Ï Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty

view-icon 2053
Şu gün, mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň täze taryhynda möhüm tapgyry alamatlandyrýan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty geçirildi. Onuň barşynda türkmen döwletini mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, täze Galkynyş eýýamynyň ýoly bilen ynamly gadam urýan we geçen ýigrimi ýylyň dowamynda ägirt uly üstünlikler gazanan ýurduň okgunly ösüşini yzygiderli üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy paýtagtymyzyň şähergurluşyk – binagärlik toplumyna sazlaşykly goşulan gaşaň Maslahat köşgüniň ýanynda saklandy.

Bu ýerde asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyza milli lybasdaky gyzlar ajaýyp gül desselerini gowşurdylar.

Döwlet Baştutanymyz bina girýär we bu ýerde Mejlisiň Başlygynyň, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz şu günler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli tutulýan toýlar barha giň gerime eýe bolýar we ol ählihalk dabaralaryna beslenýär. Hut şonuň üçin hem baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi zerurdyr diýip, söze başlady.

Belent ynsanperwerligiň we döwletli ýörelgeleriň aýdyň nyşany bolan Ýaşulular maslahaty biziň ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar, bu maslahatda il-ýurt bähbitli çözgütleriň birnäçesi kabul ediler diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz ol çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi şu günki günüň baş wezipesidir diýip aýtdy. Mälim bolşy ýaly, şu geçen döwrüň içinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça uly ösüşleri gazandy, ýurduň dünýä ýüzündäki halkara abraýy has-da belende galdy. Dünýäniň iri halkara guramalarynyň hem-de belli kompaniýalaryň, firmalaryň Türkmenistan bilen işjeň aragatnaşyk saklamaga uly gyzyklanma bildirmegi munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejede guralmagy ugrunda ähli düzümleriň birleşen tagallalarynyň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz şu günki Ýaşulular maslahatynda döwlet durmuşynyň möhüm ugurlaryna degişli birnäçe meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi we kabul edilýän kararlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň örän möhümdigini nygtadylar.

Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara işlerinde üstünlik gazanmaklaryny arzuw edip, olar bilen Ýaşulular maslahatynyň geçirilýän ýerine tarap ugrady.

Düýn dabaraly ýagdaýda açylan kaşaň Maslahat köşgünde aýratyn dabara we mizemez agzybirlik ýörelgeleri höküm sürdi. Bu ýere Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan gelen maslahata gatnaşyjylar ýygnandylar. Olaryň hatarynda hormatly ýaşulular, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary we deputatlary, hökümet agzalary, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň zähmetkeşleri, medeniýet we sungat işgärleri, türkmen diplomatlary, Umumymilli “Galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bar. Şeýle hem maslahata daşary ýurtlaryň biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

Maslahata gatnaşyjylar düýpli özgertmeler syýasaty bilen türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ähli pudaklarynda deňi-taýy bolmadyk üstünlikleriň gazanylmagyny şertlendiren we mähriban Watanymyzyň ýokary halkara abraýa eýe bolmagyna ýol açan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ör türüp, dowamly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Döwlet Baştutanymyz Maslahat köşgüniň sahnasyna tarap barýar.

Hormatly Prezidentimiz umummilli maslahata gatnaşyjylary Garaşsyz Watanymyzyň 20 ýyllyk baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlamak bilen, halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän asylly däplerine görä, hormatly ýaşulularymyzyň gatnaşmagynda döwlet syýasatynyň möhüm ähmiýetli esasy wakalaryny ara alyp maslahatlaşmak, olaryň öwüt-ündewlerini diňlemek, ýaşulularyň goldamagynda zerur bolan çözgütleri kabul etmek biziň ýurdumyzda ýagşy dessura öwrüldi diýip belledi.

Dabaraly pursat gelip ýetýär. Türkmenistanyň Prezidenti Ýaşulular maslahatyny açyk diýip yglan edýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Prezidiumyň agzalary öz ýerlerine geçýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, olary we tutuş türkmen halkyny mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramçylygy bilen gutlady we iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Milli Liderimiz maslahatyň esasy bölümine geçmek bilen, bu günki çärä gatnaşyjylarda Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň gün tertibi hem-de onda ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler bilen tanyşmak üçin mümkinçiligiň döredilendigini belledi.

Soňra bu ýere ýygnananlaryň biragyzdan goldamagynda hem-de dowamly el çarpyşmalar astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular maslahatynyň garamagyna hödürlenen resminamalara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz öňi bilen “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi we bu çözgüt beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk, adalatlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, türkmen jemgyýetiniň we her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen berjaý edilýär diýip belledi. Soňra hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky, Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, dürli sebäplere görä, ykbalyň emri bilen raýatlygyny ýitiren we raýatlygy bolmadyk 1700-den gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

Şeýle hem milli Liderimiz “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakyndaky” Permana we “Daşary ýurt raýatlaryny “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakyndaky”, şeýle hem “Gurban baýramyny bellemek hakyndaky” Permanlara gol çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylaryň öňünde giňişleýin maksatnamalaýyn çykyş etdi.

Biz şu günler beýik Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny uly dabaralara besläp belleýäris. Bu baýram biziň her birimiz üçin aýratyn taryhy many-mazmuna, uly ähmiýete eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz söze başlady.

Biz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň bu şanly baýramyny ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, ylymda we medeniýetde gazanan ajaýyp üstünliklerimize, ýeten täze, belent sepgitlerimize guwanç duýgulary bilen garşylaýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly baýramy mähriban halkymyzyň durmuşynda diňe bir uly baýram bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol yzymyza nazar aýlap, geçen ýolumyza hakyky baha bermek, taryhy nukdaýnazardan gazanan üstünliklerimiziň ähmiýetine doly düşünmek we öňümizde durýan wezipeleri kesgitlemek üçin ajaýyp mümkinçilikdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistan 20 ýyl mundan ozal dünýä bileleşini tarapyndan ykrar edilen Garaşsyz döwletiň hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Bu taryhy waka türkmen halkynyň köp nesilleriniň asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň we umytlarynyň hakykatda amala aşmagynyň netijesidir. 20 ýyl taryh üçin örän gysga, ujypsyz möhletdir. Ýöne, muňa garamazdan, şeýle gysga döwrüň içinde ýaş, Garaşsyz döwletimiziň, onuň her bir raýatynyň durmuşynda bolup geçen ykbal kesgitleýji, düýpli özgertmeler aýdyň görünýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Maslahatda döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi Garaşsyzlyk eýýamynda belent sepgitlere ýetmegiň ýolundaky möhüm waka boldy we halkymyzyň demokratik, hukuk, dünýewi döwleti gurmak baradaky isleg-arzuwlaryny kanun esasynda berkitdi, adamy we onuň bähbitlerini ileri tutmak Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugrudyr.

