniň çagalaryň arasynda duran şekilini suratlandyrýan uly fotopanno hem ýerleşýär. Munuň özi täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda çagalyga degişli meseleleriň ileri tutulmagynyň, hormatly Prezidentimiziň Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýaş raýatlaryna, olaryň saglygyna, bilim almagyna hem-de sazlaşykly ösüşine, olara watançylyk we estetiki terbiýe bermäge berýän aýratyn ünsüniň özboluşly nyşanydyr.

Häzirki zaman, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň, mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň, medeni we dynç alyş merkezleriniň gurulmagy häzirki wagtda Türkmenistana ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň abadançylygynyň hatyrasyna alnyp barylýan ägirt uly işleriň bir bölegidir. Döwlet Baştutany işiniň juda köpdügine garamazdan ýaş türkmenistanlylar bilen pikir alyşmak üçin wagt tapýar. Ýurdumyzda çagalar üçin gurulýan ähli iri desgalaryň açylyşyna gatnaşýar. Türkmen çagalary üçin şatlykly bolan şu günki wakada hem şeýle boldy.

“Çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş merkeziniň binasynyň töweregindäki çäklere ýaş agaç nahallary oturdyldy. Güýz gülleri ekilen meýdançalar şugla saçýar, özboluşly çyralar we oturgyçlar goýuldy, merkezi girelgäniň öňünde ýörite çyralar bilen dürli öwüşginler berilýän suw çüwdürimi atylyp dur. Onuň iki tarapynda oňaýly oturylýan ýerler ýerleşýär. Bu ýerdäki açyk meýdançalaryň birinde heýkeller ýerleşdrilipdir. Onuň gahrymanlary bolsa ertekilerdäki gahrymanlar Ýartygulak we onuň dostlary bolup durýar.

Dabara gatnaşmak üçin “Çagalar dünýäsi” atly söwda – dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança köp sanly şäherliler ýygnandylar. Döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Aşgabatda resmi taýdan bellenen diplomatiki wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň düzümine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň talyp ýaşlary, çagalar döredijilik toparlary garşylaýarlar. Hemmeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gelmegine çäksiz tolgunmak bilen garaşýarlar.

Baýramçylyk kerweni dabara mahaly açyk sahna meýdançasyna öwrülen söwda-dynç alyş merkeziniň binasynyň öňündäki meýdança gelýär. Şol ýerde “Joşgun”, “Ruhubelent çagalar”, “Gyzyl güljagaz”, “Aýjan” we “Akpamyk” çagalar döredijilik toparlarynyň gatnaşmagy bilen hakyky ertekili çykyşlar ýaýbaňlanýar.

Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa güýz gülleriniň ajaýyp dessesini gowşurýarlar. Milletiň Lideri ýaş çagalaryň ugratmagynda açyk meýdança geçýär we ertekileriň gahrymanlary Alladiniň we Jasminiň başdan geçirmelerini synlaýar. Olar jadyly küýzäni tapýarlar we şonuň netijesinde azatlyga çykan jynyň öz isleg-arzuwlaryny ýerine ýetirmegine mümkinçilik alýarlar. Şol arzuwlaryň birinjisi Zoluşka bilen tans etmekekdir, ikinjisi bolsa, täsin “Çagalar dünýäsiniň” açylyşyna Türkmenistana gelmekdir we ugurtapyjy Ýartygulak bilen duşuşmakdyr we iň esasy üçünji arzuw bolsa ýaş türkmenistanlylara “Çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş merkeziniň ertekilerdäki köşke çalymdaş ajaýyp binasyny sowgat beren hormatly Prezidentimiz, Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk we uzak ömür baradaky arzuwdyr. Çagalar aýdym aýdýarlar, tans edýärler we milletiň Liderine bagyşlanylan aýdymlary aýdýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp çykyşlary üçin çagalara minnetdarlyk bildirip, merkezi girelgeden söwda dynç alyş merkezine geçýär we bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary we bagtyýar çagalaryň şowhunlary astynda toý bagyny kesýär.

