Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň merkezindäki Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine, şeýle hem käbir möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, oňa gatnaşyjylara söz berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryjysy H. Muhammedow özüniň gözegçilik edýän dolandyryş ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygyna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz şöhratly baýramymyzyň hormatyna geçiriljek dabaralaryň hem-de oňa gabatlanyp guraljak çäreleriň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegiň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly senäniň taryhy ähmiýeti barada aýdyp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna geçiriljek dabaralar türkmen halkyny täze Galkynyş eýýamynyň döredijilik ideallarynyň töwereginde has-da jebisleşdirmelidir, ony mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna täze üstünliklere ruhlandyrmalydyr diýip belledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygyna taýýarlyk görlüşi barada durup geçip, baýramçylyk mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň, şol sanda dürli derejedäki wekiliýetleriň geljekdigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatyny gyşarnyksyz durmuşa geçirýän Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň hoşniýetli dostlar we goňşular üçin hemişe açykdygyny aýtdy. Biz türkmen halky bilen onuň baş baýramyny bilelikde bellemek üçin geljek myhmanlaryň ählisine tüýs ýürekden şatdyrys diýip, milletiň Lideri belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz R. Meredowa daşary ýurtly myhmanlaryň ýokary derejede, myhmansöýerligiň iň gowy däplerine laýyklykda kabul edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A. Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işleri hem-de deputatlaryň golaýda kabul edilen täze kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça ýerlerde geçirýän işleri barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, deputatlaryň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli alyp barýan işiniň örän möhümdigini nygtady. Munuň özi täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda döwleti hem-de jemgyýeti ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini üstünlikli çözmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde taýýarlanan Mary welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hakyndaky kararyň taslamasynyň taýýarlynyşy hakynda hasabat berdi. Hasabatyň çäginde Aşgabat şäheriniň häkimliginiň we paýtagtyň jemagat hojalygynyň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan işler hakynda aýdyldy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowa söz berildi, ol türkmen döwletiniň Baştutanyna düýn Mary welaýatynyň kitaphanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşandygy, şeýle hem welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine degişli meselelere yzygiderli üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Welaýatyň ýaşaýjylary şol alada mynasyp zähmet üstünliklerini gazanmak arkaly jogap bermäge çalyşýarlar. Maryly pagtaçylar döwlet harmanyna 310 müň tonnadan gowrak pagtany tabşyryp, “ak altyny” taýýarlamak boýunça ata Watanymyzyň öňündäki şertnamalaýyn borçlaryny berjaý etdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti döwletiň geljekde-de welaýatlaryň ösüşine, ýerlerde önümçilik we durmuş-ýaşaýyş infrastrukturasynyň yzygiderli ýagdaýda kämilleşdirilmegine içgin üns berjekdigini belläp, maryly daýhanlara pagtanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigi we ýygnalandygy üçin minnetdarlyk bildirip, bu ajaýyp üstünligiň gazanylmagy bilen gutlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň häkimine welaýatda amala aşyrylýan işlere hemişe aýratyn üns bermegi tabşyryp, häzirki wagtda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli özgertmeleriň esasy maksadynyň adamlaryň abadan, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekden ybarat bolup durýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow A. Goçyýewiň hasabatyny jemläp, ýurdumyzyň sebitlerinde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän senagat pudagynyň kemala gelmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasytynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda çykyş edýändigini belledi. Hödürlenen resminamanyň ähmiýeti hakynda aýdyp, milletiň Lideri Mary welaýatynda ykdysadyýetiň senagat we önümçilik ulgamynyň köp ugurlylygyna, kärhanalaryň iň kämil tilsimatlar bilen enjamlaşdyrylmagyna, ekologiýa taýdan arassa gaýtadan işleýän senagat önümçiliginiň döredilmegine gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamanyň esasy ugurlarynda jikme-jik durup geçdi.
Bu maksatnamanyň esasy düzügnlerine laýyklykda gazyň çykarylyşynyň diwersifikasiýasy, mineral dökünleriň öndürilişini--4,8 esse; elektrik energiýasyny – 1,2 esse; pagtanyň gaýtadan işlemegi—1,2 esse; magdan däl materiallary-- 1,7 esse; diwar gurluşyk materiallaryny –1,3 esse; azyk senagatynyň esasy önümlerini – 1,4 esse artdymak göz öňünde tutulýar.