Garaşsyz döwletimiziň dörän ilkinji ýyllaryndan başlap, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokary görkezijilerini üpjün etmegiň döwletimiziň örän möhüm we ileri tutýan ugurlary hökmünde ykrar edilendigini, şol ýörelgelerden ugur alnyp, döwletimiziň bazar gatnaşyklaryna tarap ösüşiniň her bir tapgyrynda ilatymyzy durmuş taýdan goramak ýaly, deňi-taýy bolmadyk ýeňillikleriň girizilendigini belläp geçmek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Türkmenistanyň ykdysady taýdan garaşsyzlygyny üpjün etmek maksady bilen, işjeň maýa goýum we senagaty ösdürmek syýasatynyň esasy ýörelgeleri işlenip taýýarlandy, bu meseleleri çözmekde uly netijeler gazanyldy, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüşiniň gazananlaryny pugtalandyrmak bilen birlikde, biz häzirki döwürde dünýäde bolup geçýän özgertmeleri nazara almak bilen, döwrüň talap edýän täze wezipelerini yzygiderli çözýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ugurdaky ilkinji nobatdaky möhüm wezipeleriň biri hökmünde ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmek, ösüp gelýän ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil bolmagy, okap bilim almagy, zähmet çekmegi we oňat dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek bilen bagly wezipeleriň toplumyny öz içine alýan düýpli özgertmeler amala aşyrylyp başlandy.

Milletiň Lideri sözüni dowam edip, gumanitar ugurda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen özara gatnaşyklara esaslanyp, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bilim ulgamyna halkara ölçeglerini ornaşdyrýarys diýip belledi. Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler mugallymçylyk işinde öňdebaryjy dünýä tejribesini, ruhy gymmatlyklary we milli däp-dessurlarymyzy, türkmen halkynyň örän baý taryhy we medeni mirasyny nazara almak bilen amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutany Garaşsyz Türkmen döwletiniň binýadynyň tutulyp we ösüp başlan döwründe biz öz öňümizde örän möhüm wezipäni – jemgyýetiçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna, aýratyn hem, milli ykdysadyýetimize täze tehnologiýalary ornaşdyrmak wezipesini goýduk diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzir hut «innowasiýa» düşünjesiniň many-mazmunynyň we ähmiýetiniň ýurdumyzyň iň täze taryhynyň aýratynlyklaryny kesgitländigini we kesgitleýändigini ynam bilen aýdyp biljekdigimizi nygtady.

Döwletimiziň baş ykdysady ýörelgesi ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, maýa goýmagyň depginini güýçlendirmäge, ähli pudaklary we ýurdumyzyň sebitlerini sazlaşykly ösdürmäge, pul-karz, salgyt-býujet, nyrhlar syýasatyna täze usullary ornaşdyrmaga, bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge, kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamaga gönükdirildi. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary «Türkmenistanyň durmuş - ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» öz beýanyny tapdy.

Mälim bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan pudagydyr. Bu pudaga täze tehnologiýalary ornaşdyrmak möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistan nebiti we tebigy gazy örän köp möçberlerde öndürýän döwlet bolmak bilen, energetika pudagynda dünýäniň dürli döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy amala aşyrmagy öz öňünde maksat edip goýýar. Şonuň bilen birlikde, hyzmatdaşlarymyzyň häzirki döwürde energetika howpsuzlygynyň örän möhüm meseledigine we bu howpsuzlygy üpjün etmekde bütinleý täze usullary işläp taýýarlamagyň zerurdygyna düşünýändikleri bizi guwandyrýar.

Şeýle hem, Türkmenistan elektroenergetika babatda we energiýa çeşmeleriniň beýleki görnüşlerini, ilkinji nobatda bolsa, gün we ýel energiýasyny ulanmak boýunça bilelikdäki taslamalary taýýarlamakda daşary ýurt kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

Biziň ýurdumyz Garaşsyzlyk ýyllarynda gaz pudagynda örän uly üstünlikleri gazanyp, köp ugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmek syýasaty iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirýär. Mälim bolşy ýaly, 2009-njy we 2010-njy ýyllarda «Türkmenistan – Hytaý» gaz geçirijisi we «Türkmenistan – Eýran» gaz geçirijisiniň täze şahasy gurlup, ulanmaga berildi. Türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda badalga berlen «Türkmenistan – Owganystan –Päkistan – Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça hem işler ýokary depginler bilen alnyp barylýar.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginlerini gurluşyk, dokma senagaty, ulag we aragatnaşyk ýaly örän uly ähmiýetli pudaklarda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň aýdyň görkezýändigini belledi.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ulag ulgamyny kämilleşdirmek bilen bagly meselä geçip, Türkmenistanyň kontinentleri birleşdirýän ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ýurdumyzyň ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýän özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmakda bar bolan mümkinçilikleri netijeli durmuşa geçirýändigini aýtdy. Şu pudakda amala aşyrylýan iri taslamalaryň hatarynda Ýewropa we Aziýa ýurtlaryna Türkmenistanyň üsti bilen Pars aýlagyna çykmaga mümkinçilik berýän, kontinentleri birleşdirýän «Demirgazyk – Günorta» demir ýoly hem bar. Bu ýoluň gurulmagy netijesinde, gadymy Ýüpek ýoly häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda dikeldilýär.

Döwlet Baştutany sözüni dowam edip, düýpli özgertmeleriň geçirilmegi netijesinde, ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň oba hojalygynyň hem ösüşiň täze derejesine göterilendigini aýtdy. Türkmenistanda obasenagat toplumynyň has netijeli işlemegini gazanmak, oba hojalyk önümleriniň möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak, obasenagat toplumynyň işiniň has-da netijeli bolmagyny gazanmak, pudagyň eksport mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, oba adamlarynyň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, türkmen obasyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça giň gerimli işler edildi. Amala aşyrylan bu işleriň netijesinde, ýurdumyz öz taryhynda şu ýyl ilkinji gezek dünýä bazarlaryna galla eksport edýän döwletleriň hataryna goşuldy.

Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyna, sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerine uly üns berilmegi biziň täze tehnologiýalary durmuş maksatly taslamalara gönükdirýändigimize aýdyň şaýatlyk edýär.

Häzirki döwürde hemmämize mälim bolan «Il saglygy – ýurt baýlygy!» diýen dana pähim aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Häzir Türkmenistanyň ähli ýerlerinde iň häzirki zaman keselleri anyklaýyş merkezleri işleýär, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri, täze saglyk öýleri we bu ulgama degişli beýleki döwrebap saglygy goraýyş edaralary gurlup, ulanmaga berildi. Şeýle hem, şunuň ýaly desgalaryň gurluşygy güýçli depginler bilen dowam etdirilýär.

Milli saglygy goraýyş ulgamynda şeýle uly üstünlikleriň gazanylmagyna netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy hem düýpli ýardam berýär. Türkmen lukmanlarynyň hyzmatdaşlarynyň hatarynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Adamyň immunýetmezçilik sindromy boýunça birleşen meýilnamasy, Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüşi boýunça agentligi we beýleki halkara guramalary bar. Milletiň Lideri ýurdumyza berlen halkara resminamalary döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünlikleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr diýip belledi.

Türkmenistanda Olimpiýa hereketiniň gerimi hem barha giňelýär. Ýurdumyz uly halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrülýär. Türkmenistanda 2016-njy ýylda welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek barada karar kabul edildi. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Aşgabatda V Aziýa oýunlary geçiriler. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ýokary halkara abraýyna eýe bolandygyna, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylan örän uly üstünlikleriň halkara derejesinde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär, şeýle hem ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek, halkymyzyň saglygyny berkitmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimizde syýahatçylygy ösdürmek, sagaldyş-şypahana ulgamynyň durkuny düýpli täzelemek hem bu işiň möhüm ugurlarynyň biridir diýip belledi. Häzirki döwürde Hazaryň kenarynda «Awaza» halkara syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça iri möçberli taslamany durmuşa geçirmek boýunça çalt depginler bilen alnyp barylýan işler muňa mysal bolup biler.

Giňden belli bolan şypahanalaryň birnäçesiniň durky täezelenip, olara täze ömür berildi hem-de häzirki zaman saglygy goraýyş enjamlary bilen üpjün edildi. Geljekde ýurdumyzdaky mineral suwlaryň, şypa beriji gyzgyn palçyklaryň täsin galdyrýan tebigy çeşmelerini öwrenmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda halkara syýahatçylygynyň ähli häzirki zaman görnüşlerini – ekologiýa, sport, medeni syýahatçylygy, şeýle hem köpçülikleýin syýahatçylygy ösdürmek babatda ägirt uly mümkinçilikler bar. Merkezi Aziýanyň göwher gaşy hasaplanýan, ak mermere beslenen Aşgabat we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy eýýäm häzirki döwürde şäher we deňiz syýahatçylygyny ösdürmek üçin ähli dünýä ölçeglerine laýyk gelýärler.

Milletiň Lideri gözel tebigatly, ajaýyp künjek bolan Gökderede we Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda gurlan we gurulýan çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň döwletimiziň ösüp gelýän ýaş nesliň saglygy we onuň sazlaşykly terbiýelenmegi barada edýän aladalarynyň aýdyň mysalydygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutany geçen 20 ýylyň milli medeniýetimiziň hakyky manysynda gülläp ösen, jemgyýetimiziň ruhy taýdan täzelenen döwri bolandygyny aýtdy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gadymy we gahrymançylykly taryhy bolan türkmen halkynyň örän baý medeni mirasy düýpli öwrenilip başlandy. Häzirki döwürde bu miras dikeldildi hem-de milli we umumyadamzat gymmatlygy hökmünde aýawly goralyp saklanýar. Medeni mirasymyz milletimiziň we döwletimiziň ösmegi üçin örän möhüm strategik çeşmedir. Döwlet Baştutany biz taryhy-medeni mirasymyzy goramaga, wagyz etmäge, dikeltmäge, ony öwrenmäge, şeýle hem häzirki we geljekki nesillerimiz üçin aýawly gorap saklamaga aýratyn üns berdik we geljekde-de örän uly üns bereris diýip belledi.

Türkmen topragy diňe bir halkymyzyň özüne mahsus bolan, nesilden - nesle geçirip gelýän gözellik döretmek ukybynyň netijesi bolan ajaýyp halylaryň däl-de, halkymyzyň tohumçylyk-seçgiçilik paýhasynyň nyşany bolan ýelden ýüwrük we gözelligi bilen dünýäni haýran edýän ahalteke bedewleriniň hem watanydyr. Şu toprakda beýik akyldarlar ýaşapdyrlar we ölmez-ýitmez eserleri döredipdirler. Bu toprakda köp asyrlaryň dowamynda türki halklaryň aňyýetiniň ösüşini kesgitlän «Gorkut ata» we «Görogly» gahrymançylyk şadessanlary döräpdir, beýik akyldar Magtymguly Pyragy we milli edebiýatymyzyň beýleki nusgawy şahyrlary ajaýyp eserleri döredipdirler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň topragymyzyň dünýäde seýrek duş gelýän ajaýyp tebigy ýadygärliklere we täsin, gözel ýerlere baýdygyny hem-de olaryň hatarynda dünýäniň iň uly çölleriniň biri bolan Garagum çölüniň bardygyny aýtdy.

Türkmenistan iňňän gadymy ösen medeniýetleriň mirasdüşeri bolmak bilen, özüniň bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak gymmatly ruhy baýlyklaryny medeniýet ulgamynda örän iri halkara guramalary we dürli ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly giňden wagyz edýär. Biz Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen, ilkinji nobatda, halkymyzyň seýrek duş gelýän, özboluşly medeni gymmatlyklaryny gorap saklamak ýaly möhüm ugurda özara gatnaşyk etmegiň ýeterlik tejribesini topladyk. Baryp, 1999-njy ýylda biziň milli buýsanjymyz bolan Gadymy Merw ähli ýadygärlikleri bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Soňra bolsa Köneürgenç we Nusaý ýadygärlikleri hem umumyadamzat ähmiýetli ýadygärlikler derejesine eýe boldy.