Milletiň Lideri merkeziň ýaşajyk eýeleri bilen bilelikde ajaýyp eýwana barýar. Ol özboluşlylygy bilen Neptunyň Patyşalygyny ýada salýar. Ýokardan şaglap inýän suw garşysyndaky aýnalarda öwüşgin alyp, suw tolkunlarynyň içinde bolmak ýaly täsiri döredýär. Bu tegelek tutuş merkeziň bezeginde giňden ulanylan esasy geometriki şekildir. Täsin binanyň ýerasty we ähli üç gatynyň jaýlary şol tegelek boýunça ýerleşdirilipdir. Bu şekil dynç alyş ýerlerindäki, binanyň özboluşly üçeklerindäki we yşyklandyryş ulgamlaryndaky yşyklandyryş çözgütlerinde hem ulanylýar. Binanyň giňişligini emele getirýän tegelegiň merkezinde eskalatorlar we söwda-dynç alyş merkeziniň binasynyň binagärlik-bezeg çözgüdiniň möhüm bölegi bolan iş lift ýerleşýär, şol liftden tutuş söwda merkeziniň keşbi açyk-aýdyň görünýär. Binanyň içki jaýlarynyň bezeginde yşygyň batyrgaý ulynylmagy hem ünsüňi özüne çekýär. Onuň her bir gaty dürli aýdyň reňk öwüşgininde ýerine ýetirildi hem-de yşyklandyrylmagy dury sütünler bilen “birleşdirildi”. Merkeziň özboluşly yşyklanydyrmagy onda şatlyk we täsinlikleriň aýdyň dünýäsinde bolmak ýagdaýyny saklaýar. Bu ýerdäki köp sanly dükanlaryň we salonlaryň aýna witrinalary hem-de içi hyýaly suratlar bilen bezelipdir.



“Çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş merkezinde hödürlenýän harytlaryň juda köpdürlüligi diňe bir ululary däl, hatda iň körpe alyjylary hem haýran galdyrýar. Dükanlaryň tekjelerinde ýaş eneler üçin harytlary, oýnawaçlaryň , arabajyklaryň, krowatjyklaryň dürli görnüşlerini, çagalar üçin aýakgaplary we egin-eşikleri, çagalar iýmitini we beýleki köp önümleri tapmak bolýar. Çagalaryň uluraklary üçin kitaplar, mekdep esbaplary we sport bilen meşgullanmak üçin harytlar bar.

Merkeziň aşaky gatynda supermaraket, çagalaryň egin-eşiklerini tikýän atelýe, fotostudiýa, şeýle hem çagalar beýleki zerur zatlary, matalary we ýumşak oýnawaçlary, hojalyk harytlaryny satýan ýöriteleşdirilen dükanlar bar. Şol ýerde çagalar üçin owadan hem-de amatly gap-gaçlary, naharhana enjamlaryny tapmak bolýar. Şol ýerdäki tehnomarket netbuklaryň, noutbuklarň , kompýuterleriň, telewizorlaryň, elektron oýunlaryň, fotoapparatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Birinji gatda dükanlaryň ýedisi, şol sanda uly mebel dükany, şeýle hem egin-eşikler, aýakgaplar, kitap we kanselýariýa harytlary, oýnawaçlar dükanlary bar. Çagalar üçin edebiýatlaryň dürli görnüşleri haýran galdyrýar, olar çagalara akyl taýdan ösüş oýunlaryny öwredip bilerler. Çagalar egin-eşikleri dükanlarynda işjeň dynç alyş, sport bilen meşgullanmak üçin amatly amaly lybaslar, mekdep egin-eşikleri, ýaňy doglan çagalar üçin harytlar satylýan dükanlar bar. Şol harytlaryň esasy bölegi dokma senagatynyň ýerli kärhanalary tarapyndan taýýarlanypdyr.