Resminamada bellenilen wezipeleriň durmuşa geçirilmegi import harytlaryny çalyşýan önümleri öndürmegi ýokary depgini ösdürmäge ýardam eder we şonuň hasabyna içerki bazarlarymyz esasan ýurdumyzda öndürilen harytlar bilen üpjün ediler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Mundan başga-da, degişi Kararda ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini pugtalandyrmak we içerki bazaryň haryt bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak üçin dokma senagaty pudagyny ösdürmek göz öňünde tutulýar.
Şonuň ýaly-da resminama Mary welaýatynyň senagat pudagynyň ösüşinde kiçi we orta telekeçiligi giň gerimler bilen çekmäge gönükdirilendir diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi täze iş orunlaryny döretmäge hem-de oba ýerlerinde ilatyň iş bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berer.
Mary welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda bu welaýatda 29 sany täze, döwrebap senagat desgalaryny gurmak we 11 sany hereket edýän senagat kärhanalaryň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny dowam etdirdi. Täze önümçilik desgalarynyň işe girizilmeginiň, şeýle hem hereket edýän önümçilikleriň doly kuwwatynda ulanylmagy netijesinde welaýatyň senagat önümçiliginiň möçberi geljekki 5 ýylda iki essä golaý artar.
Bu çäreleriň durmuşa geçirilmegi bilen Mary welaýatynda bäş müň üç ýüz segsen bäş birlik täze iş orunlary dörediler. Bu bolsa netijede Mary welaýatynyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna getirer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuşlygyna alnanda hödürlenen resminamany makullap, oňa gol çekdi hem-de kabul edilen maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi talap etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyňm orunbasary D. Orazow öz gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler we bu pudaklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada hasabat berdi. Şol sanda wise-premýer Aşgabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny ýerlemegiň tertibi barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatda döwlet Baştutanynyň garamagyna “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň edara binasyny ýerleşdirmegiň taslamasy hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizde gurluşyk senagatyna möhüm orun degişlidigini belledi. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna gabatlanyp köp sanly desgalaryň ulanylmaga berilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Türkmenistanlylaryň durmuşy, zähmet çekmegi we dynç almagy, oňaýly şäher ulgamy we degişli infrastruktura üçin amatly şertleri döretmek özgertmeleriň ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda Aşgabatda has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy bellärliklidir. Şol binalar döwrüň talaplaryna we häzirki zaman ülňülerine doly laýyk gelmelidir.
Şu jähetden milletiň Lideri Mejlisiň Başlygy A. Nurberdiýewa ýüzlenip, ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny almak, şeýle hem ýaşaýyş jaýlaryny edinmek üçin eňillikli karz serişdelerini almak bilen bagly meseleleri Adalat ministrligi we häkimlikler bilen bilelikde gyssagly seljermegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş jaýlaryny almak bilen bagly meseleleri düzgünleşdirýän kanunlaryň üstünde işlemegiň, bu ugurdaky kanunçylyk namalaryny bildirilýän talaplara laýyk getirip, olary ähli adamlar biler ýaly metbugatda çap etmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň edara binasynyň gurluşygy barada durup geçip, onuň bina edilmeginiň aragatnaşyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýandygyny belledi we bu kärhananyň edara binasyny ýerleşdirmegiň teklip edilýän taslamasyny makullady.
Mejlisde çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýangyç-energetika tolplumynyň täze desgalarynyň ulanylyşa taýýarlygy hakynda hasabat berdi. Olaryň hatarynda Bagajadaky gazy gaýtadan işleýän toplumyň ikinji nobatdakysy bar. Onuň desgalary ýylda 1 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge, suwuklandyrylan gazyň 12 müň tonnasyny we gaz kondensatynyň 18 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Suwuklandyrylan gaz bu ýerden eksporta ugradylar. Gaz kondensaty bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna berler. Ol ýerde ondan dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan ýokary hilli önümler öndüriler. Mundan başga-da, Bagajadan her ýylda Lebabyň önümçilik zerurlyklary we ilaty üçin “mawy ýangyjyň” 900 million kub metri goşmaça berler.