Daşary ýurtlaryň birnäçesi bilen bilelikde geçiren medeni çärelerimiz dünýä bileleşigi bilen medeni gatnaşyklarymyzyň geriminiň giňelýändigini we munuň oňat netijeleri berýändigini aýdyň görkezýär. Milletiň Lideri ýurdumyzda dostlukly döwletleriň Medeniýet günlerini, daşary ýurtlarda bolsa Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegiň indi asylly däbe öwrülendigini mysal hökmünde getirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam edip, häzirki Garaşsyz Türkmen döwletinde täzelenmek we innowasiýalar strategiýasyny durmuşa geçirmek giň halkara gatnaşyklarynyň şertlerinde amala aşyrylýar diýip aýtdy. Ýurdumyz dünýä milletler bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, giňden ykrar edilmegine we makullanmagyna mynasyp bolan ählumumy bähbitleriň hatyrasyna özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmek we açyklyk babatda öz üýtgewsiz ýörelgesini tassyklap, halkara ölçegleri ulgamyna üstünlikli goşulyşmak ýolunda örän möhüm ädimleri ätdi.

Ýurdumyzyň bu oňyn garaýşy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistana Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň berilmegini köp derejede kesgitledi. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy häzirki döwürde Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup çykyş edýär diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Şu meselä degişli gürrüňi dowam edip, milletiň Lideri Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleriniň örän giňdigini aýtdy. Her ýyl bu hyzmatdaşlygyň täze, geljegi uly bolan ugurlary peýda bolýar. Türkmenistanyň sesi Birleşen Milletler Guramasynyň belent we abraýly münberinden hemişe ýaňlanýar. Şol belent münberden biziň hyzmatdaşlygyň ol ýa-da beýleki görnüşlerini we onuň anyk ugurlaryny döretmek üçin öňe sürýän başlangyçlarymyz beýan edilýär. Mysal üçin, energetika howpsuzlygy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we dünýä bileleşiginiň döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň örän möhüm ugurlarynyň biridir.

Garaşsyzlygyna eýe bolandan 20 ýyldan soň, Türkmenistanyň öz ösüşiniň milli özboluşlylyk esasynda jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda döwrebaplaşdyrmagy parahatçylyk söýüjilikli bitarap daşary syýasat ugry bilen utgaşdyrmak ýoluny saýlap almagynyň dogry bolup çykandygy aýdyň görünýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň çäkleriniň öz gerimi boýunça ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrülmegi hem Türkmenistanyň saýlap alan ösüş ýolunyň dogrudygyny tassyklaýar diýip aýtdy.

Döwlet Baştutany şu ýyllarda geçilen ýola nazara aýlamak bilen,

ilkinji nobatda, dörediji, parahatçylyk söýüji halkymyza parasatly ýaşaýyş-durmuş garaýyşlary we özüne bolan synmaz, ýanbermez ynamy üçin mynasyp baha berdi. Dünýäniň geosyýasy kartasynda ägirt uly içki sarsgynlaryň bolup geçýän häzirki çylşyrymly döwründe türkmen halky diňe bir adatdan daşary çydamlylyk we sabyrlylyk görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, islendik ýagdaýda hem öz topragynda, eziz öý-ojagynda parahatçylygy we asudalygy gözüniň göreji ýaly gorap saklamagy başarýandygyny görkezdi.

Bu bolsa halkymyzyň öz saýlap alan ýoludyr. Döwlet Baştutany mähriban halkymyzyň bu ugurdaky üýtgewsiz garaýşynda durmuşyň esasy gymmatlyklary babatda merdana ata-babalarymyzdan miras galan synmaz erk we ynam öz beýanyny tapdy diýip belledi.

Ozalky sowet döwletiniň çig mal sebiti we çetki künjegi bolan biziň ýurdumyz ykbalyň emri bilen bütindünýä möçberinde bolup geçýän wakalaryň merkezinde boldy. Şol wakalaryň ählisi hem bize öz täsirini ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ykbalymyzyň diňe biziň özümize bagly bolandygyny aýtdy.

Häzirki döwürde, 20 ýyl geçenden soňra, parahatçylyk söýüjiligi we ynsanperwerligi öz syýasatynyň esasy kadalary diýip yglan eden ýaş Garaşsyz döwletimiziň ýaşamagynyň baş şerti hökmünde ähli jemgyýetçilik güýçlerini jebisleşdirmäge, birleşdirmäge gönükdirilen ýoly saýlap almagynyň dogrudygy aýdyň görünýär.

Şeýle gysga taryhy döwürde edilen işleriň ählisini sanap geçmek hem mümkin däl. Siziň ähliňiz ýurdumyzyň keşbini düýpgöter özgerden ägirt uly döredijilikli ösüşiň gatnaşyjylary we şaýatlary bolduňyz diýip, milletiň Lideri aýtdy. Özgertmeler deň derejede paýtagtymyzda hem, şäherlerimizde hem, ýurdumyzyň iň çet sebitlerinde hem amala aşyryldy. Bu sebitlere ösen medeniýetiň ölçegleriniň ornaşdyrylmagynyň netijesinde, «çet sebit» diýen düşünjäniň özi ýitip barýar.

Häzirki Türkmenistan - bu diwersifikasiýa ýoly bilen ýokary derejede ösen ykdysadyýetli we sahawatly topragynyň ähli baýlyklaryny diňe bir öz halkynyň däl-de, eýsem bütin adamzadyň bähbitlerine gönükdirmäge ýardam berýän ylmy-tehnologik mümkinçilikleri bolan ýurtdur. Biz dünýäniň çar tarapyna uzaýan gaz geçirijileri, Ýewropanyň, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň sebitlerine barýan, kontinentleri birleşdirýän ulag ýollaryny gurýarys.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygyny bellemek bilen, biz iň batyrgaý maksatnamalary we pikirleri durmuşa geçirmäge ukyply adamlaryň neslini hakyky manysynda terbiýeläp ýetişdiren döwletimiziň döredilmeginiň hem baýramyny belleýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmen döwletiniň Baştutany Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmäge diňe öz güýçleri bilen gatnaşan türkmen nebitçileriniň, nebitiň we gazyň ägirt uly ýataklaryny açýan geologlarymyzyň, Aşgabatda özboluşly medeni şäherçäni guran gurluşykçylarymyzyň we döwletimiziň kemala gelmegine, onuň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna we ösmegine öz yhlasly zähmeti, bilimleri we egsilmez gujur-gaýraty bilen mynasyp goşant goşan dürli kärdäki zähmetsöýer adamlaryň gazanýan ajaýyp üstünliklerini muňa mysal hökmünde getirdi. Şeýle edermen adamlara hormat we şan-şöhrat bolsun!!!