Toplumyň ikinji gatynda ýerleşýän “Persona LAB VIP” salony çagalar we olaryň ata-eneleri üçin modaly saç daralyşyny hödürleýärler. Onuň ýanyndaky dükanda çagalar we ulular üçin dürli wesmeçilik serişdelerini satyn almak bolýar. Şol ýeriň özünde daşky egin-eşikleriň, aýakgaplaryň, ýaşajyk çagalar üçin lybaslaryň söwda pawilonlary ýerleşýär. Amatly kafeteride doňdurmadan we beýleki süýjüliklerden lezzet almak bolar.

Üçünji gat özüne çekiji oýunlar üçin niýetlenipdir. Şeýle hem bu ýerde dynç alyş zolagy, kafe we restoran ýerleşýär. Ymaratyň çäklerinde enäniň we çaganyň otagy, lukmançylyk nokady hem bar. Paýtagtyň ilaty we myhmanlar harytlaryň ýokary hillidigine we nyrhlaryň elýeterdigine mynasyp baha berip bilerler. “Çagalar dünýäsi” söwda we dynç-alyş merkezi çagalaryň we ulularyň iň köp gelýän söýgüli ýerleriniň birine öwrüler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň birinji gatynda ýerleşýän çagalar üçin mebelleriň uly dükanyny synlaýar. Bu ýerde islendik ýaşdaky çaga üçin köp dürli görnüşli zatlary satyn almak bolýar, olar iň talapkär islegleri kanagatlandyryp bilýär. Körpeler üçin krowatlaryň dürli görnüşleri, hiňňildikelr, arabajyklar, çagalary suwa düşürmek üçin zerur bolan zatlar, ýöremek we bökmek üçin ýörite enjamlar, çagany iýmitlendirmek üçin ýörite oturgyçjyklar we köp sanly beýleki zatlar bar. Orta ýaşdaky çagalar üçin batutlar we oýnawaç öýjagazlar, hakyky mebel toplumlary, ýörite awtokürsiler, we arkada göterilýän haltajyklar bar. Partalar we ýokary synpyň okuwçylary üçin mebeller, ýerli “Aýbölek” mebel fabrigi tarapyndan hödürlenýär. Söwda pawilonynda ýerleşdirilen önümleri üns bilen synlap, döwlet Baştutany satyjylar bilen bu ýerde döredilen şertler hakynda söhbetdeş boldy we bu ýerde hödürlenýän harytlaryň ýokary hilli bolmalydygyny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow eskalator bilen iň aşaky gata düşýär we supermarkete barýar. Bu ýerdäki azyk harytlary we olaryň söwdasy bilen tanşyp, milletiň Lideri çagalar iýmitleriniň ýokary hilliligini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we çagalar iýmitiniň hiline aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Söwda merkeziniň ähli ýerlerini synlap bolýan dury aýna diwarly lift bilen döwlet Baştutany toplumyň üçünji gatyna çykýar we oýun zalyny synlaýar. Bu ýerde milletiň Liderini çagalar şowhunly garşylaýarlar. Olar eýýäm häzirki zaman oýun awtomatlarynyň köpüsini özleşdiripdirler. Olar üçin dürli dynç alyş çäreleri göz öňünde tutulypdyr: olar özlerini hakyky sport awtoulaglarynyň we motosiklleriň sürüjileri, terminatorlar hökmünde duýup bilerler. Kiçi-ringe çykyp, oýnawaç ponileri münüp, gezelenç edip, kiçi boulinge baryp, çagalar üçin niýetlenen oýnawaç atyşhanada tüpeň atyp, balyk tutmaga türgenleşip hem basketbol oýnap bilerler. Aýry-aýry otaglar kompýuter oýunlary we 3D görnüşli oýunlar üçin niýetlenipdir. Körpeler hiňňildiklerinde uçup, batutda böküp bilerler.

Köpsanly çagalar milletiň Liderini şadyýan garşylaýarlar. Oýun zalyny üns bilen synlap, döwlet Baştutany bu ýere ilkinji gelen çagalar bilen tanyşdy, olary “Çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş merkeziniň açylmagy bilen gutlady hem-de şadyýanlyk we göwünaçyklyk arzuw etdi.

