Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Gadymy Merw” taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Gadymy Merw” taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördi

view-icon 2146
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna sapary dowam edýär.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz täze iri durmuş-medeni maksatly desganyň – Mary welaýat kitaphanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Onuň ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda ajaýyp wakalaryň birine öwrüldi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynda bolmagynyň çäklerinde Baýramaly şäherinden 5 kilometr demirgazykda ýerleşýän “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördi.

Bu täsin ýadygärlikler toplumy açyk asmanyň astyndaky ägirt uly muzeý ekspozisiýasy, dünýäniň ähli künjeklerinden köp sanly syýahatçylaryň gelýän meşhur merkezleriniň biri, zyýarat edilýän ýer we şol bir wagtyň özünde milli taryhda hem-de medeniýetde ylmy-barlaglar we täze açyşlar üçin laboratoriýa bolup durýar.

Murgap derýasynyň köne hanasynda ýerleşen Gadymy Merw öz gözbaşyny Marguş (ýa-da gadymy grek we rim ýazgylarynda atlandyrylyşy ýaly Margiana) şalygyndan alyp gaýdýar. Ol ösüş babatda bürünç eýýamynda Gadymy Gündogaryň esasy medeni ojaklary bilen bir derejede durupdyr we dünýä swilizasiýasynyň bäşinji merkezi hasaplanylýar. Adamzat swilizasiýasynyň beýleki gadymy ojaklary ýaly, ol hem dürli wakalary başdan geçirdi.

Özüniň dört müň ýyllyk taryhynyň dowamynda bu sahawatly ülke dürli atlar bilen atlandyrylypdyr. Ýöne olaryň her birinde—Murgap, Marg, Marw, Merw atlarynda bu topragy gülledip ösdüren derýanyň ady bolupdyr. Onuň hanasy gündogardan günbatara tarap süşüp, yzygiderli üýtgäpdir. Suwuň ugry bilen adamlar hem göçüpdir. Olar öňki ýaşan ýerlerinde özleriniň öýlerini, galalary, köşkleri we ybadathanalary goýup gidipdir. Geçen asyrlaryň binagärlik we şähergurluşyk ýadygärlikleri Marguş düzlüginiň ägirt uly giňişliginde ýerleşýär. Olara Baýramaly şäheriniň demirgazygynda 120 kilometriň dowamynda duş gelmek bolýar. Ençeme asyrlaryň synagyndan geçen bu palçyk harabalar Gadymy Merwiň şöhratly we gazaply günleriniň janly şaýatlary bolup durýar. Olar asyrlaryň jümmüşine aralaşmakda, Gadymy Merwiň medeniýetiniň ösüşini öwrenmekde we onuň Gündogaryň taryhynda eýelän ornuny kesgitlemekde alymlara ýakyndan ýardam berýärler.

…Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtomobil kerweni “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çägine bardy. Bu saparyň barşynda döwlet Baştutanymyzyň ýanynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, şeýle hem ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy boldular.

Milletiň Lideri ýol ugrunda özlerinde henize çenli açylmadyk syrlary saklaýan täsin taryhy we binagärlik ýadygärliklerine syn edip, adamlaryň bu ýerlerde biziň eýýamymyzdan öňki VI-V asyrlarda mesgen tutup başlandygyny belledi. Hut şol ýerde dünýäniň ähli dinleri: otparazlyk, buddizm, hristiançylyk we yslam dinleri mekan tutupdyr. Merwiň Beýik Ýüpek ýolunyň örän köp ilatly böleginde ýerleşmegi şäheriň esasy artykmaçlyklarynyň biri bolupdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we dürli asyrlarda bu gadymy transkontinental ýolda dürli şäherler hem möhüm orun eýeländigini nygtady. Ýöne “Maru-Şahu-Jahan”—“Şalaryň şäheri” diýen derejä Merw şäheri eýe bolupdyr.

Hakykatdan hem köp asyrlaryň dowamynda bu ýerde ençeme halklar we medeniýetler ýaşapdyrlar, ýerli hökümdarlaryň parasatlylygy we halkyň zähmetsöýerligi bolsa irki orta asyryň ägirt uly şäheriniň gülläp ösmegini üpjün edipdir. Bu şäher belli bir wagtyň dowamynda (IХ asyryň başynda) tutuş Arap halyfatynyň paýtagty bolupdyr. Çünki Garum ar-Raşidyň ogly halif al-Mamun özüniň kakasy aradan çykanyndan soň yslamyň ägirt uly imperiýasyny özüniň Merwdäki rezidensiýasyndan dolandyrypdyr. Şondan 300 ýyl geçenden soňra, Maru-Şahu-Jahan Beýik Seljuklar döwletiniň paýtagt şäheri bolupdyr. 1222-nji ýylda daşary ýurtly basybalyjylaryň bu şäheri weýran edenlerinden soň, ol özüniň öňki ähmiýetini we şöhratyny ýitiripdir.