Biziň ýurdumyzyň Harby doktrinasy goranmak häsiýetlidir, ýöne bu döwletimiziň harby babatda iň täze gazanylanlardan çetde durýandygyny aňlatmaýar. Biziň halkymyza mahsus bolan watançylyk, Watany söýmek duýgulary häzirki zaman ýörelgelerine we nusgalaryna laýyklykda özgerdýän goşunymyzda akýürekli gulluk edýän, ýurdumyzyň çäkleriniň bitewüligini we özygtyýarlylygyny goraýan harby gullukçylaryň hünär endiklerine hem ornaşýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn esasyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meseleleri Hökümetimiziň hemişe üns merkezinde bolar.

Men diňe bir soňky ýyllaryň dowamynda biziň ajaýyp ýurdumyzda gurlan desgalaryň ählisini ýöne bir sanap geçmegiň hem mümkin däldigi barada aýdyp geçdim diýip, milletiň Lideri belledi. Biz öz yhlasymyzy, zähmetimizi we söýgimizi, öz aslymyza we geljegimize söýgimizi siňdiren işlerimize buýsanmaga haklydyrys. Biziň geljegimiz bolsa mähriban çagalarymyzdyr. Olara söýgini biz iň möhüm döwlet aladalarynyň derejesine galdyrdyk.

Häzirki döwürde Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinde dünýä inip, ýigrimi ýaşan täze nesil ýurdumyzy ruhy taýdan galkyndyrmak, döredijilikli ösdürmek, gurmak boýunça alnyp barylýan işleri öz egnine alýar. Garaşsyzlygymyz bilen ýaşytdaş nesliň öňünde mähriban ýurdumyzyň we eziz halkymyzyň ykbaly üçin ähli jogapkärçiligi öz üstüne almak wezipesi durýar.

Türkmenistanyň geljegine gönükdirilen meýilnamalar hakynda gürrüň bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýigrimi ýylyň içinde, hakykatdan-da, biziň ýurdumyz deňi-taýy bolmadyk taryhy böküş edip, yzagalak, çetki ülkeden ösen, kuwwatly häzirki zaman döwletine öwrüldi. Ýöne bize öňde edilmeli örän köp işler garaşýar diýip aýtdy.

Ýetilen belent sepgitler, gazanylan beýik üstünlikler bizi birjik-de arkaýynlaşdyrmaly däldir. Biziň öňümizde möçberleri boýunça dünýäde bolup geçýän ählumumy özgertmelere taý geljek ägirt uly işler dur diýip, milletiň Lideri çykyşyny dowam etdi. Bu bolsa mundan beýläk hem ykdysadyýet we senagat düzümlerini döwrebaplaşdyrmagy, ýokary hünärli işgärleri, hünärmenleri taýýarlamak zerurlygyny aňladýar. Türkmenistanyň geljegi – bu adamlaryň ellerinde. Şunda milletiň Lideri ýurdumyzy adamzat pähim-paýhasynyň ýokary derejä çykmagy netijesinde dörän häzirki zaman medeniýetiniň öňe çykaran iň çylşyrymly wezipelerini çözmäge ukyply ýokary derejede ösen maglumatlar jemgyýeti bolan ýurt hökmünde göz öňüne getirýändigini aýtdy.

Biz öz topragymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmagy dowam ederis diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Eziz Diýarymyzda täze-täze etraplar dörär, ýaşaýyş toplumlary, mekdepler, hassahanalar, muzeýler, stadionlar gurlar. Biziň ýurdumyz tutuşlygyna eýýäm häzirki wagtda gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Uzak bolmadyk geljekde şäherlerimizde, obalarymyzda täze desgalar we binalar gurlup, olarda häzirki zamanyň ähli eşretleri dörediler.

Biziň zähmetsöýer halkymyza näçe sylag-hormat etseň hem azdyr, ol abadan we eşretli, bolelin hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamalydyr, onuň eli hemişe uzadan ýerine ýetmelidir. Milletiň Lideri çykyşyny tamamlap, döwletimiziň bu maksada ýetmegiň hatyrasyna geljekde-de ähli tagallalary etjekdigini ýene-de bir gezek nygtap belledi.

Milli Liderimiziň çykyşy uly ruhubelentlik bilen diňlendi we birnäçe gezek şowhunly el çarpyşmalar bilen arasy kesildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alyp barýan oňyn özgertmeler syýasatynyň biragyzdan doly goldanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Soňra gysga wagtlaýyn arakesme yglan edildi. Arakesme tamamlanansoň, Ýaşulularyň maslahaty öz işini dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, umumymilli maslahatyň gün tertibine girizilen beýleki meselelere geçmegi teklip etdi we maslahata gatnaşyjylara söz berdi.

Ilki bilen Aşgabat şäheriniň 61-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy O.Suhanowa çykyş etdi.

Nygtalyşy ýaly, milletiň Lideriniň döredijilik başlangyçlarynyň ählisiniň esasynda biziň ata-babalarymyzyň wesýetleri, olaryň umyt-arzuwlary goýlandyr. Häzir türkmen halky bolelin we bagtyýar durmuşda ýaşaýar hem-de geljege ynamly garaýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler netijesinde Türkmenistanda öňdebaryjy multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen täze mekdepler we häzirki zaman çagalar baglary guruldy we gurulýar. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary ýokary halkara ülňüleriniň derejesinde bilim alýar, ýurdumyzda mugallymlar alada bilen gurşalyp alnandyr. Ösüp gelýän nesli sazlaşykly terbiýelemek meselelerine uly üns berilýär.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen döwletiniň Baştutanynyň atasy—göreldeli mugallym hem-de ajaýyp ynsan Berdimuhamet Annaýewiň durmuş ýoly barada gürrüň berýän, şeýle hem meşhur türkmen halylary baradaky täze kitaplary bilim işgärleri üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanma we ýaşlar üçin ruhy hazyna bolup durýar diýip, mugallym belledi.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de ähli türkmenistanlylaryň adyndan O.Suhanowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ady dakmak baradaky teklip bilen çykyş etdi. Bu teklibi soňra çykyş eden

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň uruş weteranlary geňeşiniň başlygy D.Aýydow ýurdumyzyň ýaşulularynyň adyndan doly goldady.