Çagalar milletiň Liderine ajaýyp sowgat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler, munuň özi türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň baýramyna gabatlanyp, çagalara edilen ajaýyp sowgat boldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çagalar dünýäsi” söwda - dynç alyş merkeziniň çykalgasyna tarap ugraýar. Dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, milletiň Lideri çagalar üçin täze, häzirki zaman söwda-dynç açyş merkeziniň açylmagy bilen ýene bir gezek mähirli gutlady, ýakyn wagtlarda ol türkmen çagalarynyň söýgüli ýerine öwrüler diýip, ynam bildirdi.

Soňra döwlet Baştutany öz egindeşleri bilen pyýadalap, Atatürk we Oguz han köçeleriniň çatrygyna tarap pyýada ugraýar. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sportuň gyşky görnüşleri boýunça täze sport toplumynyň açylyşynyň dabarasyna gatnaşyjylar garaşýarlar.

Bu gün dabara mynasybetli reňkli lentalar we öwüşgin atýan howa şarlary bilen bezelen sportuň gyşky görnüşleri boýunça täze sport toplumynyň bina edilen ýerinde hakyky baýramçylyk şowhuny höküm sürýär. Bu ýere ýurdumyzyň hökümet agzalary, Umumymilli ‘Galkynyş” hereketiniň düzümine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, köp sanly türgenler hem-de sport toplumynyň açylyşyna aýratyn sabyrsyzlyk bilen garaşan körpe türkmenistanlylar ýygnandylar. Çünki ilkinji nobatda, geljekki buzda typyjylar hem-de hokkeýçiler üçin bu ajaýyp sport toplumy guruldy.

Bu wajyp desgany gurmak başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Mälim bolşy ýaly, ýokary görkezijili sporty, köpçülikýleýin bedenterbiýe -sagaldyş hereketini ösdürmek, ýurdumyzda sagdyn nesli terbiýelemek meselesi sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary hem-de wagyzçysy bolan döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli hem-de uly üns bermegine eýedir. Milli Olimpiýa komitetiniň Başlygy, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýokary sylagyna – hormat nyşanynyň, mundan başga-da, Bütindünýä karate federasiýasy tarapyndan gowşurylan gara guşak altynjy danyň eýesi bolan – milli Liderimiz bu ugurda anyk, yzygiderli ädimleri durmuşa geçirýär.

Bu gün Aşgabatda we tutuş Türkmenistanda iň kämil enjamlar bilen abzallaşdyrylan sport maksatly desgalar, şol sanda häzirki zaman stadionlary, sport mekdepleri, aýlawlar we awtodromlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport meýdançalary, ýüzüş howuzlary, tennis kortlary guruldy we käbiriniň gurluşygy dowam edýär.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň barşynda 75 müň orunlyk sport mekdepleriniň 200-den gowragyny, 100-den gowrak sport desgalaryny gurmak, şeýle hem häzirki wagtda hereket edýän sport desgalarynyň 70-sini abatlamak göz öňünde tutulýar. Şunda häzirki döwürde ýurdumyzda gurulýan bilim we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň taslamalaryna hökmany ýagdaýda häzirki zaman türgenleşik enjamlary bolan sport zallary, basketbol we woleýbol meýdançalary, howuzlar girizilýär.

Paýtagtymyzyň etegindäki tebigatyň gözel künjegi bolan – Gökdere jülgesinde hem-de "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda bina edilýän täze çagalar sagaldyş mekrezleri hem işjeň dynç almak üçin ajaýyp şertlere eýedir. Eýýäm işjeň durmuş ýörelgesiniň tarapdarlarynyň müňlerçesiniň barýan ýerine öwrülen paýtgatymyzdaky we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky saglyk ýollary milletiň saglygy we abadançylygy ugrunda edilýän aladanyň şaýatnamasyna öwrüldi.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty, ýurdumyzda iri halkara bäsleşikleriniň hem-de türkmen türgenleriniň olimpiýa hereketlerine has giňden gatnaşmaklary netijesinde milli sportumyz öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldy. Şeýlelikde, Pekindäki XXIX tomusky olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaklary biziň türgenlerimiz üçin wajyp ýagdaý boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Bütindünýä saglyk güni biziň ýurdumyzda uly umumymilli baýramçylyk hökmünde bellenilýär. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) çözgüdi Watanymyzyň sport üstünligini ösdürmek üçin ähmiýetli waka boldy. Şoňa laýyklykda Aşgabat Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup ýapyk desgalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk gazandy.