Gala diwarlary bilen gurşalyp alnan şäher onuň çägindäki umumy meýdany 1,5 müň gektardan gowrak bolan, palçykdan gurlan köşkleriň we kümmetleriň, orta asyryň ýaşaýyş jaýlarynyň galyndylary bilen birlikde «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghananyň özenini düzýär. Gadymiýetiň Erk gala we Gäwür gala ýaly ägirt uly berkitmeleri, şeýle hem seljuklaryň Soltan gala şäheri we onuň Şähriýar Ark galasy, temirleriň Abdylla han galasy we giçki orta asyr Baýramaly han galasy entek özlerinde geçmişiň örän köp syrlaryny saklaýarlar.

Mundan bir müň ýyldan gowrak wagt ozal çig kerpiçden gurlan Uly we Kiçi gyz galalary, halyf al-Mamunyň köşgüniň galyndylary ХII asyryň ikinji ýarymynda gurlan Soltan Sanjaryň täsin mawzoleýi, şondan, takmynan, kyrk ýyl ozal gurlan Muhammet ibn-Zeýdiň mawzoleýi, sahabalaryň mazarlarynyň golaýynda ХVI asyrda gurlan binagärlik toplumy, sopy şeýhi Hoja Ýusup Hemedanynyň (1048-1140) hormatyna ХVI asyrda gurlan binagärlik ýadygärlik toplumy, Gyzbibiniň we Pälwan Ahmediň kümmetleri, ägirt uly buzhanalar we ýerasty suw howuzlary-bularyň ählisi beýik şäheriň örän baý geçmişiniň bolandygyna şaýatlyk edýär. Gündogaryň taryhynyň möhüm bölegi bolan we arheologik hem-de binagärlik ýadygärlikleriniň ýüzlerçesini özüne birleşdirýän Gadymy Merw 1999-njy ýylda UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

…Biraz wagtdan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtomobil kerweni Soltan galanyň çägine barýar.

Seljuk soltanlarynyň bu hökümet rezidensiýasy IХ-Х asyrlarda Merwiň ilat sanynyň köpelmegi bilen şäher merkezi günbatara süýşende döräpdir. Bu ýerde köşkler, metjitler, patyşa kümmetleri, uly şäher bazary bolupdyr. Soltan gala Beýik Seljuklar döwründe, hususan-da, Mälik şanyň we Soltan Sanjaryň dolandyran döwründe ösüş ýolunyň iň ýokary derejesine baryp ýetipdir. Orta asyryň belli kanun öwrenijisi, taryhçy we dil öwreniji, «Kitab-al-Ansab» atly eseriň awtory Abu Saýid Abdulkerim Samaniniň maglumatlary hem örän gyzyklydyr. Ol 1113-nji ýylda Merwde dogulypdyr we bütin ömrüni diýen ýaly şu ýerde ýaşapdyr. Onuň maglumatlaryna görä, Merwde mähelleleriň (kwartallaryň) 14-si, uly köçeleriň 20-si, metjitleriň we medreseleriň 11-si ýerleşipdir. Şäher eteklerinde bolsa 160-dan gowrak obanyň bolandygy aýdylýar.

Şäheriň içiniň tutýan meýdany 380 gektara golaýdyr, onuň daş-töweregi gorag garymy bilen gurşalypdyr.

Soltan galanyň merkezinde şol döwürlerden bäri saklanyp galan ýeke-täk desga-Soltan Sanjaryň kümmeti ýerleşýär. Bu kümmet gurluşyk sungatynyň hakyky merjenidir. Döwlet Baştutanymyzyň awtomobil kerweni türkmen orta asyrynyň şu ajaýyp ýadygärliginiň golaýynda saklanýar. Şol ýerde milletiň Liderini “Gadymy Merw” goraghanasynyň wekili garşylady.