Özüniň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýän ajaýyp Watanymyzda ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Agzybir hem jebis türkmen halky şol üstünliklere tüýs ýürekden buýsanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen döwletiniň halkara abraýy ep-esli artdy. Häzir biziň ýurdumyzy bütin dünýäde bilýärler. Türkmenistanyň Baştutanynyň başyny başlan ähli milli maksatnamalary Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdrilendir.

Ähli ýaşulularyň adyndan milletiň Liderine çuňňur hoşallyk sözlerini aýdyp, D.Aýydow hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerligiň ýokary nusgasyny görkezýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz çagalar bilen hem, ak sakgally ýaşulular bilen hem söhbetdeş bolmaga hemişe wagt tapýar. Milletiň Lideriniň uly üns bermegi netijesinde Lebap welaýatynyň senagat toplumy täze ösüşe eýe boldy. Bu işleriň ählisi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, Türkmenistanyň abraýynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam eder.

Ýaşuly nesliň mundan beýläk hem güýç-gaýratyny gaýgyrman, ýaşlary terbiýelemäge mynasyp goşant goşjakdygyna ynandyryp, D.Aýydow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk we asylly başlangyçlarynyň ählisinde üstünlikler arzuw etdi.

Soňra Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary A.Soltanowa söz berildi.

Nygtalyşy ýaly, medeniýet we sungat ulgamynyň, döredijilik işgärleri

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaşulular maslahatynda eden çykyşyny doly goldaýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň ýaşululary sarpa goýmagy, olaryň berýän maslahatlaryna üns bermegi biziň ýurdumyzda ak sakgally ýaşulularyň uly hormatdan peýdalanýandygyna şaýatlyk edýär. Milletiň Lideriniň öz halky baradaky bimöçber aladasy, ynsanperwerlikli içeri we daşary syýasat Türkmenistany dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň hataryna çykardy.

Häzir her bir türkmenistanly: “Ýaşasyn, Arkadag, türkmen halky—bagtyýar halk!” diýýär. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden beýan eden we netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary ählumumy goldawa mynasyp boldy. Milletiň Lideriniň yglan eden “Döwlet adam üçindir!” şygary türkmen halkynyň baýdagy bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli medeniýetimiz täze sepgitlere ýetdi diýip, A.Soltanow belledi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ulgama aýratyn üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Öz halkyna ajaýyp zamanany we bagtyýar durmuşy peşgeş beren, mähriban Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyran türkmen döwletiniň Baştutany öz halkynyň we Watanynyň hakyky Gahrymanydyr diýip, ol nygtady. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylmagyny doly goldaýandygyny aýdyp, A.Soltanow özüniň çykyşyny joşgunly goşgy setirleri tamamlady.

Soňra Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 11-nji orta mekdebiniň müdiri K.Atdaýew öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýygnananlaryň ählisini Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Nygtalyşy ýaly, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyz täze belentliklere tarap okgunly öňe barýar. Bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu ulgama innowasion tehnologiýalar we okatmagyň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar. Alysdaky obalarda mekdep-internatlar gurulýar, çagalara sport we sungat bilen meşgullanmaga, öz gözýetimini giňeltmäge mümkinçilik berýän ýöriteleşdirilen mekdepler açylýar.

Bilim ulgamynyň işgärleriniň öz öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyryp, K.Atdaýew öz kärdeşleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagyny tüýs ýürekden goldaýandygyny aýtdy we milletiň Liderine berk jan saglyk hem-de Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikler arzuw etdi.

Öz nobatynda, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Baýdak geňeşliginiň hormatly dynç alyşdaky ýaşaýjysy Ş.Sopyýew maslahatyň belent münberinden çykyş etmek bilen, türkmen döwletiniň Baştutanynyň taýsyz-tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde düýpli özgertmeler amala aşyrylýandygyny nygtady. Mysal üçin, Daşoguz welaýatynda Ruhubelent etraby, Türkmen oba hojalyk instituty döredildi, taryhy – ülkäni öwreniş muzeýi, zawodlar we fabrikler açyldy, durmuş – medeni maksatly desgalar, awtomobil we demir ýollary ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga aýratyn üns berýär.

Demirgazyk welaýaty ösdürmek barada edýän aladasy üçin döwlet Baştutanymyza daşoguzlylaryň ählisiniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip we ýaşuly nesliň ýaşlary watançywlyk hem-de ýokary ahlak gymmatlyklary ýörelgelerindpe terbiýelemäge mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdygyna ynandyryp, Ş.Sopyýew hem

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany dien adyň dakylmagy baradaky teklibi goldady.

Soňra “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitdagnebit” nebit çykaryjy kärhanasynyň operatory A.Çarlyýew çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, häzir biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ähli pudaklarda, şol sanda strategik nebitgaz ulgamynda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar, şol sanda onuň senagat düzümi döwrebaplaşdyrylýar, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklar giňeldilýär. Döwlet Baştutanymywzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň çözülmegi türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam edýär. Pudagyň işgärleri Garaşsyzlyk baýramyny täze zähmet üstünilkleri bilen garşylaýarlar. Türkmenistan ägirt uly uglewodorod mümkinçiliklerine eýe bolmak bilen, ony bütin adamzadyň hyzmatyna goýmaga çalyşýar. Munuň özi milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan energetiki syýasatynda öz aýdyň beýanyny tapýar.

Ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri barada yzygiderli alada edýändigi üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirip, A.Çarlyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylmagy baradaky teklibi tüýs ýürekden goldady.