Sport bilen meşgullanmak barha giň gerime eýe bolýar. Güneşli Türkmenistan üçin däp bolmadyk sportuň gyşky görnüşleriniň meşhurlygynyň ýurdumyzda artýandygy bellenilmäge mynasypdyr. Türkmenistanda şuňa meňzeş ilkinji desgalaryň hatarynda orun alan Buzly Köşk paýtagtymyzdaky iň bir gelim-gidimli sport merkezleriniň biridir. Buzda typmaklyga we hokkeý bilen meşgullanmaklyga isleg bildirýänleriň sany ýylsaýyn artýar. Şu gün iri toplumyň we ýaş zehinleriň terbiýe aljak ýöriteleşdirilen mekdebiniň ulanmaga berilmegi bilen ýurdumyzda sportuň bu görnüşi hakykatdan hem köpçülikleýin häsiýete eýe bolar.

Köp sanly ýaşlar milli Liderimizi şatlyk-şowhun bilen garşylaýarlar. Döwlet Baştutanyna ajaýyp gül desseleri gowşurylýar. Aýdym-saz toparlary we görkezme çykyşlarynda öz ussatlyklaryny görkezen türgenler ajaýyp wakanyň şanyna özleriniň döredijilik sowgatlaryny taýýarlapdyrlar. Milletiň Lideri şadyýana ýaňlanýan sazyň astynda köpçülikleýin sport tanslaryny ýerine ýetiren ýaş türgenleriň görkezme çykyşlaryny kanagatlanmak bilen synlaýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda bina edilýän ägirt uly Olimpiýa şäherjiginiň bir bölegine – öňde boljak Aziada –2017-niň geçiriljek ýerine öwrüljek sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynyň esasy girelgesine barýar. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda milletiň Lideri toý bagyny kesýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň eýwanyna barýar, ol ýerde milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanyna gül desselerini gowşurýarlar. Soňra döwlet Baştutany VIP zalyna geçýär, şol ýerden buzly sahnanyň ajaýyp görnüşi aýdyň görünýär. Täze toplum “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça “Polimeks” türk kompaniýasy tarapyndan guruldy we tehniki enjamlaşdyrylyşyny hasaba almak bilen şuňa meňzeş sport desgalary üçin zerur bolan talaplaryň ählisine laýyk gelýär. Hususan-da, ýaryş mahalynda mahabat toplumlary hem-de sport maglumatlary üçin uly sahnanyň üstki örtüginiň astynda dört taraplaýyn uly monitorlary bolan ekranlar ýerleşdirilipdir. Olarda şu günki dabara gatnaşyjylar we myhmanlar üçin sportuň gyşky görnüşler boýunça sport toplumy bilen tanyşdyrylýan wideorolik görkezildi.

Aşgabatdaky olimpiýa rezerwleri üçin türgenleri taýýarlamakda ýöriteleşdirilen mekdebi bolan gyşky sport toplumynyň keşbi binagärçiligiň milli däpleri bilen häzirki zamanyň gazananlaryny sazlaşykly utgaşdyrýan ak mermerli binalaryň toplumyny özünde jemleýär. Toplum 107 müňe golaý inedördül metr meýdanda ýerleşýär. 10 müň orunlyk münberleri bolan, ýaryşlary hem-de uly sport baýramçylyklaryny geçirmek üçin niýetlenilen ini 30, boýy 60 metr bolan buzly meýdan onuň esasy bölegidir.

