Ï Milli Liderimiz Dünýä türkmenleriniň XlV maslahatyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli Liderimiz Dünýä türkmenleriniň XlV maslahatyna gatnaşdy

view-icon 734
Şü gün paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Dünýä türkmenleriniň XlV maslahaty geçirildi.

Watandaşlarymyzyň maslahaty Aşgabatda dünýäniň ýigrimi ýurdunda mekan tutan dünýä türkmenleriniň wekillerini, şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinden DTYB-niň agzalaryny ýygnady.

Däp bolup gelşi ýaly, Dünýä türkmenleriniň maslahaty ýurdumyzyň baş baýramçylygynyň—Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýär. Türkmen döwletiniň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy ýurdumyz üçin, onuň her bir raýaty üçin ykbal çözüji taryhy waka boldy we biziň daşary ýurtly watandaşlarymyzyň ykballaryna hem uly täsir etdi. Çünki türkmen döwletiniň özygtyýarly ösüşiniň ilkinji ýyllarynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi döredildi. Ol eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna milletiň agzybir bolmagyny, watandaşlarymyzyň jebisleşmegini öz baş maksady diýip yglan etdi. Geçen ýyllarda DTYB abraýly halkara guramasyna öwrülip, häzir onuň düzüminde dünýäniň dürli ýurtlaryna işjeň hereket edýän daşary ýurt bölümleriniň ýigrimiden gowragy, toparlaýyn we şahsy agzalaryň ýüzlerçesi bar.

Täze Galkynyş eýýamy daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň işleri geçirmek üçin uly mümkinçilikleri döretdi. Soňky ýyllarda daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen işleriň mazmuny we ugurlary baýlaşdy, ylym we bilim, medeniýet we sungat, telekeçilik ýaly ugurlarda gatnaşyklar işjeňleşdi. DTYB Türkmenistanyň daşary döwletler bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek, Garaşsyz, Bitarap

Türkmenistanyň syýasatyny, täze Galkynyş eýýamynda onuň gazananlaryny wagyz etmek, medeniýet dünýäsinde halkyň däp-dessurlaryny ýaýratmak, taryhyny we dilini öwrenmek işinde aýratyn orun eýeleýär.

Dünýä türkmenleri bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmek özygtyýarly türkmen döwletiniň syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Watandaşlarymyz bilen ruhy-medeni umumylyk, ykdysady we gumanitar gatnaşyklar aýratyn möhüm häsiýete eýe bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlara saparlarynyň barşynda watandaşlarymyz bilen duşuşmak, olara goldaw bermek üçin hemişe mümkinçilik tapýar. Dünýä türkmenleriniň taryhyny öwrenmek hem türkmen taryhçy alymlaryň işiniň möhüm ugry bolup durýar. Dünýä türkmenleri eziz Watanymyz bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklamak bilen, milli Liderimiziň alyp barýan parahat söýüjilik, demokratik özgertmeler, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň doly ygtyýarly wekilleri bolup durýarlar.

Maslahat öz işine başlamazdan öň, oňa gatnaşyjylar Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. Soňra “Mekan” köşgüniň mejlisler zalynda maslahatyň açylyş dabarasy boldy.

Şanly toý ýylynyň ähli wakalary ýaly, Dünýä türkmenleriniň

XlV maslahaty hem aýratyn galkynyş ýagdaýynda bolup geçýär. Biziň daşary ýurtly watandaşlarymyz şanly senä gabatlanan köp sanly dabaralara we çärelere gatnaşmak bilen, bu gün taryhy Watanlarynda

bolup geçýän ägirt uly özgertmeleriň güýjüni we ruhuny duýmaga uly mümkinçilik alýarlar.

“Mekan” köşgüniň maslahatlar zalynda hakyky baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Ählitürkmen maslahatyna gatnaşyjylaryň we onuň myhmanlarynyň arasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Umumymilli “Garkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary,

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, DTYB-niň agzalary bolup durýar ministrlikleriň we edaralaryň, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, ylym we medeniýet, habar beriş serişdeleriniň işgärleri, talyp ýaşlar bar.