... 1216-njy ýylda meşhur arap taryhçysy Ýakut al-Hamawy öz gören zatlaryny şeýle beýan edipdir: «Maru-şahu-jahan—munuň özi Horasanyň şäherlerinden iň şöhratlysydyr. Soltan Sanjar ibn Mälikşa as-Seljugy öz garamagyndaky ýurtlaryň giňliginde özüniň ähli beýleki şäherlerinden Merwi artyk görýärdi we ömrüniň ahyryna çenli onda ýaşamagyny dowam etdirdi. Onuň ahyret jaýy hem şol ýerde uly kümmetde, onuň gözenekli penjiresi juma metjidine tarap bakýar. Onuň mawy gümmezi bir günlük ýoldan görünýär. Eger-de bu ýurduň üstüne mongollaryň çozmagy we olaryň ýumurmagy zerarly bolan weýrançylyklar bolmadyk bolsa, onda men onuň ilatynyň sypaýylygy, mylaýymlygy, ýakymlylygy we esasy ylymlaryň bölümleri boýunça kitaplaryň köplügi sebäpli ölýänçäm Merwde galardym ...».

Aslynda depesi howalanyp duran kümmet şol mahallar orta asyr Merwiniň merkezinde öňden bar bolan uly binalaryň toplumynda gurlupdyr. Bu kümmetiň şöhratyny ХIV asyryň sene ýazyjysy Reşid-ed-Din «ýer ýüzüniň iň uly ymaraty» diýip häsiýetlendiren bolsa, ХV asyr taryhçysy Isfizarynyň ýazgylarynda: «Bu ymarat älem giňişligindäki iň beýik ymaratlaryň biri. Ol şeýle bir berk bolup, oňa zaýaçylyk hiç hili täsir edip bilmeýär» diýlip bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kümmetiň diwarlaryndaky bezegler bilen ünsli tanşyp, gümmeziň içki tarapynda bu täsin ymaraty guran ussanyň-Muhammet ibn Atsyz as Sarahsynyň ady ýazylandygyna ýygnananlaryň ünsüni çekdi.

-Şeýle ymaraty gurmaklygy Soltan Sanjara ilki bilen teklip eden Merwdäki köşk şahyrlarynyň biri bolan Aly Auhadeddin Enweri bolupdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdirdi we şu meşhur şahyryň ymarat gurlansoň ussany garaşylýan howpdan hem azat etmegi başarandygy, şeýle ajaýyp ymaratyny başga ýerde gurmazlygy üçin onuň öldüriläýmeginiň hem ahmaldygy baradaky rowaýaty gürrüň berdi.

Türkmen binagäri Muhammed ibn-Atsyz as-Sarahsynyň binagärlik duýgurlygyny beýik diýip atlandyrmak bolar. Orta asyr binagärligi boýunça hünärmenler: «Bu ýadygärlik dünýä binagärliginiň arasynda möhüm orun eýeleýär. Onda hakyky binagärligiň iň ýokary häsiýetleri-tehniki taýdan başarjaňlyk, kompozision pikiriň anyklygy, detallaryň bütewiilgi, bezegiň ýönekeýligi we sazlaşygy jemlenendir» diýip, haýran galmak bilen ýazypdyprlar. Kümmetiň içi örän täsindir, gümmeziň içki ýüzünde özara sazlaşýan sekizburçly ýyldyz görnüşli geometriki bezeg örümleri aýratyn ünsüňi çekýär.

-Ynha, indi, takmynan, 850 ýyldan gowrak wagt bäri Gadymy Merwiň merkezinde seleňläp, özüniň äpetligi we täsin gözelligi bilen haýran galdyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip aýtdy. Ymaratyň depesindäki iki gatdan ybarat bolan äpet gümmez aýratyn üns berilmäge mynasypdyr.

-Munuň özi täsin inženerçilik çözgüdi bolupdyr. Ol Aziýanyň we Ewropanyň binagärlik pikirlerinden ençeme asyr öňürdipdir diýip, milletiň Lideri belledi. - Şeýle gümmez diňe Soltan Sanjar kümmetiniň gurlan wagtyndan soň 300 ýyl geçenden soň meşhur italýan binagäri Filippo Brunelessko tarapyndan Ýewropada gurlupdyr.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz kümmetiň binagärlik aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdyr. 2004-nji ýylda ylym we medeniýet ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer wezipesinde işlän we hormatly Prezentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň howandarlygynda bu ýerde ýadygärligiň ilkibaşdaky durkuny dikeltmek we düýpli abatlamak boýunça giň möçberli işler üstünlikli tamalandy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly üns bermegi netijesinde ähli işler ýokary hilli ýerine ýetirildi. Olarda iň häzirki zaman tehnologiýalary ulanyldy. Kümmetiň gallereýalarynda täsin nagyşlar dikeldildi, diwarlaryň ýüzündäki seýrek duş gelýän suratlar halas edildi. Şunuň netijesinde bu ýadygärlik täzeden öwşün atyp başlady.