Sahnanyň häsiýetli aýratynlygy – köpugurlylygydyr. Bu ýerde hokkeý oýnamak, buzda typmak, şeýle-de, buzuň üstünde şowhunly çykyşlary hem-de dürli baýramçylyk dabaralaryny geçirmek üçin hemme şertler döredilipdir. Tomaşaçylara sport çykyşlaryna we beýleki çärelere amatly tomaşa eder ýaly hemme şertler döredilipdir. Zerur mahalynda zalyň buz örtügini 2 sagadyň dowamynda aýryp, zaly sportuň başga görnüşleri bilen meşgullanmak hem-de dabaraly çäreleri geçirmek üçin ulanyp bolýar.

Esasy sahnadan başga-da, türgenleşikler üçin niýetlenilip ini 25 boýy 56 metr bolan kiçi zal toplumyň düzümine girýär. Bu ýerde buzly ýodajyk, tehniki, geýim çalşyrylýan otaglar, 1040 adamlyk konkileri kireýine beriş hem-de olary çalşyjy nokat bar. Sport zallaryň birnäçesi fitnes, akrobatika hem-de umumy beden taýýarlygy üçin niýetlenipdir. Horeografiýa bilen meşgullanmak üçin ýörite okuw otagy göz öňünde tutulypdyr. Buzly köşgüň metbugat mekrezinde žurnalistleriň we sport kommentatorlarynyň ýüzüsiniň işlemegi üçin şert döredilipdir. Suwa düşmek üçin amatly ýerler, geýim çalşyrylýan otaglar, kämil tilsimatlar bilen enjamlaşdyrylan owkalamak we lukmançylyk otaglary, şeýle hem maslahatlar zaly, wideosalon türgenleriň we tälimçileriň hyzmatyna berlipdir. Degişli çäkde futbol, basketbol bilen meşgullanmak üçin meýdançalar gurlupdyr.

Giň eýwandan diňe bir münberlere däl-de, eýsem sport üstünlikleriniň muzeýine hem baryp bolýar. Ikinji gatda kiçiräk garbanyşhanalar, amatly kafe we restoranlar ýerleşdirilip, olardan buzly sahnanyň görnüşi açylýar. Ýöriteleşdirilen sport mekdep internaty Oguzhan we Atatürk köçeleriniň kesişýän ýeriniň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýär. Türkmen hokkeýiniň we buzda typmagyň geljekki ussatlary üçin toplumlaryň 8-sini hem-de 300-si adamlyk ähli amatlyklary bolan umumyýaşaýyş jaýyny, enjamlaşdyrylan sport zalyny, ýüzüş howzuny lukmançylyk otagyny we beýleki otaglaryny özlerine jemleýän dört gatly okuw binasy gurlupdyr. Mekdebiň açylmagy onlarça çagalara özleriniň arzuwlaryny amala aşyrmaga hem-de biziň ýurdumyzda diňe bir teleýaýlymlardan alyp görkezilişi bilen meşhur bolmadyk sportuň bu täsin görnüşi bilen meşgullanmaga mümkinçilik berer.

Mekdebiň ýatakhanasy dört gatdan ybarat bolup, binanyň demirgazyk-gündogar böleginde ýerleşýär. Onda her birine okuwçylaryň üçüsiniň ýaşamagy, şeýle-de mugallymlar we nobatçy üçin niýetlenen otaglar göz öňünde tutulypdyr. Şonuň ýaly-da, bu ýerde okuwçylaryň suwa düşmekligi, kompýuterler bilen meşgullanmaklary üçin otaglar, aşhanasy bolan 150 orunlyk naharhana bar.

Toplumyň tutuş çägi abadanlaşdyrylypdyr we bu ýerde bag nahallary oturdylypdyr. Onuň meýdany 30 780 inedördül metrden gowrakdyr. Binanyň öňünde suw çüwdürimleri ýerleşdirilipdir.

Şol bir wagtda buzly sahnada açyk reňkleriň şowhuny ýaýbaňlandyryldy. Ony Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň okuwçylary açdylar. Ýaňy-ýakynda hem olar konkide typmakda ilkinji ädimlerini ädýärdiler. Bu gün bolsa tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp bolup, buzda typmaklygyň dürli kompozisiýalaryny we ugurlaryny ynamly ýerine ýetirýärler. Olaryň baýramçylyk lybasyndaky şowhunly çykyşlarynda – bagtly ykbal, buýsançly ýetginjeklik, özleriniň ajaýyp geljegine bolan ynam bar.

Şeýle hem münberleri dolduran adamlar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 20 ýyllyk şanly baýramçylygy mynasybetli türkmenistanlylaryň şatlygyny paýlaşmaga Aşgabada gelen meşhur myhmanlaryň çykmaklaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Myhmanlaryň arasynda-meşhur “Buz üstündäki sirk” internasional topary, Finlýandiýanyň tanymal “Rocketts” buzda typyjalarynyň tans topary hem-de hokkeý toparlarynyň 4-si – “Ak Bars” we “Neftýanik” (ikisi hem Russiýadan), “Maribor” (Sloweniýa) we “Podhale Nowy Targ” (Polşa) bar. Hokkeýçiler üç günüň dowamynda iň güýçlüni mälim ederler.

Ajaýyp dabara tamamlaýjy tapgyra gadam goýýar. Dabara gatnaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetirýän “Ýaşa, Türkmenistan!” atly joşgunly aýdymyň ýaňlanmagynda buzda ýaşajyk türkmen biguraçylary peýda bolýarlar. Bu türgenlere seredeniňde, ýakyn geljekde garaşsyz Türkmenistanyň türgenleriniň halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere, şol sanda gyşky Olimpiýa oýunlaryna ynamly gatnaşyk biljekdiklerine göz ýetirýärsiň.

Buzly meýdançada ýene-de sahnada türkmen körpe buzda typyjylaryň jübüdi peýda bolýar. Buzuň üstünde çylşyrymly tansy ýeňillik bilen ýerine ýetiren bu türgenlere seredeniňde, ýakyn döwürde biziň türgenlerimiziň halkara derejesindäki bäsleşiklerde, şol sanda gyşky Olimpiýa oýunlarynda garaşsyz Türkmenistana wekilçilik etjekdiklerine bolan ynam döreýär.

Sportuň gyşky oýunlary boýunça täze Sport toplumynyň ulanyşa girizilmegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan özgertmeler syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrülip, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň haýran galdyryjy nyşanlarynyň üstüni ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki waka mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrýar.

Dabaralar tamamlandan soňra milletiň Lideri dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşýar we sport toplumynyň çäginden ugraýar.

Şu günki ajaýyp wakalaryň hormatyna gijekii Aşgabadyň asmanynda öwüşginli feýerwekler ýalkym saçýar. Reňkleriň öwüşgini Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň paýtagtyny – parahatçylygyň we söýginiň täsin galdyryjy şäherini ýagtylandyrýar.

Gyşky oýunlar sport toplumynyň täze binasynyň açylyşy dabarasy tamamlandan soň, hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjy köp sanly çagalar we beýleki adamlar, dabaranyň myhmanlary bilen bagtyýar zamananyň rahat awtobuslarynda durky düýpli täzelenen Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen gezelenç etdi. Bu pursatda dabara gatnaşyjylaryň ýüzlerinde şatlyk alamatlary uçgunaklaýar.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň çäklerinde durky täzelenen şaýoluň hem-de täze möhüm desgalaryň ulanmaga tabşyrylmagy mynasybetli atylýan feýerwekler kümüş şuglaly türkmen gijeleriniň asmanynda älemgoşar öwüşginlerini emele getirdi. Asmana atylýan feýewekleriň täsin öwüşginleri bilen gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen durky täzelenen Bitarap Türkmenistan şaýolunyň döwrebap yşyklandyryjylaryndan şöhle saçýan çyralary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, döwlet Baştutanymyzyň berkarar eden eşretli zamanasynyň bagtyýarlygyny jahana ýaýdy.

Şu günki şanly wakalaryň hormatyna guralan köpçülikleýin ýörişler, aýdym-sazly çykyşlar, türkmen ýaşlarynyň görkezme çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň ruhuny göterdi. Şunuň ýaly şatlyk-şagalaňa beslenen dabaralar bu künjegiň şowhunyny artdyrdy we ol giç agşama çenli dowam etdi.