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Akybaý geňeşliginiň hormatly dynç alyşdaky ýaşaýjysy S.Gulow ýaşuly nesil barada edýän ýadawsyz aladasy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda mähriban Watanymyz gülläp ösýär, ýaşlar halkara ülňülerine laýyk gelýän bilim alýar, ilatymyz deňi-taýy bolmadyk ýeňilliklerden, täze ajaýyp sagaldyş merkezleriniň, durky täzelenen şypahanalaryň, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky şypahanalaryň hyzmatyndan peýdalanýar. Mary welaýatynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda möhüm desgalaryň ençemesi guruldy, olaryň arasynda iri häzirki zaman kitaphanasy hem bar.

Ýurdumyzyň ýaşulularynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy baradaky teklibi biragyzdan goldaýandygyny nygtap, S.Gulow milletiň Liderine iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Soňra Ýaşulular maslahaty Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty bölüminiň žurnalistika hünäri boýunça üçünji ýyl talyby A.Gurbanowanyň çykyşy bilen dowam etdi. Ol türkmen ýaşlarynyň Watanymyzyň döredijilik we ösüş ýolunda gazanýan üstünliklerine buýsanýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gülläp ösýän ýurdumyzy şol ýol bilen ynamly öňe alyp barýar.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz öz wezipesine girişen ilkinji günlerinden bilim ulgamynda iri möçberli özgertmeleriň başyny başlady. Şonuň netijesinde ýaş türkmenistanlylar üçin häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän bilim almaga mümkinçilik döredildi. Şundan ruhlanan ýaşlar bilimleri işjeň ele almaga, täze hünärleri özleşdirmäge we mähriban Watanymyza peýdaly bolmaga çalyşýarlar.

Çykyşynyň ahyrynda A.Gurbanowa ýurduyzyň ýaşlarynyň

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany dien belent adyň dakylmagy baradaky teklibi gyzgyn goldaýandyklaryny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby bölüminiň esgeri Ş.Goçyýew çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän Ýaşulular maslahatynyň täze Galkynyş eýýamynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny nygtady. Türkmen esgerleriniň ýaş nesliniň wekili öz çykyşynda Milli Goşunyň maddy – enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, harby gullukçylaryň üstünlikli gulluk etmegi, olar üçin amatly durmuş we dynç alyş şertleriniň döredilmegi meselelerine aýratyn üns berýändigi, şeýle hem harby gullukçylaryň maşgalalarynyň agzalary barada yzygiderli alada edýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, hakyky Watançylygyň, ýokary ahlaklylygyň we sagdyn durmuşa ygrarlylygyň belent nusgasy bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň şahsy göreldesi türkmen esgerleri üçin hakyky mekdep bolup durýar.

Şunda Ş.Goçyýew ýurdumyzyň harby gullukçylarynyň ildeşlerimiziň milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa – ösüşler ýolunda Watanymyzyň ägirt uly üstünliklerini şertlendiren täzeçillikli içeri we daşary syýasatyň awtoryna Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak baradaky teklibini dolulygyna goldaýandyklaryny aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň başlygynyň orunbasary M.Garryýew çykyş etdi. Ol ýurdumyz boýunça iş saparlarynda ýygy-ýygydan bolýandygyna we saparyň barşynda raýatlardan, edaralaryň, kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden türkmen döwletiniň Baştutanyna Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent derejäniň berilmeginiň maksada laýykdygy hakyndaky isleglerini ýygy-ýygydan eşidýändiklerini belledi. Milli Liderimiziň Watanymyzy ösüşiň beýik derejelerine çykarmakdaky ägirt uly goşantlaryny hasaba almak bilen, M.Garryýew ählumumy özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň tejribesinde türkmenistanlylaryň durmuş derejesi düýpli özgerdi diýip aýtdy we türkmen halkynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu belent derejäni bermek hakyndaky tüýs ýürekden çykýan haýyşyny ýene bir ýola mälim etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlara ýüzlenip, Ýaşulular maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler boýunça täsirli pikir alyşmalaryň bolandygyny aýtdy we çykyş edenleriň hemmesine minnetdarlyk bildirip, aýdylan teklipleriň ählisiniň hökmany suratda göz öňünde tutuljakdygyny belledi.

Soňra ýurdumyzyň raýatlaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy. Olara milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi sylaglary gowşurdy.

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyny okaýar.

Dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyz – Watanymyzyň hatyrasyna halal zähmetleri üçin sylaglara mynasyp bolan türkmenistanlylara sylaglary gowşurýar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna türkmen halkynyň beýleki halklar bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna ägirt uly goşant goşan daşary ýurt raýatlarynyň birnäçesine döwlet sylaglaryny gowşurdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň elinden döwlet sylaglaryny kabul etmek bilen dürli pudaklaryň işgärleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa özleriniň zähmetlerine şeýle ýokary baha berendigi, Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadançylygy we bagtyýar durmuşy hakynda ýadawsyz aladalary üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň öňünde bitiren ägirt uly işleri, milli Liderimiziň mähriban Watanymyzyň gülläp ösmek, türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek işine goşan ägirt uly goşandy barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiz ýurduň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji gününden başlyp, adam hakyndaky hemmetaraplaýyn aladany döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde yglan etdi. Dünýä tejribesinde deňi-taýy bolmadyk anyk wezipeleriň biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilmegi, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň halkyň abadançylygyna gönükdirilen öňdengörüjilikli, paýhasly başlangyçlary öňe sürmegi munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, milli parlamentimiziň Baştutany belledi.

Paýhasly pederlerimiziň ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, belent ahlagyň we gahrymançylygyň gadymdan gelýän asylly däplerine esaslanýan beýik işleri hormatly ýaşulularymyzyň maslahat bermeginde amala aşyrylýar. Şu günki maslahatda hem döwlet ähmiýetli möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar.Munuň özi milli demokratiýanyň hakyky belent nusgalarydyr. Häzirki günde ýurdumyzyň her bir raýaty geljege pugta ynam bilen garaýar we Watanymyzyň rowaçlygynyň hatyrasyna ruhubelentlikde zähmet çekýär. Bu bolsa biziň jemgyýetimiziň gazanan ägirt uly üstünligidir diýip, A.Nurberdiýewa aýtdy.