“Döwletabat--2” ýatagynda taslama kuwwatlylygy bir gije-gündizde 50 million kub metr gaza barabar bolan gaz gysyjy desgasynyň ýene-de biriniň gurluşygy tamamlandy. Maýa goýum taslamasy “mawy ýangyjyň” eksport möçberini artdyrmaga gönükdirilendir. Täze desga çykarylýan gazy “Döwletabat--Hangeran” we “Döwletabat-Derýalyk” gaz geçirijisine bermek üçin niýetlenendir.
Uzynlygy 61,1 kilometr bolan “Döwletabat-Derýalyk” sowma gaz geçirijisi ulanylyşa girizmäge taýýar edildi. Ol Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini her gije-gündizde ýene-de 80 million kub metr tebigy gaza çenli artdyrmaga ýardam eder. Mundan başga-da, bu gaz ugrunyň gurluşygy netijesinde ýurdumyzyň iri ýataklaryndan alynýan uglewodorod ýangyjynyň häzirki ugry Derýalyk gaz gysyjy bekedine çenli ugradylyşy Türkmenistanyň çägi boýunça amala aşyrylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energetika düzümleriniň şu gün ulanylmaga girizilýän desgalaryň möhüm ähimiýeti hakynda aýdyp, munuň “mawy ýangyjyň” sarp edijileriniň barha artýan diňe bir içerki bazaryny däl-de, eýsem transmilli gaz geçirijileriň eýýäm hereket edýän hem-de täze eksport ugurlarynyň üznüksiz serişde üpjünçiligi üçin goşmaça kepil bolup hyzmat etjekdigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen Türkmenistan energetika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerine ýokary derejedäki jogapkärçilikli çemeleşmäniň ýokary derejesini görkezýär hem-de bu maksatlar bilen ilkinji nobatda, öz gezeginde ählumumy energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň möhüm düzümi bolan uglewodorod serişdeleriniň geçirijileriniň köp ugurly ulgamyny döretmek hem-de dünýä bazarlaryna energiýa geçirijileriniň ygtybarly ugradylyşyna gönükdirilen anyk çäreleri amala aşyrýar.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Ýazmuhammedowa Aşgabat şäherinde täze gurlan “Bagt Köşgi” toý dabaralary merkeziniň, 2000 orunlyk myhmanhananyň hem-de 20 000 tomaşaçy orunlyk köpugurly stadionyň 28-nji oktýabrda geçiriljek açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we häzirki zaman jemgyýetinde maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamagyň, ösüp gelýän nesli halkymyzyň däp-dessurlaryna we urp-adatlaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtap, wise-premýere “Bagt Köşgi” toý dabaralary merkezinde nika baglaşmak çäresini geçirmegiň anyk tertibini işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz nika baglaşýan ýaş çatynjalaryň her biri bu dabaralar merkeziniň ýanyndaky seýilgähde agaç nahallaryny oturdyp, soňra bu baglara ideg edip dursalar, gowy bolap diýip belledi.
Durmuş guran ýaşlar birnäçe wagt geçenden soň, bilelikde ýaşan döwrüniň şanly senelerinde, ýubileý ýyllarynda bu seýilgähe gelip, ýadygärlik galar ýaly, ýene-de täze bag nahallaryny oturtsalar, maksadalaýyk bolar diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdirdi. Şeýlelikde, “Bagt Köşgi” toý dabaralary merkeziniň töweregindäki, häzirlikçe boş duran ýerler ýuwaş-ýuwaşdan bagy-bossanlyga öwrüler. Wagtyň geçmegi bilen bolsa, ilkinji bilelikdäki durmuş ýoluna şu ýerde gadam basan, durmuş guran adamlaryň çagalary ýetişip, olar bu seýilgähde ekilen baglaryň saýasynda dynç alarlar. Şeýlelikde maşgala gymmatlyklarynyň berkidilmegine ýardam etjek ajaýyp däp-dessurlar dörär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Bu ýerde baglary ekmek bilen birlikde, “Bagt Köşgünden” beýleki möhüm ähmiýetli desgalara, mysal üçin, Konstitusiýa we Garaşsyzlyk binalaryna, Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlaryň we Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň hatyrasyna gurlan ýadygärliklere ýaş çatynjalar baryp, hatyralap biler ýaly, olaryň bu binalara gelmeginiň tertibini işläp taýýarlamak we soňra bu ýörelgäni asylly däbe öwürmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N. Şagulyýewe söz berildi. Ol GDA-nyň agzalary bolup durýan döwletleriň hökümetleriniň baştutanlarynyň 18-nji oktýabrda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda berjaý edilen işler hem-de birnäçe taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi. Hususan-da, “Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň edara binasyny gurmak hakyndaky” hem-de “Gyzylgaýa-- Bereket—Etrek” demir ýolunyň Bereket—Etrek böleginiň we Bereket stansiýasynda lokomotiw deposynyň gurluşygynda maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek hakyndaky” kararlaryň taslamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berildi. Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň Döwlet serhedine çenli “Etrek-Bereket—Gyzylgaýa” demir ýolunyň ugrunda gurulmaly demir ýol menzilleriniň teklip edilýän görnüşleri, şeýle hem ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan satyn alynjak “KAMAZ” kysymly awtoulaglaryň we tehnikanyň satyn alynmagy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, geljekde-de döwletara derejesinde, şeýle hem tutuş GDA-nyň çäklerinde däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutany aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny ösdürmegiň meselelerine geçip, Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny telefon aragatnaşygynyň döwrebap görnüşleri bilen oňat hilli üpjün etmegiň hem-de “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşygyň milli operatorynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutany hödürlenen taslamany oňlap, degişli resminama gol çekdi hem-de şu wezipe berjaý edilen mahalynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň we kämil enjamlaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidigini hem-de şu jähetleriň möhüm ähmiýetlidigini we hökmanydygyny belledi. Ýokary tehnologiýalary özleşdirmäge we täze enjamlar bilen işlemäge ukyply hünärmenleri gijikdirmän taýýarlamak hem derwaýys mesele bolup durýar.
Döwlet Baştutany daşalýan ýükleriň möçberlerini we gatnadylýan ýolagçylaryň sanynyň artdyrylmagyny, şeýle hem ilata edilýän hyzmatyň hiliniň ýokarlandyrylmagyny ýurdumyzyň ulag toplumynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilýän Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň möhüm ähmiýetli düzümi bolup durýan “Gyzylgaýa-- Bereket—Etrek” demir ýolunyň Bereket-Etrek böleginiň we Bereket stansiýasynda lokomotiw deposynyň gurluşygynda maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek hakyndaky Karara gol çekip, degişli ýolbaşçylara şu taslamanyň amala aşyrylmagyna berk gözegçiligiň amala aşyrylmagyny hem-de işçileriň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berilmegini tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň ulag ulgamyna degişli ähli görnüşlerdäki kärhanalaryň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berýändigini hem-de maddy taýdan uly goldaw berýändigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti döwrebap ulag-kommunikasion infrastrukturanyň bolmagynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürilmeginde we özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygynda möhüm ähmiýetli ýagdaýlaryň biri bolup durýandygyny belläp, dünýäde belli kysymly tehnikany, şol sanda “KAMAZ” kysymly awtoulaglary satyn almagyň hasabyna mundan beýläk-de ýurdumyzyň ministrlikleriň we pudak edaralarynyň tehniki parklarynyň üstüniň ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Mezilow Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XIV maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezini açmak boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu merkeziň esasy wezipesi öňde baryjy kompýuter tilsimatlar ulgamynda dünýä derejesindäki ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň ylym—bilim merkezleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek, bu ulgamda halkara gatnaşyklaryny işjeň ösdürmek ylym we bilim ulgamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip nygtady. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Hindistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykýar diýip, milletiň Lideri belledi we täze bilelikdäki türkmen—hindi merkeziniň köpugurly hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşjakdygyna we döwletleriň ikisinde hem ylmyň we ýokary tilsimatlaryň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XIV maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk meselesine degip geçip, dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan watandaşlarymyz bilen medeni gatnaşyklary ösdürmekde we berkitmekde, Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmakda DTYB-niň geçirýän işiniň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, biziň watandaşlarymyzyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygynyň hormatyna geçiriljek baýramçylyk çärelerine gatnaşmagy we ýurdumyzyň täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda gazanýan üstünliklerine buýsanjymyzy we şatlygymyzy paýlaşmagy üçin ähli şertleri döretmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we öňümizdäki forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Nurmämmedow agrosenagat toplumynyň ýagdaýy we möwsümleýin meýdan işleriniň barşy hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly bu hepdede Balkan hem-de Mary welaýatlarynyň pagtaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Ýurdymyzyň beýleki sebitlerinde hem pagta ýygymy tamamlanyp barýar. Tutuş Türkmenistan boýunça ýetişdirilen pagtanyň 90 göterime golaýy ýygnaldy.