Zalyň içine ýygnananlar ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanyna ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

Döwlet Baştutany sahna çykýar. Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllygy bilen gutlap, olara täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň baş baýramçylygynyň şanyna bolup geçýän, jemgyýeti has-da birleşdirýän we milletiň jebisligini berkidýän, ýurdumyzda bolup geçýän dabaralaryň her kim üçin ýatdan çykmajak wakalara öwrülmegini arzuw etdi. Soňra

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dünýä türkmenleriniň XlV maslahatyny açyk diýip yglan edýär,

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň gumanitar birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň gün tertibini yglan edip, bu maslahatyň dünýäniň çar künjünde ýaşaýan doganlarymyzyň taryhy kökleriniň, medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň bütewiliginiň pugtalandyrylmagyna, täze eýýamda has-da kämil, döwrebap ösdürilmegine itergi berjekdigine, olary täze mazmun bilen baýlaşdyrjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen halky erkinligi, garaşsyzlygy, ynsanperwerligi ähli zatdan ileri tutýan, milli ýörelgelerini, medeniýetini goramagy başarýan hem-de söýýän halkdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň täze taryhyndan birnäçe mysallary getirdi. Mundan 20 ýyl ozal 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda

Türkmenistanyň Garaşsyzlygy ykrar edilip, dünýä kartasynda täze döwlet—Garaşsyz Türkmenistan peýda boldy diýip, milli Liderimiz belledi.—Ýurt taryhy, ynsan ykbaly üçin uzak bolmadyk bu gysga döwrüň içinde Garaşsyzlyk eziz Watanymyzyň, merdana halkymyzyň adyny dünýä giňden tanatdy, şöhratyny, mertebesini äleme ýaýdy.

Türkmenistana, halkymyzyň parahatçylyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgelerine dünýä bileleşigi tarapyndan berlen iň uly baha—Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýanyň kabul edilmegidir diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Mundan 20 ýyl ozal 1991-nji ýylyň 18-nji maýynda Aşgabat şäherinde Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ýaşaýan türkmenleriň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga hem-de pugtalandyrmaga ýardam berjek Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň eýeleýän orny we ähmiýeti barada aýtmak bilen, döwlet Baştutany bu halkara guramanyň türkmenleriň özara doganlyk gatnaşyklaryny jebisleşdirmekde, ykdysady, medeni, ylym we bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, sport, söwda, neşir işleri we beýleki ugurlar boýunça aragatnaşyklary pugtalandyrmakda, şeýle hem halkymyzyň baý ruhy we medeni mirasyny wagyz etmekde, olaryň sungatyny we milli däp-dessurlaryny ösdürmekde gazananlaryny belledi.

Täze taryhy döwürde DTYB-niň alyp barýan işleriniň has-da kämilleşendigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, hususan-da, olaryň dürli ugurlarda ösdürilýändigini we many-mazmunynyň gün-günden baýlaşýandygyny aýtdy. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümleri bilen birek-birege peýdaly, işjeň we gumanitar ugurda gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň hem-de kämilleşdirmegiň Garaşsyz Türkmenistanyň ynsanperwerlik ýörelgelerine doly laýyk gelýändigini belläp, DTYB-niň baştutany onuň daşary ýurtly agzalarynyň hemişe Watan mukaddesliklerini elmydama belentde tutup, ähli tagallalaryny türkmen döwletiniň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygyny, türkmen halkynyň we dünýäniň ähli halklarynyň agzybirligini we jebisligini berkitmek babatda başyny başlan beýik maksatlaryny gazanmaga gönükdirjekdigine ynam bildirdi.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugry barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň halkara gatnaşyklaryndaky täzeçe garaýyşlarymyz, dünýäde ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirýän başlangyçlarymyz, ynsanperwer syýasatymyz möhüm ähmiýetli geosyýasy çatrykda ýerleşýän Türkmenistany dünýä jemgyýetçiliginiň aýratyn üns berýän ýurduna öwürdi diýip belledi.

Türkmenistanyň bu ugurda bütin dünýäde parahatçylyk we durnuklylyk ýagdaýyny döretmäge, halkara howpsuzlygyny üpjün etmäge, ýüze çykýan gapma-garşylyklary düzgünleşdirmäge, durmuş-ykdysady ösüşleri gazanmaga gönükdirilen teklipleriniň we başlangyçlarynyň dünýäniň köp ýurtlarynyň arzuw-isleglerine laýyk gelýändigini nygtap, döwlet Baştutany şol başlangyçlaryň halkara bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýandygyny kanagatlanmak bilen belledi.