Häzir Soltan Sanjaryň kümmeti gadymy ýadygärligi dikeltmegi ylmy taýdan esaslandyrylan we ýokary hilli nusgasy bolup durýar. Munuň özi halkara bilermenleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Bu täsin ýadygärlik «Gadymy Merw» goraghanasynyň merjeni bolup, özüniň ajaýyplyklary bilen ýurdumyzyň ähli künjekleriniň hem-de daşary ýurtlaryň köp sanly syýahatçylarynyň ünsüni çekýär.

Bu kümmet we beýik Soltan barada halkymyzda köp asyrlaryň dowamynda täsin rowaýatlaryň ençemesi döredildi. Milletiň Lideri ýadygärlige syn etmegiň barşynda bu ýerde bolýanlara şol rowaýatlaryň birini aýdyp berdi.

Ýeri gelende aýtsak, türkmen döwletiniň Baştutany şu ýylyň sentýabr aýynda Nýu-Ýorka bolan saparynyň barşynda “Metropoliten” Sungat muzeýinde geçirilen “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik mahaly hem bu rowaýaty gürrüň beripdi.

Şonda duşuşyga ABŞ-niň Döwlet departamentiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleriniň, “Metropoliten” muzeýiniň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşandygyny ýatladmalydyrys. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň gadymy taryhy, köp asyrlar mundan ozal türkmenleriň döreden Marguş, Parfiýa, Seljuk imperiýasy ýaly döreden kuwwatly döwletleri, halkymyzyň baý maddy we ruhy medeniýeti, ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri barada beren gürrüňi daşary ýurt diňleýjilerinde uly gyzyklanma döretdi.

Bu duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň sungatyryň wirtual galereýasyny döretmek baradaky täze başlangyjyna ýokary baha berildi. Munuň özi günbatar dünýäsine milli medeniýet we onuň baý mirasy, şol sanda Gadymy Merwiň ajaýyp ýadygärlikleri bilen ýakyndan hem-de doly tanyşmaga mümkinçilik berer.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň awtomobil kerweni Soltan galanyň günbatar eteginde ýerleşen we VI-VII asyrlar bilen senelenýän Uly Gyz galasyna bardy.

Bu ýadygärlik häzire çenli özüniň monumentallygy bilen haýran galdyrýar. Galanyň kuwwatly diwarlary 15 metr belentlikde saklanyp galypdyr. Ýokarky gatyň otaglary weýran bolupdyr, ýöne diňe daşky diwarlaryň esasy bölegi özüniň ilkibaşdaky durkuny saklap galypdyr. Häzirki wagtda türkmen hünärmenleri özleriniň daşary ýurtly kärdeşleri-UNESKO-nyň bilermenleri bilen bilelikde gadymy binagärligiň bu iki sany ajaýyp eserlerini dikeltmegiň toplumlaýyn taslamasyny işläp taýýarlaýarlar.

-Biziň häzirki duran ýerimiz bolan Uly Gyz galanyň golaýynda Kiçi gyz gala hem ýerleşýär - diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Gadymy Merw” goraghanasynyň ýene-de bir ajaýyp ýadygärligi görkezip aýtdy.- Olar bilelikde bitewi toplumy emele getirýärler. Çaklamalara görä, olar Hurmuzfarra akabasynyň ugrunda uzalyp gidýän ýerleriň eýesi bolan gurply mülkdara degişli bolupdyr.

Bu irki orta asyrlarda gurlan desgalar özleriniň çig kerpiçden gurlan kuwwatly diwarlary bilen haýran galdyrýar. Galalaryň ikisiniň hem dört tarapyndan gurşap alan ýarym sütünler olary örän uly edip görkezýär. Biri-birinden, takmynan, 100 metr aralykda ýerleşýän bu ýadygärlikler indi ýüz ýyldan gowrak wagtdan bäri alymlaryň ünsüni çekip gelýär.

-Beýleki bir tarapdan, Soltan galanyň gündogar diwarlarynyň golaýynda Hoja Ýusup Hemedanynyň binagärlik toplumy ýerleşýär. Ol Merwde iň sarpalanýan ýerleriň biridir. Bu ýerde ХI-ХII asyrlaryň sepgidinde ýaşap geçen, Hemedan şäherinden bolan musulman Gündogarynyň beýik filosofy, sopy şeýhi Abu Ýakup Ýusup ibn Eýýup jaýlanypdyr. Soltan Sanjar beýik şeýhe yzygiderli maslahat sorap ýüzlenipdir - diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdirdi.

Hemedany binagärlik toplumynyň häzir bar bolan giň eýwanly bina ХVI asyrda gurlupdyr, mazaryň üstündäki gümmez bolsa ençeme gezek bina edilipdir. Şol toplumda has soň gurlan metjitler, medrese we sadaka bermäge niýetlenen häzirki zaman uly zaly bar.

Hoja Ýusubyň aramgähiniň ýanyndaky metjit bütin ХХ asyryň dowamynda hereket edipdir. Şol döwürde Türkmenistanyň beýleki metjitleri sowet häkimiýeti tarapyndan ýapylypdyr. Häzir hem ol diňe bir Mary welaýatynyň däl, eýsem beýleki welaýatlaryň hem-de yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň musulmanlarynyň köpçülikleýin zyýarat edýän ýeri bolup durýar.

-Haýran galdyrýan ýadygärlikleriň biri-de Gäwür galadyr, ol ýaşy boýunça gadymy Merwden soň ikinji şäherdir diýip,

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bir mahallr kuwwatly galanyň bolan ýerini görkezip aýtdy. Içki meýdany 400 gektara golaýlaýan bu gala biziň eýýamymyzdan ozal III asyryň ikinji ýarymynda gurlupdyr.

Häzirki wagtda äpet depelere öwrülen gala diwarlarynyň üstünde öz döwründe 100-den gowrak göniburçly goranyş diňleriniň bolandygy bellidir. Olaryň beýikligi 10 metre ýetýär, emma ir mahallar bu galanyň has-da belent bolandygyny göz öňüne getirmek kyn däl. Uzunlygy 2 kilometre golaý bolan diwarlaryň düýbünde 8 metre ýetýän galyňlygy soňra parfiýalylar we sasanidler döwründe 16 metre çenli artdyrylypdyr.

10-12 metr çuňlukda galan medeni gatlaklar taryhçylary we arheologlary bu gadymy şäheriň gurluşygynyň giň möçberliligi bilen haýran galdyrýar. Galanyň çäginde yslam eýýamyna çenli otparazlar, butparazlar we hristianlar ýaşapdyr. Bularyň ählisi ýazuw çeşmelerinden hem mälimdir we häzirki zaman alymlary tarapyndan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň barşynda tassyklanyldy.

Geçen asyryň 50-nji ýyllarynda akademik M.Ý.Massoniň ýolbaşçylygynda geçirilen barlag işleriniň netijesinde Gäwir galanyň çäginde irki hristian ybadathanasy, butparazlaryň ybadathanasy, durmuş sahnalary şekillendirilen waza we beýikligi 4 metre golaý bolan Buddanyň heýkeliniň palçykdan ýasalan kellesi we beýleki möhüm tapyndylar ýüze çykaryldy. Olar Merwiň taryhy boýunça gymmatly maglumatlary almaga mümkinçilik berdi hem-de Türkmenistanyň Baş milli muzeýinde öz orunlaryny tapdy.

IХ-Х asyrlarda şäheriň günbatar tarapa ösmegi bilen Gäwir galanyň köne böleginiň ýaşamagyny dowam etdirendigi alymlar tarapyndan subut edildi. Bu ýerde demirçileriň we Güýzegärleriň ussahanalary işläpdir. Gäwir galanyň merkezinde bolsa Merwdäki ilkinji Benu-Mahan metjidi gurlupdyr. Arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde onuň mähraply galyndylary, şeýle hem üsti gümmez bilen ýapylan ýerasty suw howuzlary tapyldy.

Bu ýere gelýänler beýik şäheriň wakalara baý bolan gadymy taryhy bilen tanyşýarlar...

Döwlet Baştutanymyzyň bu sapary Gadymy Merwiň esasy galasy bolan Erk galanyň diwarlarynyň öňünde tamamlanýar.

-Bu gala ýaşyna görä Merw galalarynyň içinde iň gadymkysydyr, onuň tutýan meýdany 20 gektara barabardyr. Düýbüniň haçan tutulandygy takyk belli däl, ýöne, bar bolan maglumatlara görä, biziň eýýamymyzdan öň VI- V asyrlarda Erk galada eýýäm durmuş gaýnap joşupdyr - diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Häzirki wagtda onuň diwarlarynyň saklanyp galan bölekleriniň beýikligi ortaça 25 metre ýetýär, başdaky beýikligi bolsa häzirkisinden 7-8 metr töweregi belent bolupdyr. Göräýmäge, Erk galanyň aýlawa meňzeş diwarlary ilkibaşda köpburçly görnüşde bina edilipdir. Galanyň töwereginiň diametri bir kilomtre golaýdyr. Diwarlaryň ýokarsynda yzygiderli ýerleşen gorag diňleri anyk görünýär.

Galanyň ýeke-täk derwezesi günorta tarapda ýerleşdirilip, Gäwir gala tarap gönükdirilendir. Onuň ýokary bölegi kuwwatly gorag diňleri berkidilipdir. Arheologlar olaryň içinde köp sanly otaglary ýüze çykardylar. Erk galanyň beýikde ýerleşen derwezesine girmek üçin ýörite eňňit ýol gurlupdyr. Gadymy Gündogaryň gala gurluşygynda giňden ulanylan bu goranyş usuly şäheri duşmançylykly çozuşlardan ygtybarly goramaga mümkinçilik beripdir we Erk gala şeýle gorag desgasynyň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär. Alymlar şäheriň ýokarky böleginde ýerleşen binanyň parfiýalylar döwründe gurlandygyny anykladylar. Bu desgada top oklaryny taýýarlamak üçin gurlan köp sanly peçler bolupdyr.

Ýazuw çeşmelerinde bellenilişi ýaly, Erk gala Х asyrda goranyş galasy hökmünde doly diýen ýaly ulanyşdan galypdyr. Şol wagtlar onuň beýik diwarlaryna ýolbeletsiz çykmak kyn bolupdyr, diňe içki peslikdäki ýerleri ekerançylyk üçin ulanylypdyr.

Häzir bu ýerde türkmen-britan ekspedisiýasynyň hünärmenleri öz barlaglaryny geçirýärler. Merw oazisiniň tutuş çägi bolsa indi birnäçe ýyldan bäri türkmen-italýan arheologlar, geomorfologlar we kartograflar topary tarapyndan öwrenilýär. Olar Merwiň hem-de Murgabyň gadymy hanasyna ýanaşyk ýerleriň jikme-jik arheologik kartasyny döretmegiň üstünde işleýärler.

Meşhur ýadygärlikleri gözden geçireninden soň, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Gadymy Merwiň” milli taryhyň özboluşly ýüzüdigini belläp, syýahatçylygy mundan beýläk-de ösdürmek, bu ulgamda ylmy-barlag we medeni işler babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň çäginde köp sanly gadymy şäherler we ylym babatda uly ähmiýete hem-de syýahatçylyk boýunça ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan täsin ýerler saklanyp galypdyr-- diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milletiň Lideri türkmen topragynyň köp sanly taryhy-medeni ýadygärlikleri barada aýdyp, türkmenistanlylaryň ösüp gelýän neslini ruhy-ahlak we watançylyk ruhynda terbiýe bermekde olaryň uly ähmiýete eýedigini belledi hem-de biziň milli taryhy mirasymyzy giňden wagyz etmegi, ýaşlary türkmen medeniýetiniň gymmatlyklaryna çekmäge gönükdirilen medeni-köpçülikleýin işiň täze usullaryny gözlemegi işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Milletiň Lideri döwletiň ýurdumyzda taryhy ylmyň ösdürilmegini hemişe goldandygyny we mundan beýläk hem goldajakdygyny, şu ulgamda gyzykly we möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegini höweslendirjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara “Gadymy Merw” goraghanasynyň çäginde taryhçylaryň, restawratorlaryň, alymlaryň we arheologlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri bolan özboluşly ylmy merkezi, şeýle hem muzeý öýüni döretmegiň hasabyna goraghanany mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen topragynyň bu täsin künjeginde möwsümleýin meýdan ekspedisiýalaryny we beýleki ylmy işleri geçirmek üçin iň amatly şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn çäreleri göz öňünde tutýan maksatnamany işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Merw, Nusaý we Köneürgenç ýaly meşhur ýerlerden başga-da, entek giňden belli bolmadyk, ýöne örän gyzykly ýerler hem az däl diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi we arheologýia we taryh ylmy ulgamynda halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge, UNESKO ýaly abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow goraghananyň işgärlerine hem-de Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasyny saklap galmak we wagyz etmek bilen meşgullanýan adamlaryň ählisine işlerinde üstünlikler arzuw edip, ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we Gadyym Merw goraghanasyndan ugrady.