Güýzlük galla ekişi hem güýçli depginde alnyp barylýar. Galla ekilen meýdanlaryň köp böleginde gögeriş alyndy.
Maldarçylyk hojalyklarynda gyşa taýýarlyk görmek işleri dowam edýär. Onuň çäklerinde bar bolan kaşarlary abatlamak we täzesini gurmak boýunça işleriň bellenilen möçberi ýerine ýetirildi. Zerur möçberdäki ot-iýmler taýýarlanyldy.
Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna gabatlanyp ulanylyşa giriziljek birnäçe desgalaryň açylyşyna görülýän taýýarlygyň barşy hakynda hasabat berdi.
Şeýlelikde, Serdar şäherinde “Balkan” azyk kombinatynyň önümçilik bölümleri abadanlaşdyrylandan soňra ulanylyşa giriziler. Kärhananyň kuwwatlylygy müň tonna süýt we 200 tonna et önümine çenli artdy.
Döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda Abadan şäherinde esasan hem köprüleriň we beýleki ulag desgalary üçin niýetlenilen demirbeton önümlerini önümçiligi boýunça bölüm ulanylmaga berler.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, üstümizdäki ýylda ýetişdirilen baý pagta hasylynyň iň soňky übtügine çenli meýdanlardan ýygnamakda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti bu hakynda aýtmak bilen, beýleki meýdan işleriniň ählisinde hem öz wagtynda geçirilmeginiň, degişli agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Milletiň Lideri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň öňüsyrasynda tutuş ýurdumyz boýunça geçirilýän binalaryň açylyş dabaralary bilen baglanyşykda sebitlerdäki täze durmuş-ykdysady desglarynyň gurluşyklarynyň öňi bilen türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdrilendigini nygtady. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary öňe sürüp we geljekde hem başyny başlan syýasatymyzyň esasyny goýan bu ýörelgä gyşarnyksyz eýereris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O. Gurbannazarow öz garamagyndaky düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de söwda ulgamyna we dokma senagatyna degişli minsitrlikleriň we pudak edaralarynyň desgalarynda gurluşyk işleriniň barşy baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şu pudaklaryň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, dokma pudagynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar hem-de täze kärhanalaryň we söwda degişli edaralaryň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle hem wise-premýer üçünji Halkara maýa goýum forumyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi, bu çäre şu ýylyň noýabrynda Türkmenistanda geçirilýär.
Döwlet Baştutany hasabaty jemläp, dokma pudagynyň eksport boýunça mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, dokma senagatynyň bar bolan bar bolan önümçilik kuwwatlyklaryndan has doly we netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda ulgamyna we dokma senagatyna degişli desgalarynda gurluşyk işleri bilen bagly meseleler barada durup geçip, jogapkär ýolbaşçylara işleriň barşyna hem-de potratçy kompaniýalaryň işleriniň hili we täze binalary bellenilen möhletde ulanmaga bermek bilen baglylykda bildirilýän talaplary berjaý etmegine göwnejaý derejede gözegçiligiň üpjün edilmeginiň möhümdigini tabşyrdy.
Döwlet Baştutany geçiriljek üçünji Halkara maýa goýum forumyna degişli meselä degiap geçip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde, dünýäniň işewür toparlaryny Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty hem-de netijeli gatnaşyklar ýola goýmak üçin ýurdumyzda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdyrmakda tş ýüzünde möhüm ähmiýete eýedigini belläp, bu çäräniň ýokary derejede guralmagyny tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki meseleleriniň hem käbirine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk we Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Şu günüň özünde türkmen döwletiniň Baştutany Aşgabada gaýdyp geldi.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň halkara aeroportunda belli “Boing” we “Gor Dizaýn” kompaniýalarynyň wekilleri bilen söhbetdeş boldy. Myhmanlar Türkmenistan bilen ýola goýlan gatnaşyklary pugtalandyrmakda berýän goldawlary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdiler. Öz gezeginde hormatly Prezidentimiz milli raýat awiasiýasynyň ösdürilmegine işjeň gatnaşýandyklary üçin myhmanlara minnetdarlyk bildirdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýere gelenler bilen hoşlaşyp, paýtagtymyzyň howa menzilinden ugrady.