“Biz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde syýasat, ykdysadyýet, energetika, ekologiýa we gumanitar meseleler boýunça öz tekliplerimizi öňe sürdük—diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Biziň bu tekliplerimiz dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldaw tapdy. Bu bolsa öz gezeginde bize halkara syýasatynda ynamly ädimler bilen öňe gitmäge ýardam edýär, ynsanperwerlik, parahatçylyk, bitaraplyk ýörelgelerimizi barha dabaralandyrýar, döwletimiziň, milletimiziň adyny, şöhratyny, mertebesini dünýäde has-da belende göterýär” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ýakyn goňşymyz bolan Owganystanda parahatçylygyň berkarar bolmagy häzirki zaman dünýäsiniň örän möhüm meseleleriniň biridir we diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem bütin dünýäde hem howpsuzlygy we durnukly ösüşi kesgitleýji esaslar bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda Owganystanyň çäkleriniň köp bölegi elýeterli bahalardan elektrik energiýasy bilen üpjün edilýär. Türkmen halkynyň adyndan owgan halkyna yzygiderli ynsanperwer kömek iberilýär. Owganystanyň demirgazyk we günorta - günbatar welaýatlaryndan geçýän elektrik geçiriji ulgamlaryň 330 kilometrden gowragy çekildi. Türkmen serhedinden tä Owganystanyň Turgundy şäherçesine çenli demirýoluň durky täzelendi, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde dostlukly ýurduň halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin owgan hünärmenleri taýýarlanylýar.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň 65-nji mejlisinde Owganystana degişli öňe süren teklipleriniň hem oňyndygy bellenildi. Hususan-da, halkara guramalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistandan Owganystana demir ýoly gurmak, Türkmenistanda bu ýurda iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak, ilkinji nobatda, bu ýurtda ulag-aragatnaşyk, elektrik üpjünçiligi, bilim, saglygy goraýyş pudaklaryny hem-de ulgamlaryny döretmegi we beýleki durmuş maksatly binalary gurmagy öz içine alýar.

Türkmenistan adamzadyň häzirki zaman ösüşiniň täze şertlerini hem-de maksatlaryny nazara almak bilen, Owganystanyň dünýäniň ykdysady gatnaşyklaryna goşulmagy barada yzygiderli alada edýär—diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we şunuň bilen baglylykda “Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan” gaz geçirijisini gurmagyň giň gerimli taslamasyny amala aşyrmagyň ähmiýeti barada durup geçdi. Bu uly möçberli taslamanyň amala aşyrylmagy sebitiň ykdysadyýetiniň ösüşine, parahatçylygyň pugtalanmagyna öz oňyn täsirini ýetirer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynyň agramly bölegi täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmäge we bu ugurda gazanylanlara bagyşlandy. “Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýat, etrap merkezlerinde halkymyzyň medeni derejesiniň barha ýokarlandyrylmagy, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, saglyk we medeniýet öýleriniň, sport merkezleriniň, halk hojalyk desgalarynyň yzygiderli gurulmagy halkyň medeni derejesini, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrýar, diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Daşary ýurtly işewür watandaşlarymyzyň ýurdumyzyň ösüşine, özgerişine goşantlaryny bellemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, DTYB-niň Prezidenti olar bilen hyzmatdaşlygyň geljekde hem ösdüriljekdigini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, hususan-da,

Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan türkmen ýaşlarynyň geljekde hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okadylmagynyň, kärhanalarda hem-de guramalarda hünärleriniň ýokarlandyrylmagy, watandaşlarymyz üçin okuw kitaplarynyň hem-de beýleki edebiýatlaryň, gollanmalaryň taýýarlanylmagynda hem-de neşir edilmeginde yzygiderli ýardam berilmegi dowam eder.

“Siz dünýäniň haýsy künjeklerinde ýaşasaňyz-da, özüňiziň umumydünýä medeniýetleriniň ösüşlerine ummasyz goşantlary goşan, bäş müň ýyllyk taryhly halkyň wekilleridigiňizi nusgalyk işleriňiz bilen görkezmelisiňiz”—diýip, döwlet Baştutany watandaşlarymyza ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň öňýanynda Dünýä türkmenleriniň ХIV maslahatyna gatnaşyjylara we myhmanlary maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet derejesinde geçirilýän toý-dabaralarymyza, maslahatlarymyza öz doganlarymyzy çagyrmak, begenjimizi-buýsanjymyzy olar bilen deň paýlaşmak özboluşly ýörelgä, däbe öwrüldi, ertir täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynyň ajaýyp binasy—Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty geçiriler. Türkmenistan Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin möhüm kararlar kabul ediljek bu maslahata dünýä türkmenleriniň wekilleri hem gatnaşarlar diýip, milli Liderimiz belledi.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХIV maslahatyna gatnaşyjylary we myhmanlary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşmaga çagyryp, döwlet Baştutany hemmelere üstünlikleri, berk jan saglygyny, parahatçylygy we maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň çykyşy maslahata gatnaşyjylar we myhmanlar tarapyndan uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen birnäçe gezek arasy kesildi.

Maslahatyň dabaraly bölegi tamamlanandan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara işlerinde uly ustunlikleri arzuw edip, bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we “Mekan” köşgünden çykdy.

Maslahatyň işiniň dowamynda Moldowadan, Owganystandan, BAE-den, Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýeden, Täjigistandan, Şwesiýadan gelen türkmenleriň wekillerine söz berildi.

Çykyş edenler Türkmenistanyň Baştutanyny, ähli watandaşlarymyzy ýetip gelýän beýik baýramçylyk bilen gutlap, Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa amala aşyrýan özgertmeler syýasaty, oňyn halkara başlangyçlary, daşary ýurtlardaky türkmen jemgyýetleriniň işine berýän ägirt uly ünsi üçin ähli watandaşlarymyzyň adyndan çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.

DTYB-niň daşary ýurt bölümleriniň wekilleri Dünýä türkmenleriniň XlV maslahatyna gatnaşyjylara öz guramalarynyň işleri hakynda habar berdiler, milli Liderimiziň başyny başlan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty netijesinde olaryň taryhy Watany bilen aragatnaşygynyň berkändigi, şeýle hem şu günler dünýäniň dürli ýurtlaryndan Türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň şanyna geçirilýän çäreler dogrusynda gürrüň berdiler. Çykyş edenleriň hemmesi ata-babalarymyzyň topragynda bolup geçýän ägirt uly özgertmelere tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçillik syýasatynyň tutuş türkmen halkynyň, şeýle hem biziň daşary ýurtlardaky millionlarça watandaşlarymyzyň doly goldawyna eýe bolýandygyny bellediler. Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Dünýä türkmenleriniň XIV maslahatynda eden taryhy çykyşynyň DTYB-niň daşary ýurtlardaky bölümlerinde ara alnyp maslahatlaşyljakdygy we daşary ýurtlarda türkmen jemgyýetleriniň işlerini giňeltmek üçin täze itergi bolup hyzmat etjekdigi bellenildi.

Çykyş edenler Garaşsyz Watana bolan buýsanç duýgularyny ene topraga we Arkadagymyz—dünýä türkmenleriniň howandary Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan goşgy setirlerinde hem beýan etdiler.

Soňra Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi,

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi hem-de “Türkmen dünýäsi” gazeti tarapyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygynyň şanyna döredijilik işgärleriniň arasynda bilelikde geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Dünýä türkmenleriniň XlV maslahatynyň işiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa

Ýüzlenme kabul etdiler.

Şu günki wakanyň hormatyna, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna, Garaşsyz türkmen döwletiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi.

Mekan köşgünde sergi guraldy. Onda paýtagtymyzyň muzeýleriniň gaznalaryndan täsin gymmatlyklar, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky ýörite orta mekdebiň okuwçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň işleri görkezildi. Sergi maslahata gatnaşyjylara we myhmanlara türkmen halkynyň gadymy taryhy, ajaýyp däpleri we özboluşly dessurlary, onuň sungaty hakynda gürrüň berdi.

* * *


Maslahatyň guramaçylary tarapyndan daşary ýurtly watandaşlarymyz üçin taýýarlanylan medeni çäreleriň baý mazmunly maksatnamasy paýtagtymyzyň jemgyýetçiligi, ýaşlar bilen köp sanly duşuşyklary, konsertleri, sergilere, muzeýlere, täze senagat we durmuş-medeni maksatly desgalara baryp görmegi, Aşgabat şäheriniň we onuň töwereginiň gözel ýerleri bilen tanyşlygy öz içine alýar. Ýakyn günlerde dünýä türkmenleriniň ХIV maslahatyna gatnaşyjylar

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň myhmanlarynyň hatarynda bolar.