Bäş ýylyň dowamynda biziň ýurdumyzda amala aşyrylan işler özünde hakyky gahrymançylyk alamatlaryny jemleýär. Bu düşünjäni biziň halkymyzyň uludan – kiçä hemmesi tüýs ýürekden goldaýar. Mejlise ýurdumyzyň dürli künjeklerinden, edaralardan we guramalardan birnäçe ýyl bäri gelip gowuşýan teklipler we haýyşlar munuň şeýledigine daş ýany bilen güwä geçýär. Häzirki çykyşlarda halkyň isleg-arzuwlary aýdyň beýan edildi diýip, milli parlamentiň ýolbaşçysy nygtady.

Öz Prezidentine ykbalyny ynanan halkymyz döwlet Baştutanymyzyň ähli başlangyçlaryny tutuşlygyna we dolulygyna goldaýar. Hut şunuň özi hem biziň halkymyzyň milli Liderimize bolan ýüzlenmesini şertlendirýär. Halkymyz döwlet Baştutanymyza mähriban Prezident—Gahryman Prezident diýip ýüzlenýär.

Biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly tutumlar, gazanylýan ýeňişler türkmen döwletiniň Baştutanynyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr diýip bellemek bilen, A.Nurberdiýewa, Türkmenistanyň Mejlisiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakyndaky çözgüdi kabul edendigini mälim etdi.

Bu çözgüt maslahata gatnaşyjylaryň dowamly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Milli Parlamentiň başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylýandygy we milli Liderimiziň ýubileý medallary bilen sylaglanýandygy hakyndaky Karary okaýar.

Soňra maslahata gatnaşyjylaryň dowamly el çarpyşmalary astynda Mejlisiň başlygy A.Nurberdiýewa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagyny – “Altyn Aý” medalyny we “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna” diýen ýubileý medalyny gowşurýar.

Milletiň Lideri Ýaşulular maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün özüne gowşurylan ýokary döwlet sylagynyň mähriban halkymyzyň bähbitleri, onuň parahat, agzybir, abadan we bolelin durmuşynda ýaşamagy üçin mundan beýläk-de yhlas bilen, gujur-gaýratlaryny gaýgyrman zähmet çekmäge borçly edýändigini aýtdy.

Häzirki döwürde ata Watanymyz Türkmenistan ösüşleriň ak ýolundan täze belentliklere tarap ynam bilen öňe barýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary ýokary depginler bilen ösýän eziz Diýarymyzda ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk we sport ulgamlaryny ösdürmek boýunça hem, düýpli, tutumly işler amala aşyrylýar. Mähriban halkymyzyň joşgunly zähmeti netijesinde, ähli ugurlar boýunça Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan ägirt uly üstünlikleri, eýeleýän belent sepgitleri biziň ählimizde guwanç we buýsanç duýgularyny döredýär.

Biz «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäni öňe sürmek bilen, eziz halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak ugrunda giň gerimli işleri alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşyny dowam etdi. Hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýy hem yzygiderli artýar. Biziň Garaşsyz ýurdumyz Ýer ýüzüniň dürli döwletleri bilen hoşniýetli we dost-doganlyk gatnaşyklaryny giň gerim bilen alyp barýar. Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, bütin dünýäde we sebitde howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň, abadançylygyň hem-de parahat durmuşyň berkarar edilmegine öz saldamly goşandyny goşup gelýär.

Garaşsyz ýurdumyzda taryh üçin juda gysga döwrüň içinde müňýyllyklara ýaň salýan örän uly işler amala aşyrylyp, ýokary sepgitlere ýetildi. Bu ajaýyp üstünlikler, ýetilen belent sepgitler merdana halkymyzyň yhlasly we tutanýerli çeken zähmeti bilen gazanyldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

“Şonuň üçin, maňa berlen bu belent döwlet sylagyna hem tutuş halkymyza berlen sylag, biziň bilelikde amala aşyran beýik işlerimize berlen sylag diýip düşünýärin” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk hem ösdürmek boýunça öňde goýlan maksatlar barada aýtmak bilen döwlet Baştutanymyz Garaşsyz ýurdumyzyň ykdysadyýetini barha ösdürmegiň, gözel Diýarymyzy dünýäniň iň bagtyýar adamlarynyň ýaşaýan ýurduna öwürmek boýunça belent maksatlara gönükdirilendigini belledi. Biziň amala aşyrýan ähli işlerimiz şu maksatlara, ýagny eziz halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga, onuň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Biziň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli we tutumly işe türkmenistanlylaryň mynasyp goşant goşýandyklaryny belläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilen giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin köp işleriň öňde durýandygyny belledi. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti bu belent wezipeleriň ählisiniň mähriban halkymyzyň bilelikdäki tagallalary netijesinde üstünlikli çözüljekdigine ynam bildirdi.

Ýaşuşular maslahatyna gatnaşyjylara, ähli watandaşlarymyza özüniň işine berlen ýokary baha we belent sylag üçin minnetdarlyk bildirip, milletiň Lideri özi üçin iň uly we gymmatly sylagyň mähriban halkynyň bildiren uly ynamydygyny aýtdy. “Men bu belent ynamy ödemek üçin mundan beýläk-de janymy aýaman, yhlas bilen işlärin. Men biziň öňümizde durýan belent wezipeleri ýerine ýetirmekde hemişe öz eziz halkyma daýanaryn! Mähriban halkym bolsa meni goldar diýip umyt edýärin” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara mähirli gutlaglary we hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, olary berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady we maslahata gatnaşyjylara hem-de tutuş türkmen halkyna berk jan saglyk, abadançylyk, bagtyýarlyk we mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlygynyň hatyrasyna alyp barýan işlerinde uly üstünlikler hem-de täze döredijilik, gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Prezidiumdaky ýerine geçip, şu günki maslahatda döwlet durmuşynyň ilkinji nobatdaky möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň garamagyna Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň Kararynyň we Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylaryň türkmen halkyna Ýüzlenmesiniň taslamalarynyň hödürlenýändigini mälim etdi.

Bu resminamalar biragyzdan kabul edildi.

Ýaşulular maslahaty tamamlaýjy tapgyra gadam goýýar. Türkmenistanyň Prezidenti maslahatyň ýapylýandygyny yglan edýär. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň indiki ýyldaky maslahatynyň Balkan welaýatynda boljakdygyny aýdyp, şu günki maslahata işjeň gatnaşandyklary üçin bu ýere ýygnananlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk baýramçylygy bilen hem-de döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň berilmegi bilen gutladylar we hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurdylar.